Nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri DHÇMB söwdalarynyň esasy harydy boldy | TDH
Ykdysadyýet

Nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri DHÇMB söwdalarynyň esasy harydy boldy

опубликованно 24.02.2018 // 829 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan, ABŞ-den, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzin, hidro arassalanan dizel ýangyjyny, gyzdyrylan nebit koksy we ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jins önümleri, hojalyk pamygy, arassalanan pagta ýagy, armatur, aýna önümleri, nah ýüplük we pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Owganystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 111 million 52 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE we Türkiýäniň işewürleri jemi bahasy 5 million 449 müň manatdan gowrak nah matany we ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter