GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler | TDH
Syýasat habarlary

GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler

опубликованно 05.03.2018 // 1138 - просмотров
 

Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de onuň edarasy saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen bolan duşuşygyň barşynda öňde boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmana netijeli hem-de milli kanunçylyga laýyklykda geçýän saýlaw möwsüminiň barşy barada giňişleýin habar berildi, şeýle hem saýlawlara gözegçilik etmek üçin zerur şertler dörediler.

Öz nobatynda W.Guminskiý GDA-nyň synçylar toparynyň iş ýörelgeleri hem-de işiniň guralyşy barada habar berdi. Toparyň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraljakdygy hem-de saýlawlary guramak we geçirmek ulgamynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna esaslanjakdygy nygtaldy. Şunda topar saýlawlaryň döwletiň içerki işidiginden ugur alýar, toparyň wezipesi bolsa saýlaw möwsüminiň milli kanunçylyga laýyk gelşine baha bermekden hem-de erkin we demokratik saýlawlaryň geçrilmegine ýardam etmekden ybaratdyr.

Toparyň düzümine 80 töweregi synçylaryň girmegi meýilleşdirýär, şol sanda olaryň 10-sy uzakmöhletli esasda işlär. Bu barada toparyň edarasy tarapyndan ýaýradylan habarda bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter