Hormatly Prezidentimizden ýurdumyzyň zenanlaryna aýdym-saz sowgady | TDH
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimizden ýurdumyzyň zenanlaryna aýdym-saz sowgady

опубликованно 17.03.2018 // 915 - просмотров
 

Şu gün türkmen telewideniýesi boýunça Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen dabaralaryň barşynda 8-nji martda ýazga geçirilen widerolik görkezildi, şol dabaralara ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zähmetde, çagalary terbiýelemekde, jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikler gazanan aýl-gyzlar çagyryldy.

Şol şanly günde ajaýyp gelin-gyzlarymyzyň hormatyna belli opera we estrada aýdymçylary öz zehinlerini görkezdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlaryndan düzülen widerolik dabara gatnaşyjy zenanlar üçin örän ýakymly sowgat boldy.

Olar eziz Watanymyz, söýgi we wepalylyk, Garagumuň gaýtalanmajak gözelligini hem-de bahary wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary aýratyn tolgunmak we buýsanç bilen diňlediler.

Wideoýazgyny “Wideo” bölüminde görüp bilersiňiz.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter