«Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

«Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

опубликованно 20.03.2018 // 1331 - просмотров
 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy we bu şanly sene mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we abraýly ornuny eýeleýär. Hemişelik Bitarap döwletimiz giň hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Aýdyň maksatlara we anyk ýörelgelere esaslanan daşary syýasaty alyp barmak bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ileri tutýan maksatlaryna, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Türkmenistan özüniň ählumumy ykrar edilen hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda döwlet aragatnaşyklaryny netijeli alyp barmagyň syýasy-diplomatik ýollaryna we çözgütlerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletimiz jogapkärli, ygtybarly we açyklyga eýerýän hyzmatdaş hökmündäki abraýly derejesini iş ýüzündäki netijeli daşary-syýasy çäreler arkaly berkidýär. Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýalaryň uly toplumy hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Bu Rezolýusiýalar, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek ýaly tutuş adamzat üçin örän möhüm ugurlary öz içine alýar.

Durnukly Ösüş Maksatlarynda hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şoňa görä-de, biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasyna, bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna we Çagalar Gaznasyna esasy hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýarys.

Biziň döwletimiz özüniň giň mümkinçiliklerini we ägirt uly tebigy baýlyklaryny milli, sebit we ählumumy bähbitleriň hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirmäge uly ähmiýet berýär, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Türkmenistan dünýäde gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag geçelgelerini döretmek, medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça ähli gyzyklanýan taraplar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn aragatnaşyklary barha pugtalandyrýar we geljekde hem berkider.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki zaman şertlerinde halkara gatnaşyklary netijeli ösdürmek wezipesi hem diplomatik gullugyň işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny, çuňňur bilimi we başarnygy, hemmetaraplaýyn taýýarlygy talap edýär. Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň berk binýada esaslanmagy we mundan beýläk-de kämilleşmegi, bildirilýän ýokary talaplara laýyk bolmagy hem-de netijeli işlemegi biziň mydama üns merkezimizde durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli diplomatiýamyzyň ýokary mekdebiniň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin döwlet derejesinde ähli zerur şertler döredilýär.

Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymlary bolan ýokary bilimli hünärmenler ýurdumyzyň döwlet edaralarynda, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda zähmet çekýärler. Olar Watana hyzmat etmegiň, onuň bähbitlerini goramagyň oňat nusgasyny görkezýärler.

Daşary syýasatyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça institutda ýola goýlan ylmy-barlag işleri gowy netije berýär. Ýokary okuw mekdebinde bu ugurdan okuw kitaplarynyň we monografiýalaryň uly toplumy neşir edildi. Häzirki döwürde bu iş üstünlikli dowam edýär. Institutyň professor-mugallymlarynyň geçen döwürde toplanan baý tejribäni ýerlikli ulanmak bilen, şeýle hem «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde mundan beýläk-de öňde duran wezipeleri talabalaýyk berjaý etjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy we bu şanly sene mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk we işde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter