Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

опубликованно 21.03.2018 // 1956 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli bahar baýramy — Nowruz baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminden gutlaglary kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri milli Liderimizi türkmen halky tarapyndan belent sarpa bilen bellenilýän, gadymyýetden durmuşyň dabaralanmagyny alamatlandyrýan bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işleriň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu gadymy hem-de biziň döwrümize çenli saklanyp galan ajaýyp baýramyň çuňňur many-mazmunyny belledi, bu baýram düýpli özgertmeler eýýamy bilen sazlaşýar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň özüniň gaýtalanmajak medeniýetini we baý taryhyny aýawly saklaýandygyny nygtady, muňa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda ýurdumyzda geçirilýän köp sanly çäreler hem şaýatlyk edýär. Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bellenilip gelinýän milli şanly seneleriň hem-de däp-dessurlaryň hatarynda Nowruz baýramy aýratyn orny eýeleýär.

Bu baýramçylyga halkara derejesiniň berilmegi Gündogar halklarynyň özboluşly mirasyny şöhratlandyrýan Nowruzyň ägirt uly ähmiýetiniň nobatdaky subutnamasydyr.

Örän gadymy we hemmeleriň söýýän Nowruz baýramy “täze gün” diýmegi aňladýar we gadymy döwürlerden bäri ynsan kalbynda iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolmagyna umyt döredýär, bagtyýarlygy we abadançylygy alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Nowruz baýramy häzirki döwürde hem milletleriň jebisleşmegine, olaryň ruhy taýdan kämilleşmegine hem-de umumy taryhy-medeni ýörelgeleri wagyz etmäge, olaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Ýazky gije-gündiziň deňleşýän gününde adamlar biri-biriniň öýüne myhmançylyga barýarlar, sowgat berýärler, birek-birege bagt, parahatçylyk we saglyk arzuw edýärler. Şol sebäpli hem bu gadymy hem-de baky juwan baýram adamlary ýakynlaşdyrýar, olary açyk göwünli, hoşgylaw we paýhasly edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hut şu günler merdana ekerançylarymyz geljekki bol hasylyň düýbüni tutýarlar. Öz zähmeti bilen türkmen topragynyň rysgal-berekedini artdyrýarlar. Munuň netijesinde biziň bereketli saçaklarymyz naz-nygmatlardan dolýar. Şonuň bilen birlikde, Nowruz baýramy diňe bir zähmetsöýer ekerançylary ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrman, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ähli ildeşlerimize Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine has-da belent sepgitlere ýetmäge täze ylham berýär. Türkmen halky parasatly ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini dowam etmek bilen, ýaş nesli watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam berýän şeýle baýramçylyklara belent sarpa goýýarlar, şanly seneler şöhratly geçmişimize we ajaýyp şu günümize buýsanjy belende götermäge, röwşen geljege ynamy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özboluşly bahar senasyna öwrülen Nowruz baýramy bilen ýygnananlary ýene bir gezek gutlap, türkmen halkyna täze durmuşyň başlangyjyny alamatlandyrýan gadymy baýramyň her bir maşgala, Garaşsyz Watanymyzyň her bir raýatyna bagtyýarlyk, abadançylyk we bolçulyk eçilmegini arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter