Saýara Awezmetowa – jiu-jitsunyň ne-waza görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony | TDH
Sport

Saýara Awezmetowa – jiu-jitsunyň ne-waza görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony

опубликованно 03.03.2018 // 1317 - просмотров
 

Ýurdumyzyň türgenleri jiu-jitsunyň ne-waza görnüşi boýunça Abu-Dabide (BAE) geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medala eýe boldular.

21 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda 49 kilogram agram derejesinde iki medaly ýygyndy toparymyzyň ussatlary Saýara Awezmetowa we Gülbahar Madreýimowa gazandylar. Ýaryşyň deslapky tapgyrlaryndan soňra ýarym finalda olar özara duşuşdylar, şunda Saýara üstün çykdy. Ol finalda wýetnamly bäsdeşini ynamly ýeňip, öz agram derejesinde dünýäniň çempiony boldy. G.Madreýimowa bolsa Awstriýadan gelen türgenden üstün çykyp, bürünç medala eýe boldy.

Biziň ýetginjeklerimiz hem iki bürünç medaly gazandylar. Isa Kasymow 18 ýaşa çenli toparlaýyn tapgyrda 46 kilogram agram derejesinde ikinji orny eýeläp, ýarym finala çykmagy başardy. Çekeleşikli göreşde ol bäsdeşinden asgyn gelip, netijede üçünji orny eýeledi.

Şu ýaş toparynda ýetginjekleriň arasynda 55 kilogram agram derejesinde Maksat Rejepow hem bürünç medal gazandy. Medala barýan ýol onuň üçin çylşyrymly boldy. Çärýek finalda biziň türgenimiz dünýä çempionatynyň geljekki ýeňijisinden asgyn geldi, emma ol üçünji orun ugrunda çykyş etmäge hukuk gazandy we bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi.

Abu-Dabide ýaryşlar dowam edýär. Bu bäsleşiklere jiu-jitsu boýunça ýurdumyzyň ussat türgenleriniň dokuzysynyň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter