Paýtagtymyzyň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalar gurlar | TDH
Jemgyýet

Paýtagtymyzyň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalar gurlar

опубликованно 02.03.2018 // 1433 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem awtomobil ýollaryny gurmak we dörebaplaşldyrmak babatda ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminama laýyklykda gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter