Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

опубликованно 11.06.2015 // 1234 - просмотров
 

Mähriban ýaşlar!

Sizi döwlet derejesinde giňden bellenýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan, kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary joş urýan bagtyýar ýaşlarymyzyň täze ylmy işläp taýýarlamalarynyň, ylmy gazananlarynyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn!

Ylym adamzadyň dünýägaraýşyna hem-de durmuşyna özgerdiji täsirini ýetirýän gymmatly baýlykdyr. Häzirki döwürde her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny has-da kämilleşdirmegiň ýolunda toplumlaýyn ylmy-tehniki özgertmeleri öz içine alýan maksatnamalar kabul edildi. Ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli amala aşyryldy.

Ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologiki ylmy barlaglary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym-hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döredijilik hyjuwly, giň dünýägaraýyşly, gujur-gaýratly ýaşlary kemala getirmek, ýaş alymlara maddy taýdan goldaw bermek, olaryň amala aşyrýan ylmy-barlag işlerini we taslamalaryny maliýeleşdirmek ylym ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Zehin başarnyklaryny, ylmy we inženerçilik pikirlerini berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýän ýaşlarymyzyň sanynyň barha artmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň biri hökmünde ykrar edýän guwandyryjy ýagdaýdyr.

Eziz ýaşlar!

Häzirki döwür ylym ulgamyny has-da kämilleşdirmegi, gün, ýel, suw, ýylylyk, biogaz energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen täze, ekologiýa taýdan arassa ýokary tehnologiýalary işläp taýýarlamagy, ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini, kremnini almagyň tehnologiýalaryny döretmegi, Aral ýakasyny ekologiýa taýdan dikeltmek we deňzi halas etmek, Hazar deňziniň biologiki köpdürlüligini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak ýaly, häzirki zaman dünýäsiniň umumy ösüşine düýpli täsir edýän örän möhüm ugurlar boýunça netijeli ylmy barlaglary talap edýär.

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda Türkmenistan aragatnaşyk emeli hemraly döwletleriň hataryna goşuldy. Biz parahatçylygyň, birek-birege düşünişmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna dünýä bileleşigi bilen älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek boýunça dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys. Türkmen halky öz uzak asyrlyk taryhynda astronomiýa ylmyny ösdürmäge uly goşant goşan dünýä belli alymlary terbiýeläpdir. Şemseddin Merwezi, Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Omar Haýýam we beýleki alymlar ykballaryny asman jisimlerini öwrenmäge bagyşlapdyrlar. Bagtyýar ýaşlarymyz halkymyzyň agzybirliginiň hem-de pähim-paýhaslylygynyň binýady bolan milli däplerimizi mynasyp dowam etmelidirler.

Watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen ähli ukyp-başarnyklaryny, zehin-yhlaslaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir. Bu wezipe ýaş alymlarymyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr. Bäsleşige ukyply ylmy işläp taýýarlamalary alyp barmak, berkarar döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da berkitmek, ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmek uly bagtdyr. Mähriban ýaşlarymyzyň özleşdiren çuňňur ylymlary we bilimleri, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan beýik söýgüsi we buýsanjy berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir!

Hormatly ýaş alymlar!
Mähriban ýaşlar!

Sizi ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ylym dünýäsindäki gadamlaryňyzyň mundan beýläk-de batly bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter