Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürler maslahatyna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürler maslahatyna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi

опубликованно 01.03.2018 // 3231 - просмотров
 

Si­zi Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň we türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän bu çä­re­le­riň köp­ta­rap­ly türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­ny, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da gi­ňelt­mä­ge uly iter­gi ber­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn.

Öz göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan do­gan­lyk türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hy iki ýur­duň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy üçin yg­ty­bar­ly esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, kuw­wat­ly pu­dak­lar ke­ma­la gel­ýär we döw­re­bap kär­ha­na­lar gu­rul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan öz ha­ryt­la­ry­ny dün­ýä we se­bit ba­zar­la­ry­na iber­mek­de eý­ran­ly işe­wür­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.

Hor­mat­ly myh­man­lar!
Eziz wa­tan­daş­lar!

Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­na tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­da, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr.

Bu ba­bat­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-eý­ran to­pa­ry­nyň, türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­hat­la­ry­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak is­le­ýä­rin.

Bu çä­re­le­riň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da iki ýur­duň işe­wür­le­ri üçin iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek gep­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge we hä­zir­ki dö­wür­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň örän mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­rär. Bu bol­sa Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň bi­ziň ýur­du­myz bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň gör­ke­zer.

Uzak möh­let­li gel­je­ge gö­nük­di­ri­len Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gel­je­gi uly bo­lan mö­hüm ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar we iki döw­le­tiň mil­li bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Bu gat­na­şyk­lar pa­ra­hat­çy­ly­ga, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň we tu­tuş se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ne we aba­dan­çy­ly­gy­na hyz­mat ed­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän bu giň möç­ber­li çä­rä­niň do­wa­myn­da iki ýur­duň işe­wür­le­ri­niň ara­syn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly ser­gä gat­naş­ýan myh­man­lar!
Hor­mat­ly adam­lar!

Si­zi Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Si­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, türk­men we eý­ran halk­la­ry­nyň dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ber­ke­me­gi­ni, Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len asyl­ly iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter