Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

опубликованно 20.03.2018 // 1260 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň doganlyk halkyna ýetip gelýän bahar we täzeleniş baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Ajaýyp Nowruz müňýyllyklaryň dowamynda biziň halklarymyzyň gadymy däp-dessurlaryny, baý medeni mirasyny we urp-adatlaryny saklap gelýär. Bu baýramçylyk bizi tebigat bilen sazlaşykda ýaşamaga çagyrýar, Watana mähirlilik hem-de çuňňur minnetdarlyk duýgusy bilen garamagy ündeýär.

Beýleki baýramlardan çuňňur filosofiýasy we ruhy, gaýtalanmajak gözelligi hem-de many-mazmuny bilen tapawutlanýan Nowruz Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklary üçin arzyly dabara hasaplanylýar.

Gündogar senenamasy boýunça täze ýylyň gelmeginiň öňüsyrasynda Siziň bilen bilelikde özara ynanyşmak, goldaw bermek hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak üçin tagallalarymyzy we mümkinçiliklerimizi gönükdirjekdigimize ynanýaryn.

Geçen ýyl umumy tagallalarymyzyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça gazanylan ylalaşyklar, gürrüňsiz, biziň hyzmatdaşlygymyzy hil taýdan has ýokary derejä çykarmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder.

Emele gelen ysnyşykly strategik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitimizde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam etjekdigine, şeýle hem Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn.

Siziň 2018-nji ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyňyz, gürrüňsiz, baky dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygymyzyň düýbünden täze häsiýete eýe bolmagyna ýardam eder.

Şu ajaýyp nurly bahar günlerinde Size, gadyrly we çuňňur hormatlanylýan doganym Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Siziň jogapkärli işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi we Siziň üstüňiz bilen ähli türkmen halkyny bahar baýramy — Nowruz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bu baýramçylyk hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak däplerini pugtalandyrmaga ýardam edip, halklarymyzyň gözbaşlarynyň we mizemez gymmatlyklarynyň umumylygyny alamatlandyrýar.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň ösüşiniň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli gatnaşyklar babatda yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt we döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sooronbaý ŽEENBEKOW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny gündogar senenamasy boýunça ýetip gelýän täze ýyl hem-de Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Nowruz baýramy biziň halklarymyzyň gadymdan gelýän baýramy bolup durýar. Bu baýramçylyk halklarymyz tarapyndan tebigatyň täzelenmeginiň dabaralanmagy hökmünde bellenilýär. Nowruz baýramy ýurtlarymyzyň dostluk gatnaşyklaryny hem-de parahatçylykly durmuşyny berkidýär.

Siziň Alyhezretiňizi ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn hem-de ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Mohammad Aşraf GANI,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny gündogar senenamasy boýunça täze ýylyň gelmegi hem-de şatlykly we gadymy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Nowruz — bu gadymdan gelýän we täsin ruhubelentlik baýramydyr, bu parasatly ata-babalarymyzyň medeniýetinden, asylly ýörelgelerinden dörän bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr. Bahar pasly hem-de däp bolan Nowruz baýramy özüniň köpöwüşginliligi we hoşboýlygy bilen gözelligiň, täzelenişiň, tebigatyň oýanmagynyň buşlukçysy hökmünde bize gelip, parahatçylygy hem-de dostlugy wasp edýär.

Baharyň gelmegi bilen dünýäniň ähli adamlarynyň, aýratyn hem biziň sebitimiziň ýaşaýjylarynyň kalbynyň ýakynlyk we bitewülik duýgusyndan dolmagyna, milli we dini gapma-garşylyklaryň aradan aýrylmagyna, bizi ekstremizmiň we uruşlaryň ýüze çykmagyndan daşlaşdyrjak abadançylygyň dabaralanmagyna umyt edýärin. Biz, hökümetler we syýasatçylar bu deňsiz-taýsyz ajaýyp baýramçylykdan ruhlanyp, zerur bolan tagallalary etmek bilen, halklarymyza bitewülik we adalatlylyk peşgeş berip bileris.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk we üstünlikler arzuw edýärin.

Hasan RUHANI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, doganlyk we dostlukly türkmen halkyna gündogar senenamasy boýunça ýetip gelýän täze ýyl hem-de bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.

Sebitiň ýurtlary tarapyndan Nowruz baýramyny bellemegiň däpleriniň umumylygy gadymy däp-dessurlaryň dikeldilmegini höweslendirýär, ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýär.

Şu baýramçylyk günlerinde Gudraty Güýçli Allatagaladan Nowruz baýramyny belleýän ýurtlaryň ähli halklaryna, aýratyn hem Türkmenistanyň doganlyk we dostlukly halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk dileg edýärin.

Owganystan Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňizi ýene-de bir gezek Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn, Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk we dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Doktor Abdulla ABDULLA,
Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter