Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi | TDH
Jemgyýet

Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

опубликованно 03.03.2018 // 950 - просмотров
 

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri üçin sylaglara we hormatly atlara mynasyp bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini sylaglamak we täze kitabyň tanyşdyryş dabarasy goşa baýrama öwrüldi.

Bu waka mynasybetli Serkerdeler öýüniň eýwanynda kitap sergisi guralyp, onda milli Liderimiziň köp sanly işleri hormatly orunlaryny eýeledi. Şeýle hem sergide türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän žiwopis eserleri we fotosuratlar goýlupdyr.

Dabara harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, harby ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem medeniýet işgärleri, tanymal şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, general-polkownik Ýa. Berdiýew harby gullukçylara Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, goranyş ukyplylygyny berkitmäge, howpsuzlygyň, kanunçylygyň we düzgün-tertibiň üpjün edilmegine goşan uly şahsy goşantlary üçin döwlet sylaglaryny gowşurýar.

Serkerdeler, esgerler, harby talyplar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýärler we halkymyza, Watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyga dabaraly kasam edýärler.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny wagyz etmek baradaky syýasata bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy sylaglary gowşurmak dabarasynyň simwoliki dowamyna öwrüldi.

Täze eserde sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyzçysy bolan döwlet baştutanymyzyň alyp barýan ummasyz işleri barada gürrüň berilýär. Aşgabatda ägirt uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary türkmen türgenleriniň mynasyp bolan ýeňişleri dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, işjeň ornuny bütin dünýä aýan etdi.

Dabaraly çäreler Serkerdeler öýüniň mejlisler zalynyň sahnasynda ýaýbaňlanan köpöwüşginli sport-teatr tomaşalaryna öz ornuny berdi, oňa belli medeniýet işgärleri, Hormat garawuly batalonynyň harby orkestri, sport ussatlary gatnaşdylar.

Edebi-sazly çykyşlaryň başynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň aýdym-saz toparynyň agzalary tansly-akrobatiki çykyşlary görkezdiler. Ýaş harby gullukçylar karate, şeýle hem milli göreş tilsimlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Sahnadan Watan barada goşgular ýaňlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkynyň taryhyna, baý ruhy-medeni mirasyna, onuň adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşan saldamly goşandyna, Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan kitaplary barada gürrüň edildi. Soňra türkmen halkynyň taryhy däpleriniň dowamatlylygyny nyşanlandyrýan sahnalaşdyrylan çykyşlar görkezildi.

Türkmenistanyň Gahrymany G. Şagulyýewa öz goşgylary bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen jemgyýetine sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, halkara gatnaşyklarynda sport diplomatiýasynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan iri möçberli özgertmelere baha bermek jähtinden täze kitabyň ähmiýeti barada “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K. Rejebow we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri A. Burunow dagy çykyş etdiler. Taryh ylymlarynyň kandidaty R. Kürenowyň çykyşy Türkmenistanyň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen döwletara özara hereketi, sebit goşulyşmasynda ýurdumyzyň eýeleýän orny temasyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň at gazanan sport ussady, polisiýanyň uly leýtenanty G. Babamuratowa harby gullukçy türgenleriň adyndan çykyş edip, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda amal eden ägirt uly işi, doly derejeli türgenleşiklere döredilen mümkinçilikler, ”Aşgabat 2017” Oýunlarynyň ajaýyp guralandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Tanymal türkmen türgeni täze neşiriň ruhy we beden taýdan kämillige yltylýan ýaş nesil üçin ýankitaba öwrüljekdigiene ynam bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter