Döwlet Baştutanymyz guşçulyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminama gol çekdi | TDH
Ykdysadyýet

Döwlet Baştutanymyz guşçulyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminama gol çekdi

опубликованно 02.03.2018 // 700 - просмотров
 

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürijileri döwlet tarapyndan goldamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerine getirilende harytlaryň käbir görnüşleri gümrük paçlaryndan boşadyldy.

Resminama daşary ýurtlardan getirilýän önümlerden kem bolmadyk ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň önümçiligi boýunça bar bolan ähli mümkinçilikleriň netijeli herekete getirilmegine gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine hususy bölegiň wekilleri işjeň çekilýär, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde, onuň bazar gatnaşyklaryna geçirilmeginde telekeçilige uly orun degişlidir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter