Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Diplomatlaryň, jahankeşdeleriň we söwdagärleriň goşandy | TDH
Medeniýet

Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Diplomatlaryň, jahankeşdeleriň we söwdagärleriň goşandy

опубликованно 27.02.2018 // 1175 - просмотров
 

Taryhy bir ýarym müň ýyldan gowrak dowam eden Beýik Ýüpek ýolunyň kemala gelmeginiň ilkinji ýyllarynda diplomatlar, täjirler we jahankeşde—alymlar onuň ähmiýetiniň hem-de meşhurlygynyň artmagynda aýratyn orun eýelediler. Olar ençeme aýlaryň dowamynda kerwenli ýol ýöräp, çölleri we daglary kesip, deňizlerden hem-de derýalardan geçipdirler.

Gadymy Hytaý senenama ýazyjysy Syma Sýan mundan 1100 ýyl ozal diplomat we “Günbatara tarap ýoly ilkinji açan” meşhur Çžan Sýanyň Parfiýa çenli ýetip, Watanyna dolanyp gelenden soň, Udi diýen imperatora “günbatar ýurtlar” barada gürrüň beripdir. Şeýle hem ol özüni haýran eden, Parfiýada ösdürilip ýetişdirilýän “ganatly bedewler”—ahalteke bedewleri barada aýdypdyr. Tiz wagtdan ol ýere hytaý ilçileri ugradylypdyr. Olar sowgat hökmünde ýanlary bilen altyn we beýleki gymmat bahaly sowgatlar bilen birlikde, ýüpek matalary-da alypdyrlar.

Siwilizasiýalaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda Parfiýanyň ähmiýetine degip geçmek bilen, antiki eýýamda Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistany Hindistan bilen mäkäm baglanyşdyrandygyny bellemek gerek. Şol döwür beýik Parfiýa imperiýasynyň gülläp ösen döwri bolup, Günorta Türkmenistan onuň merkezine öwrülipdir. Rimiň, Hindistanyň we Hytaýyň arasynda aralyk ýagdaýy eýelemek bilen Parfiýa uzak wagtyň dowamynda halkara ýoluň merkezine eýelik edip, bu ýol bilen Hindistandan Alynky Aziýa we Ýewropa harytlar daşalypdyr. Biziň eýýamymyzyň IV asyrynda Hindistanyň çäginde eftalitleriň döwleti (türkmen-abdallar) döräpdir, munuň şeýledigine hindi ýazgyly şaýy pullary şaýatlyk edýär.

Jahankeşde alymlaryň esasy wezipesi näbelli ýerler barada mümkin boldygyça köp bilmekden, dünýäniň gurluşyna düşünmekden hem-de dogry geografiki kartany düzmekden ybarat bolupdyr.

Bu ugurda Gündogar ýurtlarynda bolşy ýaly, Günbatarda hem tagalla edilipdir. Gury ýerde transaziýa ýoly babatda belli Rim geografiýaçysy Klawdiý Ptolemeý şol döwür üçin möhüm habar aýdypdyr. 160-180-nji ýyllarda ol kitap ýazyp, şonda özünden öň şeýle işler bilen meşgullanan, eden işleri gynansak-da, biziň günlerimize çenli gelip ýetmedi. Hususan-da, Ptolemeý Tirskä salgylanyp, makedoniýaly we ata-babasyndan gelýän söwdagärlik işini alyp baran Maes Tisianyň adyny agzaýar. Ol öz adamlaryny “serler ýurduna” ugradypdyr. Gadymy Günbatar däplerinde Hytaýy şeýle atlandyrypdyrlar. Beýleki bir tarapdan biziň eramyzyň V asyrynyň “Han kiçi neberesiniň taryhy” diýen hytaý habarlaryndan biz baryp 98-nji ýylda, ýagny biziň eýýamymyzyň I asyrynyň ahyrynda Günbatar ülkede (häzirki Sinszýan) Hedi imperatorynyň hökümdarynyň Rim imperiýasyna öz ilçisini ugradandygyny bilýäris.

Gadymy transkontinental ugurlar bilen birlikde, şol ýüzýyllyklarda sebitleýin ýollaryň orny artypdyr, harytlar hökmünde bolsa, agalyk ediji synpa degişli adamlaryň baý durmuşynda ulanýan serişdelerinden ötri, köpçülikleýin hünärmentçilik önümleri çykyş edipdir.

Olar kerwenli söwdanyň gerimine goşulan ýurtlaryň bazarlaryny doldurypdyr, şoňa görä-de, häzirki döwürde arheologlar gadymy türkmen şäherlerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde XII-XIV asyrlara degişli ajaýyp hytaý farforyny tapýarlar, Günbatar Ýewropanyň Galkynyş eýýamynyň suratkeşleriniň eserlerinde bolsa türkmen halylaryny görmek bolýar. Ýeri gelende aýtsak, hut Italiýadan we Fransiýadan Gündogara diplomatiki we söwda maksatly saparlar bilen adamlar has köp ugradylypdyr. Şu ýerde Plano Karpini, Gilom de Rubruk, Marko Polo, şeýle hem onuň kakasy Nikkola we daýysy Maffeo ýaly jahankeşdeleriň-ýoly ilkinji geçen ajaýyp adamlaryň atlaryny neneň ýatlamajak. Olar XIII asyrda gadymy türkmen şäherleriniň, Aziýanyň üsti bilen Hytaýa çenli ýetip, şol döwrüň ýagdaýlaryna görä, akyla sygmajak saparlary amala aşyrypdyrlar.

Geografiki bilimleriň ösmeginde arap alymlary we syýahatçylary aýratyn orun tutupdyr. Häzirki Türkmenistanyň çäklerindäki şäherler we obalar baradaky ilkinji ynamdar maglumatlar 922-nji ýylda arap halyfynyň ilçihanasynyň Wolga derýasynyň ýakasyndaky Bulgariýa bolan syýahatynyň netijesinde saklanyp galypdyr. Ony Ibn-Fadlan beýan edipdir.

IX asyrda ýaşan Ibn Hordadbehiň we al-Ýakubiniň, X asyryň geografiýaçylary bolan Kudamy ibn Jafaryň, al-Istahriniň, al-Makdisiniň, Muhammet ibn al-Munewwer Mehneýiniň (XI asyr), XII asyryň ikinji ýarymynyň—XIII asyryň birinji ýarymynyň awtorlary bolan Ibn al-Asiriň, Muhammet an-Nesewiniň, Ýakut al-Hamawiniň, şeýle hem parf taryhçylary Hamdallah Gazwiniň (XIV asyr), Hafiz-i-Abrunyň (XV asyr) we köp sanly beýlekileriň eserlerinden edilen terjimeleriň netijesinde ýurdumyzyň Amul, Dehistan, Köneürgenç, Şähriyslam, Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Daňdanakan, Merw, Zemm (Kerki) ýaly taryhy şäherleri barada köp sanly möhüm maglumatlar mälim boldy.

Sisiliýanyň Patyşasy Rožer II we geografiýaçy Muhammet al-Idrisiň hyzmatdaşlygynyň netijesinde XII asyryň ortalarynda peýda bolan karta şol eýýamyň adamlarynyň gatnaşyklarynyň we gözýetiminiň giň bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň kümüşiň ýüzünde dünýä kartasy haşamlanan ylmy işi Antiki we Orta asyrlaryň geografiýa ylmynyň çür depesi hasaplanýar. Nemes taryhçysy Rihard Hening ol barada şeýle ýazdy:

“Idrisi gürrüňsiz, orta asyr geografiýa daragtynda iň owadan gül bolup durýar. Ptolemeý antiki geografiýasynyň ösüşine täç geýdiren bolsa, Idrisi eýýamyň geografiýasyny jemleýär. Ol mongol çozuşlarynyň öňýanyndaky döwre gabat gelip, olar täze geografik açyşlara itergi bolup hyzmat etdi”.

Eger ýat ýerleriň üsti bilen töwekgelçilikli ýola düşen her bir kerwende alymlar we diplomatlar bolmadyk hem bolsa, kerwenleriň hiç biri hem täjirler bolmasa ýola düşmändir. Çünki şol syýahatçylaryň tagallalary bilen bazarlaryň tekjelerine daşary ýurt harytlary, köp sanly medreseleriň kitaphanalaryna bolsa Merw, Köneürgenç, Buhara, Hyrat, Yspyhan, Bagdad ýa-da Kair ýaly iri medeni merkezlerden kitaplar gelip gowşupdyr. Hut şolar hem döredijiligiň giňden ýaýramagyna ýardam edipdir. Şonuň üçin hem ertekileriň, dessanlaryň we eposlaryň meňzeş ýordumlary bir-biriden alysda ýerleşen ýurtlarda duş gelýär.

Orta asyrlarda söwda dürli toparlara bölünen, işine ökde täjirleriň elinde bolupdyr. Abul-Fadl Jafar ibn Ali ad-Dimaşki-söwdanyň düzgünleri we görnüşleri hakynda işiň awtory-täjirleri syýahat edýän, lomaý söwda edýän we daşary ýurtlara iberýän satyjylara bolýär. Üstaşyr geçirmek bilen bagly bolan söwda bähbitli bolupdyr, emma az bolmadyk kynçylyklar bilen bagly bolupdyr. Deňiz üsti bilen amala aşyrylan söwda has girdejili, emma örän töwekgelçilikli bolupdyr. Şonuň üçin bu barada: “Deňizçilik işinde syýahatça baryş topugyndan, ýitgi bolsa bokurdagyndan” diýlip aýdylypdyr.

Iri we orta täjirler (olary “bazargan” ýa-da “tütjar” diýip atlandyrypdyrlar) bilen birlikde ownuk söwdagärler-“baziriler” hem bolupdyr. Soňky topara esasan senetçilik-söwda şäher ilaty girip, olar ýerli bazarlarda öz önümlerini satypdyrlar. “Bazar adamlarynyň” hatarynda bölek söwda bilen meşgullanan söwdagärler az bolmandyr. Olar gökçüler, et, tüwi, şeker, hoşboý ysly we beýleki önümleri satyjylardyr. Olar esasan maşgalalaryny kynlyk bilen eklän baý bolmadyk adamlardyr.

Iri söwda dolanyşygynda şertnamalaýyn geleşikler (muamala) giňden ýaýrapdyr. Tutjarlar, bazarganlar diňe nagt görnüşde däl-de, eýsem karzyna hem geleşikleri baglaşypdyrlar. Adatça bahasy ýokarlanar diýen umyt bilen geçmeýän harytlar satyn alnypdyr, ýogsa bu iş dini-ahlak nukdaýnazaryndan makullanmandyr. Harytlary, aýratyn-da dänäni alyp satmak maksady bilen betnebis söwdagärler meşgullanypdyr. Alyp satarlaryň adatça öz dükanlary bolupdyr, olar kömekçileri saklap, olara çeken zähmeti üçin “şagirden” hakyny töläpdirler.

Söwdada göterimine (sarf) pul görnüşinde karz bermäge ýol berlipdir. Emma bu ýagdaý Gurhana we şerigatyň kadalaryna ters gelipdir. Orta asyrlarda juda gowy söwdanyň aýratyn etiki nazaryýeti hem bolup, ol yslamyň täsirini başdan geçiripdir. Musulman teologlary we hukukşynaslary harytlary rugsat berilýän (halal), gadagan (haram) we makullanmaýan (makruh) görnüşlere bölüpdirler.

Ýazgarylmagyna we makullanmazlygyna garamazdan, sarf tejribesi ähli musulman gündogarynda söwda we alyş-çalyş edilende adaty ýagdaý bolupdyr. Suftaja—harydy karzyna bermek, emma ony başga ýerde satmak üçin öz hasabyňa alyp gitmek şerti bilen edilen söwda giňden ýaýrapdyr. Nagt pul bilen däl-de, wekseller (töleg haty) bilen hasaplaşyklar hem ulanylypdyr, şeýle hem karzdaryň we bergidaryň ylalaşmagy bilen bergini geçirmek (hawalat) görnüşinde amallar bolupdyr. Geleşikler resminamalar bilen resmileşdirilipdir, emma täjirler gol çekmekden ýüz öwürmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda dilhaty bermekden gaça durupdyrlar.

Söwdada ýygy-ýygydan pul çalyşmasy bolup geçipdir, bu iş bilen ýörite pul maýdalaýjylar-sarraplar meşgullanypdyr. Merwde Seljuklar döwründe sarraplaryň kwartaly bolupdyr, şol döwrüň edebiýatynda olar barada ýazuw ýatlamalary saklanyp galypdyr. Iri sarraplaryň hatarynda ýewreýler köp bolup, olaryň jemgyýetleri Orta Aziýanyň we Eýranyň birnäçe şäherlerinde bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, yspyhan ýewreýleri halkara söwdasyny ýöredipdirler hem-de Bagdatda bank jaýlary bilen ýakyndan bagly bolupdyrlar.

Täjirler, aýratyn-da, beýleki ýurtlar bilen söwda eden täjirler kompaniýalarda birleşipdirler. XI-XII asyrlaryň çeşmelerinde haryt almak- satmak boýunça aýratyn bileleşikleriň bolandygy barada aýdylýar. Olara gatnaşyjylaryň arasyndaky gatnaşyklar adatça şertnamalar bilen kadalaşdyrylyp, olarda goýulýan puluň möçberi we degişlilikde girdejiniň möçberi görkezilipdir.

Şeýle kompaniýalaryň paýnamaçylary gurply emeldarlar, barly aristokratlar bolupdyr, emma täjirler esasy orny eýeläp, olar agentleri ugradypdyrlar ýa-da özleri kerwen bilen dürli ýurtlara gidipdirler. Olaryň arasynda iri peýdakeşler bilen birhatarda orta gürpdäki söwdagärler bolup, olar daşary ýurtlardan getirilen harytlary alyp satmak bilen meşgullanypdyrlar. Baý we täsirli bileleşiklere ýolbaşçylyk eden “baştutanlar” (mälik at-tütjar) Gündogaryň birnäçe ýurtlarynda söwdany öz ellerinde saklapdyrlar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýylýazgysynda ähli zat ýüpekden başlanypdyr diýilse-de, bu dogrusy meňzetme bolup, onuň üsti bilen biz birwagt ýitip giden dünýäni suratlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, iki müň ýyl mundan öň transkontinental ýollaryň bolşuny, dünýä taryhynyň hadysasyny döredýäris. Olar Köne Dünýäniň—Gündogarda Hytaýyň hem-de Günbatarda Ortaýer deňziniň biri-birinden üzňe bolan medeniýetlerini baglap, Orta Aziýanyň ýurtlaryny we halklaryny öz gurşawyna alyp, olaryň gülläp ösmegine ýardam etdi.

Gadymy türkmen topragy dürli siwilizasiýalaryň arasynda esasy köpri bolup hyzmat edipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu taryhy maglumata üns berip, “Türkmenistanyn çäginden gadymy döwürlerde, seýle hem orta asyrlarda, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir. Eziz Diýarymyzyň çäginde Ýüpek ýolunyn nähili uly bolandygyna saýatlyk edýän gadymy döwrüň uly hem-de kiçi säherleriniň onlarçasy bardyr” diýip belledi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter