Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 19.03.2018 // 1383 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy hem-de şanly seneleri we ählihalk ýowaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler girizildi.

Ilki bilen, hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda häzirki alnyp barylýan işleriň barşy hem-de ýurdumyzyň baş şäherini döwrüň talaplaryna laýyk derejede has-da abadanlaşdyrmak we onuň arassaçylygyny üpjün etmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bulardan başga-da, Aşgabatda Halkara Nowruz gününi, bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Aşgabat şäheriniň häkimi dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň döwrebap binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň paýtagtymyzyň derejesine doly kybap gelmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gurulýan desgalaryň bezegi milli binagärlik däplerini hem-de iň oňat dünýä tejribesini özünde jemlemelidir, hil häsiýetleri boýunça bolsa halkara ölçeglere kybap gelmelidir.

Milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, hususan-da, onuň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, degişli gulluklaryň, şol sanda jemagat gullugynyň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ählihalk ýowarynyň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, köpçülikleýin bagy-bossanlyga büremek işlerine ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere üns bermegi, şeýle hem Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň degişli derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň ähli edaralarynda we kärhanalarynda nobatçylyklary guramak boýunça anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi barada aýdyp, şäherde sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň abatlanylyşyny ýokary derejede geçirmegi hem-de bina edilýän desgalary ulanmaga tabşyrmagyň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagty ösdürmek işinde öňdebaryjy tejribeleri hem-de täze tehnologiýalary netijeli ulanmak bilen bir hatarda, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleri üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň öňde boljak saýlawlary baradaky meselä degip geçmek bilen, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli tagallalaryň edilmegini häkimden talap etdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, oba hojalyk tehnikalary we ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ekerançylyk meýdanlarynda amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Nowruz baýramyna hem-de ählihalk ýowaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Welaýatyň häkimi gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine başlamak boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän desgalarda işleriň depgininiň ýokarlandyrylyşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, gowaça ekişini we köpçülikleýin bagy-bossanlyga büremek çärelerini öz wagtynda geçirmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ähli işleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegini talap etdi.

Bugdaýa ideg edilişine hem-de ýakyn wagtda geçiriljek ýazky meýdan işlerine taýýarlyk görlüşine degişli anyk görkezmeler berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmagyň, topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň, haşal otlaryň garşysyna göreşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramynyň we köpçülikleýin bagy-bossanlyga büremek möwsüminiň ýokary derejede guralmagyna jogapkärli çemeleşmegiň, şeýle hem ozalky ekilen baglara degişli idegleri üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz ýerlerde saýlaw toparlarynyň işlemegi üçin zerur şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna bir wagtda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow çagyryldy.

Ý.Berdiýew harby düzümlerde işleriň ýagdaýy hem-de Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili hökmünde döwletimiziň milli goşunyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga mundan beýläk-de uly üns berjekdigini belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permana hem-de degişli Buýruga gol çekip, bu resminamalary ýerine ýetirmek barada anyk tabşyryklary berdi hem-de harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak mynasybetli çäreleriň dabaraly ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

N.Amannepesow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda şypahanany hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sagaldyş merkezini gurmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, saglyk ulgamyna degişli binalaryň gurluşygyny hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz lukmançylyk şäherjiginiň çäklerinde dürli kosmetiki hyzmatlary hödürlemäge ýöriteleşen döwrebap bejeriş-kosmetiki merkezi gurmak barada aýdyp, N.Amannepesowa halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz adam hakynda aladanyň döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridigini belläp, düýe süýdüniň tebigy ýagdaýda turşamagynyň netijesinde alynýan süýt turşy önümi bolan düýe çalynyň häsiýetlerine ünsi çekdi. Çalda mikroelementler hem-de ýokumly maddalar köpdür. Mysal üçin, onda C we D ýokumly maddalar sygyr süýdündäkiden üç esse köpdür, şoňa görä-de, çal köp keselleriň öňüni almakda peýdalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, keselleriň öňüni almagyň dürli usullary bilen bir hatarda, bejergi alýanlaryň iýmitiniň sanawyna bejeriş häsiýetli bu içginiň goşulmagynyň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Onuň yzygiderli ulanylmagy zäherleýji maddalaryň hereketini peseldýär, bedeniň garşylygyny ýokarlandyrýar we şuňa meňzeş peýdaly täsirlere eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz düýe çalynyň halk lukmançylygynda giňden ulanylandygyny aýdyp, dürli sökelliklere em bolýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine, şeýle hem welaýatyň häkimine we goranmak ministrine bu babatda, şol sanda düýedarçylyk fermalaryny hem-de çalyň önümçiligi boýunça kärhanalary gurmak babatda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşykda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çykyş edip, sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi hem-de milli Liderimiziň Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde desgalary gurmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatyň häkimi bag ekmek boýunça geçiriljek ýowara hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk senelerine taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleriň depginli öňe ilerledilmegini talap etdi hem-de häkime topragyň hasyllylygyny artdyrmak, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýazky meýdan işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmäge jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işine, ekerançylyk meýdanlary suwarylanda suwy netijeli peýdalanmaga häkimiň ünsüni çekip, meýilleşdirilen ähli çäreleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny, köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz öňde boljak saýlawlaryň ýurdumyzyň demokratiýa özgertmeleriň hem-de halk häkimiýetliliginiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny nygtap, saýlawlaryň aýanlygynyň olara halkyň ynanan wekiliniň bir ornuna birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagyny kepillendirýändigini belläp, welaýatyň saýlaw geçirilýän nokatlarynda ses bermek üçin ähli degişli şertleriň üpjün edilmegine ünsi çekdi.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, ekin meýdanlarynyň we oba hojalyk tehnikasynyň ýaz ekişine taýýarlanylyşy, şeýle hem sebitiň çäklerinde bina edilýän desgalarda işleriň barşyna gözegçiligi ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň etraplarynda we şäherlerinde köpçülikleýin bag ekmek çäresine görülýän taýýarlyk işleri, Halkara Nowruz baýramy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çäreleriň täsirli häsiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, degişli düzümleriň utgaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Howa şertlerinden ugur alnyp, göwnejaý derejede ekin meýdanlaryny mineral dökünleri bilen gurplandyrmak, suwaryş işlerini geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz 28-nji martda Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişilýändigini belläp, pagtaçylar üçin jogapkärli döwrüň ýetip gelýändigini hem-de geljekki hasylyň köp babatda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine hem-de oba hojalyk tehnikasynyň ýagdaýyna baglydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz geçiriljek ekologiýa çäresiniň — bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ähmiýetine häkimiň ünsüni çekip, agaçlara ideg etmek boýunça işlere çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy, şeýle hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz saýlawlar barada aýtmak bilen, bu möwsümi geçirmegiň ähli ugurlaryny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatdaky işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda ýaz-meýdan işlerini geçirmäge girişmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň senagat düzümini ösdürmek hem-de bina edilýän desgalarda işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada habar aýdyldy.

Welaýatyň häkimi gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gowaça ekişine girişmäge, köpçülikleýin bag ekişini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmek boýunça işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bir hatarda, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygyny, hususan-da, möhüm medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häkime gowaça hem-de beýleki ekinleriň ekişiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, bu möwsümi ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin agrotehniki kadalary berjaý etmek babatynda birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekişine çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekip, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine degişli birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de bellenilen çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde işleriň ýagdaýy, ýerleri we tehnikalary ýaz ekişine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, gurulýan desgalarda işleriň barşy, Nowruz baýramyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryny guramak bilen bagly taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň çäklerinde geçirilýän işleriň, şol sanda ýerleri ýazky ekişe taýýarlamak bilen bagly işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu oba hojalyk möwsümini gysga möhletlerde geçirmek üçin çäreleriň görülmegini tabşyrdy. Şunda döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen ýerlerde haşal otlara garşy göreşmek we öz wagtynda suw tutmak işleriniň möhümdigini belledi. Oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesine aýratyn üns bermek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruzyň çuňňur manysynyň bardygyny aýtdy. Medeni we ekologiýa işleri özünde jemleýän şeýle çäreler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga ýardam edip, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän ýylda milli däplerimize bolan gyzyklanmany artdyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin nahal ekmek işini ýokary guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, şäherlerimizi we obalarymyzy has-da abadanlaşdyrmaga ýardam etjek ählihalk ýowarynyň ýurdumyzy gülläp ösýän baglyga öwürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm çäredigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saýlawlaryň ähmiýetini belläp, olaryň ýerlerde açyklyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň durmuş ugurly syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam edýän kanun taslamalaryny taýýarlamagyň barşy, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny we toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmagyň, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy guraly bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, 25-nji martda Türkmenistanda ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz, ozal bolşy ýaly, bu saýlawlaryň hem giň bäsdeşlik esasynda, demokratik, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgelerinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak maksady bilen, Mejlisiň Merkezi saýlaw topary bilen ysnyşykly işlemegi babatda maslahatlary berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz saýlawlar geçirilende öňdebaryjy tehnologiýalary, hususan-da, saýlawlar güni saýlaw uçastoklaryndan on-line düzgüninde ýaýlyma bermek mümkinçiligini, sesleri sanamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Olar saýlawlaryň netijelerini jemlemek işini çaltlandyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşmegi, saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Milli synçylar bilen bir hatarda, saýlawlara halkara synçylar — GDA-nyň synçylar topary hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň wekilleri çagyryldy. Olara işlemek hem-de saýlawlara garaşsyz baha bermek üçin ähli şertleri üpjün etmek zerurdyr, munuň özi çäräniň geçirilişine baha bermäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi. Şol wezipeler “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzy has-da ösdürmäge gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter