Türkmenistanyň Prezidenti HHR-yň Başlygy Si Szinpine gutlag iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-yň Başlygy Si Szinpine gutlag iberdi

опубликованно 19.03.2018 // 1190 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Si Szinpini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hytaýyň uly üstünlikler gazanjakdygyna, döwletara gatnaşyklarymyzyň bolsa hil taýdan täze derejä çykjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belledi.

Döwlet Baştutanymyz Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, zähmetsöýer hytaý halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter