“Awazada” “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady | TDH
Jemgyýet

“Awazada” “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady

опубликованно 05.03.2018 // 845 - просмотров
 

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bilermenler-HUI-niň deňiz ykdysadyýeti, syýasaty, dolandyryş, ekologiýasy, deňiz hukugy we beýleki ugurlardan ylmy maslahatçylary gatnaşýarlar.

Goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda Hazarýaka döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine uly üns berilýär.

Işleri deňiz bilen – nebitgaz ulgamy, gidrometerologiýa, balyk hojalygy, syýahatçylyk, tebigaty goramak, deňiz ulaglary, daşary syýasat edarasy we beýleki ugurlar bilen bagly bolan hünärmenleri taýýarlamak, okatmak, hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak Hazaryň geljegi üçin tagallalaryň birleşdirilmegine hem-de umumy jogapkärçilige esaslanan strategiki hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy bilen Halkara umman institutynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama laýyklykda, eýýäm altynjy gezek “Awazada” geçirilýän “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatyň baş maksady hem şunda jemlenýär.

45 ýyldan gowrak mundan öň esaslandyrylan Halkara umman instituty Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite geňeşçi edarasy derejesine eýe bolan hökümete dahylsyz guramadyr. HUI-niň wezipesi, hususan-da, BMG-niň Deňiz hukugy boýunça Konwensiýasynda berkidilen adamzadyň umumy mirasynyň konsepsiýasyny ilerletmekde, milli, sebit we dünýä derejelerinde deňizleri, ummanlary hem-de kenarýaka çäkleri netijeli dolandyrmak hakynda bilimleri ýaýratmakda, geljekki nesiller üçin olaryň serişdelerini rejeli peýdalanmakda we aýawly saklamakda jemlenýär.

Institut BMG-niň maksatnamalary hem-de ýöriteleşdirilen edaralary—BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP), Bütindünýä meteorologiýa guramasy (WMO), Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), ÝUNESKO-nyň Hökümetara umman grafiki komissiýasy (IOC-UNESCO), Halkara deňiz guramasy (IMO), BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) hem-de beýlekiler bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýar.

Häzirki wagtda HUI-niň tutuş dünýä boýunça dessin we utgaşdyryjy merkezleriň üsti bilen amala aşyrýan işi dürli sebitleriň — Ortaýer deňziniň, Gara, Baltika we Hazar deňizleriniň, Ýuwaş ummanyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan okuw maksatnamalaryny hem-de okuwlaryny gurmaga gönükdirilendir.

10 günlük okuwyň maksatnamasy Hazarýaka döwletleriniň ösüsiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary bilen gös-göni bagly bolan meseleleriň giň toparyny öz içine alýar. Okuw dört modula – “Ummany dolandyrmagyň düzümi”, “Suw serişdelerini durnukly dolandyrmagyň maliýe gurallary”, “Umman bilen gatnaşyklary dolandyrmagyň gurallary” we “Hazar deňzini dolandyrmak” diýen ugurlara bölünýär.

Okuwyň birinji güni maslahata gatnaşyjylar “Adamzadyň umumy mirasynyň konsepsiýasy” bilen tanyşdyryldy, oňa laýyklykda, adamzat siwilizasiýasynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde esasy orun Dünýä ummanyna – Ýerdäki durmuşyň sallançagyna degişlidir. Ummanlar we deňizler Ýer ýüzüniň dörtden üç bölegini eýeläp, gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň, biologik serişdeleriň ägirt uly gorlarynyň çeşmesi, yklymara gatnaşyklary üçin serişde bolup hyzmat edýärler, howany emele getirýärler we kadalaşdyrýarlar.

Bellenilişi ýaly, bu konsepsiýa, bir tarapdan, deňiz-köl, beýleki tarapdan bolsa suw kanallary arkaly Dünýä ummany bilen bagly bolan Hazar deňzine hem doly derejede ýaýraýar.

Hazar sebitiniň ösüş depginleri bu ýerde täsin tebigy toplumy dolandyrmagyň sazlaşykly ulgamyny döretmegiň, uglewodorod, balyk we beýleki tebigy serişdelerini peýdalanmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň syýasatyny utgaşdyrmagyň, olaryň deňziň ekologiýa abadançylygyny saklamaga gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini şertlendirýär.

Şeýle hem diňleýjiler BMG-niň Deňiz hukugy boýunça konwensiýasynyň esasy düzgünleri bilen tanyşdyryldy, oňa 160-a golaý döwlet hem-de Ýewropa Bileleşigi gol çekdiler we tassykladylar.

BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna aýratyn üns berildi, onuň jemleýji maglumatlary üçünji müňýyllygyň Ösüş maksatlaryny kesgitlemek üçin esasy boldy. Deňizleriň hem-de ummanlaryň serişdelerini aýawly saklamak, rejeli peýdalanmak meselesi ählumumy ykdysady, ekologiýa we durmuş netijelerine eýe bolup, “Ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibine” girizildi. Ol 2015-nji ýylda geçirilen BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitinde kabul edildi.

Türkmenistanda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli durmuş-ykdysady maksatnamalaryna ornaşdyrmagyň üstünde işlenýändigini bellemek gerek. Biziň ýurdumyz kem-kemden “ýaşyl” ykdysadyýete geçýär, ol önümçiligiň innowasion, serişde tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryna esaslanyp, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrýar hem-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri peseldýär. Hazar sebitini ösdürmegiň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşilýär. Senagat we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda bolşy ýaly, deňiz ýakasynyň dynç alyş-syýahatçylyk mümkinçiliklerini özleşdirmek babatda hem ugurdaş amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary munuň subutnamasydyr.

Dünýä giňişliginde Türkmenistanyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika, durnukly ulag ulgamyny döretmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda möhüm wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem bar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklarynda we beýleki iri forumlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren halkara başlangyçlary şoňa gönükdirilendir. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem özboluşly toplumy tutuş adamzadyň baýlygy bolup durýan Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek hakynda teklipler bar.

Şeýle hem okuw maslahatynyň çäklerinde “Ummanlaryň baýlygy”, “Howanyň üýtgemeginiň deňiz gurşawyna täsiri”, “Deňiz köpdürlüligi”, “Daşky gurşawa täsire baha bermek”, “Kenarýaka zolaklaryny toplumlaýyn dolandyrmak”, “Deňiz giňişligini meýilleşdirme”, “Hazar deňziniň nebit, gaz we beýleki serişdelerini gözlemekde hem-de ulanmakda halkara hukugyny peýdalanmak”, “Hazar deňzinde gämi gatnawyny kadalaşdyrmagyň halkara kadalaryny peýdalanmak”, “Türkmenistanda ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamalary”, “Hazar deňzi sebiti: durmuş-ykdysady we syýasy ugurlar”, “Hazar ekologiýa maksatnamasy” ýaly mowzuklara garalar. Okuw leksiýalary, tejribe sapaklaryny, interaktiw çekişmeleri, tegelek stollary, tanyşdyrmalary, Hazar döwlet goraghanasyna tanyşlyk gezelenjini öz içine alýar.

Okuw maslahaty 16-njy martda tamamlanar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter