Türkmen-eýran işewürler maslahaty iki ýurduň ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma biledirýändigini tassyklady | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen-eýran işewürler maslahaty iki ýurduň ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma biledirýändigini tassyklady

опубликованно 02.03.2018 // 756 - просмотров
 

Düýn paý­tag­ty­myz­da açy­lan Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de şu gün iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li ugur­la­ry­na ba­gyş­la­nan türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ser­gi­de dost­luk­ly ýur­duň eks­port önüm­le­ri, öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di.

Eý­ra­nyň se­na­gat top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň her ýyl ge­çi­ril­ýän göz­den ge­çi­ri­li­şi­ne gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da uly işe­wür­ler to­pa­ry gel­di.

Däp bol­şy ýa­ly, Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän pu­dak­la­ýyn ser­gi hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak we onuň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça hök­mün­de bi­le­lik­dä­ki işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň düýn ge­çi­ri­len du­şu­şy­gy­nyň bar­şyn­da bel­le­nil­di. Iki goň­şy döw­le­tiň ne­ti­je­li işe­wür gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mä­ge, ma­ýa go­ýum işi­ni hö­wes­len­dir­mä­ge, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge me­ýil­li­di­gi nyg­tal­dy.

Şu ge­zek­ki yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş hem şol mak­sat­la­ra ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ser­gi Eý­ra­nyň se­na­gat to­par­la­ry­nyň ýur­du­myz bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Onuň meý­dan­ça­la­ryn­da dür­li ul­gam­la­ryň hü­när­men­le­ri­niň ge­ňeş­me­le­ri we iş gep­le­şik­le­ri iş­jeň ge­çi­ril­ýär, işe­wür gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň, hyz­mat­daş­la­ryň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.

Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ge­çi­ri­len işe­wür­ler mas­la­ha­ty ta­rap­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Eý­ra­nyň ösü­şi­niň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän mil­li hem-de se­bit möç­be­rin­dä­ki bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni gör­kez­di.

Du­şu­şy­ga Ho­ra­sa­nyň, Ma­zan­da­ra­nyň, Gü­lüs­ta­nyň, Bir­jan­da şä­he­ri­niň, şeý­le hem Sa­rah­syň ýö­ri­te­leş­di­ri­len yk­dy­sa­dy zo­la­gy­nyň se­na­gat mer­kez­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän eý­ran kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we kär­ha­na­la­ry­nyň 65-si­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Türk­men ta­ra­pyn­dan söw­da-yk­dy­sa­dy ul­ga­myň pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­le­ri­niň we eda­ra­la­ry­nyň hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Fo­ru­myň bar­şyn­da myh­man­la­ra hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly öz­gert­me­ler, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­rynyň we tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da gür­rüň ber­ýän wi­deo­şe­kil­ler gör­ke­zil­di. Şeý­le hem Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy gu­ral­dy.

Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Açyk ga­py­lar” we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, şu gün­ki du­şu­şy­gyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de, uzak ­möh­let­li gel­je­gi üçin işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny we gu­ral­la­ry­ny kes­git­le­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Ýurt­la­ryň iki­sin­de hem dö­re­dil­ýän amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy, içer­ki ba­zar­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hem-de tä­ze­lik­le­riň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy, ha­ryt­la­ryň eks­por­ty­nyň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy mu­ňa ýar­dam ed­ýär.

Ulag we ara­gat­na­şyk, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, gur­lu­şyk, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, oba ho­ja­ly­gy, azyk önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň tä­ze mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk top­lum­la­ry­ny, ýy­la­dyş­ha­na önüm­çi­lik­le­ri­ni gur­mak, öň­de­ba­ry­jy bio­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm ul­gam­la­ryn­da öza­ra gat­na­şyk­lar me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň işe­wür­le­ri­niň we kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan se­na­gat pu­dak­la­ryn­da­ky bi­le­lik­dä­ki işi uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni öz­leş­di­rip, önüm­le­riň köp gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­mek we ýer­le­mek, da­şar­ky ba­zar­lar­da hyz­mat et­mek ul­gam­la­ryn­da uly kuw­wa­ta eýe bol­du­lar. Mu­nuň özi eý­ran­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­lar­da uly ýar­dam bo­lar.

Işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de goň­şy ýurt­la­ryň dür­li eda­ra­la­ry­nyň we işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ola­ryň bar­şyn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da gür­rüň edil­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter