Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynda eksport geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 27,5 million dollaryndan gowrak boldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynda eksport geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 27,5 million dollaryndan gowrak boldy

опубликованно 10.03.2018 // 899 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we nebit bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna, portlantsement, nah ýüplük we gyzyl noýba ýerlenildi.Satyn alan ýurtlar: Pakistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 500 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Pakistandan we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 655 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter