Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy | TDH
Syýasat habarlary

Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy

опубликованно 03.03.2018 // 1080 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Resminamada ýakyn geljekde bu ulgamda hereket edýän kanunçylygy seljermek hem-de oňa zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek; ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek barada döwlet statistika hasabatlylygyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, olaryň netijeli we önjeýli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri hem-de has oňaýly şertleri döretmek, ýaşaýyş jaýyny gurmak ýa-da satyn almak üçin ýeňillikli karzlaşdyryş ulgamyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter