Türkmenistanyň Prezidenti serhet galasynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti serhet galasynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

опубликованно 24.02.2018 // 576 - просмотров
 

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Serhetabat serhet birikmesiniň serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy serhet galasynyň ýanyndaky meýdança gelýär.

Belent Serkerdebaşymyzy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşylaýar. Hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew hasabat berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary serhet galasynyň täze toplumynyň açylmagy bilen gutlaýar hem-de dost-doganlygyň serhedi bolup durýan Watanymyzyň çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw edýär.

Dabaraly pursat ýetip gelýär. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmasynda milli Liderimiz toý bagyny kesip, serhet galasynyň täze binalar toplumynyň ulanmaga tabşyrylmagyna ak pata berýär.

Milli Liderimiz serhet galasynyň täze binalar toplumy bilen tanyşlygyny iň täze aragatnaşyk serişdeleri we ýöriteleşdirilen enjamlar üpjün edilen maglumat merkezinden başlaýar.

Bu ýerde oturdylan ýörite monitorda bu merkeziň ýerine ýetirýän işleri görkezilýär, bu ýerden Serhetabat serhet galasyna degişli çäklerde Döwlet serhediniň gije-gündizleýin goragy amala aşyrylýar. Gurnalan enjamlar serhetde wideogözegçilik etmäge hem-de elektron habardarlygy ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar serhetçileriň ygtyýaryndadyr, olar döwlet serhediniň bu serhet galasyna degişli zolagynda ýüze çykýan islendik adatdan daşary ýagdaýlar babatynda dessin hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň täze toplumynyň desgalary bilen tanyşmagyny dowam etdi. Harby gullukçylaryň ýatýan we dynç alýan jaýlarynda ýaş esgerleriň doly derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleri, olaryň gullukdan boş wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýöriteleşdirilen iş we gulluk binalaryny gözden geçirdi, olar häzirkizaman ýörite tehnikasy, kompýuter enjamlary hem-de serkerdeler we esgerler üçin degişli gollanmalar bilen üpjün edilendir.

Serhet galasynyň çäginde athana ýerleşýär, ol ýerde gulluk üçin peýdalanylýan bedewlere göwnejaý ideg etmek üçin ähli şertler bar. Häzirkizaman iň täze tehnikasynyň bardygyna garamazdan, bedewler häzir hem türkmen esgerleriniň, şol sanda serhetçileriň ygtybarly kömekçileri bolup durýar, olar esasan-da çylşyrymly tebigy şertlerde esgerler üçin örän zerurdyr.

Şeýle hem bu ýerde itler üçin ýerler bar. Olar jenaýatkärleri saklamakda, ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen serişdeleri gözlemekde ýokary gulluk başarnyklaryny görkezýärler.

Harby özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda bina edilýän şunuň ýaly häzirkizaman nusgaly beýleki serhet galalarynyň ählisinde bolşy ýaly, bu ýerde hem açyk sport meýdançalarynyň bardygyny bellemek gerek, olarda esgerler woleýbol we futbol, tennis oýunlary bilen meşgullanýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplum bilen tanyşmagyny dowam edip, esgerler naharhanasyna baryp gördi, bu ýerde aňrybaş arassaçylyk tertibi berjaý edilýär. Uly bolmadyk çörek önümleri bişirilýän desga hem harby gullukçylaryň ygtyýaryndadyr, ol her gün serhetçileri gyzgyn çörek bilen üpjün edýär. Milli Liderimiz bu ýerde gulluk edýän aşpezleriň iş şertleri, aşhananyň üpjünçiligi, şeýle hem hödürlenilýän tagamlaryň sanawy bilen gyzyklandy.

Ýaş esgerler bilen olaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuş şertleri, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly oňyn özgertmeler barada gürrüňdeşlikde döwlet Baştutanymyz olaryň ünsüni parahatçylygyň we ata Watanymyzyň asudalygynyň, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň mizemez sütüni bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ornuna çekdi.

Watan goragynyň mukaddes wezipe bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz harby gullukçylaryň jogapkärli gullugynyň ýudumyzyň durnukly ösmegini üpjün edýär diýip sözüni dowam etdi. Islendik howa şertlerinde, ilatly ýerlerden alyslarda serhetçilerimiz mukaddes çäklerimizi gözüniň göreji ýaly gorap, özleriniň harby borjuny göreldeli ýerine ýetirmelidirler we ýaş nesil üçin edermenligiň nusgasyny görkezmelidirler. Şonuň üçin hem döwletimiz hemişe Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragçylaryna aýratyn üns berýär diýip, Belent Serkerdebaşymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow esgerler bilen söhbetdeşligiň ahyrynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelere ygrarly bolup durýandygyny ýene bir gezek nygtap, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň parahatçylygyň, dostlugyň we döredijilikli hyzmatdaşlygyň serhedi bolup durýandygyny aýtdy. Siz özüňiziň mukaddes borjuňyzy Watanymyza, harby kasama wepaly ýerine ýetirmek bilen merdana we beýik, bütin dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň şöhratly ýollaryny mynasyp dowam etdirmelisiňiz diýip, milli Liderimiz harby gullukçylaryň öz üstlerine ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine hem-de özygtyýarly ýurdumyzyň çäklerini ygtybarly gorajakdyklaryna ynam bildirdi.

Serhetçiler hemişelik aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, olaryň her biriniň Watana wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Ýaş esgerler milli Liderimiziň şahsy göreldesiniň olar üçin Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmekde edermenligiň belent nusgasy bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowden özleriniň saz çalmakda başarnyklaryny görkezmäge ygtyýar bermegini haýyş etdiler. Serhetçileriň ýerine ýetirmeginde milli Liderimiziň tutuş halkyň söýgüsini gazanan “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymy ýaňlandy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhetçilere minnetdarlyk bildirip, olara eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça gullugynda uly üstünlikler arzuw etdi we binadan çykdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz serhet galasynyň täze toplumy bilen tanyşlygyny dowam etdi. Onuň çäklerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi ýerleşýär. Bu ýerde serhetçilere ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny berjaý etmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyzçysy bolmak bilen, köpçülikleýin sportuň we bedenterbýäniň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine uly üns berýär. Ähli beýleki düzümlerde bolşy ýaly, Milli Goşunymyzda hem şahsy düzümiň beden we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilendir. Sport meýdançalary we zallar serhet gasynyň harby gullukçylarynyň ygtyýaryna berlendir, olarda sport türgenleşik enjamlarynyň we abzallarynyň häzirkizaman toplumlary gurnalandyr.

Serhet galasynyň çäklerinde şeýle hem serkerdeler hem-de olaryň maşgala agzalary üçin ähli şertler döredilen ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Ähli öýler oňaýly mebel we belli kompaniýalaryň durmuş tehnikasy bilen üpjün edilendir. Çagalar üçin abadanlaşdyrylan oýun meýdançalary göz öňünde tutuldy.

Täze toplumyň düzümine, şeýle hem özbaşdak durmuş üpjünçilik düzümleri girýär.

Soňra serhetçiler okuw-türgenleşik meýdançasynda Belent Serkerdebaşymyza ýaraglaryň dürli görnüşlerini ulanmak hem-de söweşjeň sungatlary özleşdirmek, söweşiň dürli tilsimlerini ele almak we jenaýatçylary ele salmakda gulluk itlerini peýdalanmak başarnyklaryny görkezdiler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak diňe bir beden kämilligini pugtalandyrmak bilen çäklenmän, adam özüne erk etmek hem-de maksada okgunlylyk ýaly sypatlary kemala getirýär.Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň gullukçylary üçin aýratyn möhümdir. Bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak, nazaryýet we söweşjeň taýýarlygyň yzygiderli esasda geçirilmegi oňyn netije berer diýip, döwlet Baştutanymyz harby düzümleriň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galasynyň täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli ýadygärlik ýazgy ýazdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadançylyk, öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter