Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berildi | TDH
Syýasat habarlary

Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berildi

опубликованно 23.02.2018 // 1371 - просмотров
 

Şu gün Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi. Olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.

Giň gerimli düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýan milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijilikli daşary syýasy strategiýasy bu taryhy ähmiýetli wakalarda anyk beýanyny tapýar. Şol taslamalar sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Ýeri gelende ýatlasak, 2015-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň, şeýle hem ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi, şol ýyl döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna beslendi. Şu günki wakalaryň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylda bolup geçmeginiň çuňňur manysy bar. Häzirki döwürde ady rowaýata öwrülen bu gadymy ýol, ençeme asyrlar mundan ozal türkmen topragyndan hem geçip, bu gün täze görnüşde dikeldilýär, döwletleriň we halklaryň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklary berkitmek we has-da işjeňleşdirmek pikirini özünde jemleýär.

Möhüm ykdysady we durmuş wezipelerini çözmegiň nukdaýnazaryndan amatly hasaplanylýan TOPH taslamasy şol asylly maksada kybap gelýär. Ony ähli ýurtlaryň – taslama gatnaşyjylaryň hoşniýetli syýasy erkiniň birleşmegi nukdaýnazaryndan deňi-taýy bolmadyk desga, ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde energiýa howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny döretmäge uly goşant diýip atlandyrmak bolýar.

Şonuň bilen birlikde, bu taslama – Türkmenistan energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolup, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi bilen dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ugratmagyň diwersifisirlenen ulgamyny döretmek onuň esasy ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlary öňde goýlan maksatlary gazanmaga gönükdirilip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli rezolýusiýalary biragyzdan kabul etmegi olaryň möhümdigine hem-de zerurdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edip, bu möhüm ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary saklamak bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni energogatnaşyklaryň çäklerini ep-esli giňeltdi, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmen topragynda “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlarynyň bolmagy barada abraýly halkara bilermenleri tarapyndan ykrar edilen ýagdaý biziň ýurdumyza tebigy gazyň dürli ugurlarda uzakmöhletleýin iberilmegini kepillendirmäge mümkinçilik berýär, dünýä bazarlarynda oňa bolan isleg örän uly bolup durýar.

TOPH gaz geçirijisiniň ugrunda täze elektrik geçiriji ulgamyň çekiljekdigi hem bellärliklidir. Gaz geçirijiniň ähli düzümleýin desgalaryny energiýa üpjünçiliginden başga-da, geljekki elektrik geçiriji ulgam elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem şol ugur boýunça TOP optiki-süýümli ulgam geçiriler. Bu bolsa üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýalar ulgamynyň ösmegi bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder.

Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurulmagy hem-de işe girizilmegi barada aýdylanda bolsa, ol ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-owgan gatnaşyklarynyň, Türkmenistanyň Owganystanyň asuda ösmegine, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletleriň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu polat ýoluň gurluşygyna geçen ýylyň noýabrynda milli Liderimiziň hut özi badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň esasy şertleriniň birine öwrülýär. Bu babatda ýol gurmagy gadym döwürlerden bäri asylly iş hasaplap gelýän türkmen halky bu däbini mynasyp dowam edip, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Marydan dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerine – Serhetabat etrabyna ugrady. Dikuçar birsalymdan ýörite taýýarlanan meýdança gelip gonýar.

Onuň ýanynda milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Soňra bu ýere Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri geldiler.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Maryda Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň hökümetiniň Baştutany hem-de Hindistanyň ýokary wezipeli wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň mizemez dostluk gatnaşyklaryna hem-de netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu gatnaşyklar uzakmöhletleýinlik, deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhmanlar dabaralaryň geçirilýän ýerine bardylar.

Şeýle hem bu ýerde Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan sergi guraldy. Onuň eksponatlary dört ýurduň – TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň gadymdan gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlary, baý medeniýeti barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň ekspozisiýasy şu ýylyň şygaryny – “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary açyp görkezýär we meşhur ýoluň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýoluň bir bölegi türkmen topragyndan geçipdir. Bu ýerde görkezilen karta hem bu barada gürrüň berýär. Eksponatlaryň hatarynda pile bar. Ondan dürli matalary, lybaslary, ajaýyp halylary taýýarlamak üçin ulanylýan ýüpek sapaklar alynýar. Diwarlyklar dabara gatnaşyjylary Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň bütin dünýäde meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri, şeýle hem milli amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen tanyşdyrýar. Şol önümleriň hatarynda türkmen zergärleri tarapyndan taýýarlanylan bezeg şaý-sepleri we elbetde, meşhur türkmen halylary bar.

Bu ýerde mowzuklaýyn suratlar, şeýle hem halk senetçiliginiň ussatlarynyň işleri görkezilýär. Olar milli lybaslary we baş gaplary, keçeleri, agaçdan ýasalan sowgatlyklary, keramikadan we misden ýasalan önümleri, at esbaplaryny, saz gurallaryny, hususan-da, dutarlary taýýarlamakda öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Pakistanyň pawilýonlarynda amaly-haşam sungatynyň önümleri, şol sanda däp bolan keşdeler, saz gurallary goýlupdyr. Pakistanly hyzmatdaşlaryň eksponatlary hem dostlukly ýurduň tebigy ajaýyplyklary barada tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Owganystanyň ekspozisiýasynda, esasan hem, Hyrat welaýatynyň gymmatlyklary görkezilýär. Bu ýerde dürli sowgatlyklary, milli keşdeleriň nusgalaryny, suratkeşleriň täsin işlerini we beýlekileri görmek bolýar. Hyratda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň taýýarlan halylary aýratyn ünsüňi çekýär. Olar milli halyçylyk sungatyny aýawly saklaýarlar hem-de nesilden-nesle geçirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar dört ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen sergi bilen tanyşdylar.

Şanly waka mynasybetli sungat ussatlary döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, ajaýyp aýdym-sazly, tansly çykyşlaryny joşgunly ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri ýörite gurnalan bina barýarlar, onuň mejlisler zalynda köpsanly dabara gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, birnäçe ýurtlaryň wekiliýetleriniň baştutanlary, abraýly halkara maliýe düzümleriň, şol sanda Aziýa we Yslam ösüş banklarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlary we bu ýere ýygnananlaryň ählisini gadymy türkmen topragynda hoş gördük diýip mübärekläp, şu gün sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň jana-jan bähbitlerine hyzmat etjek Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginden geçjek böleginiň gurluşygyna badalga beriljekdigini, şeýle hem 500 kilowatlyk Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutuljakdygyny nygtady.

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz mawy ýangyjy diwersifikasiýa ýoly bilen eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Sebäbi, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlarynyň köptaraply düzümlerini döretmegiň hasabyna artdyrmak Bitarap döwletimiziň energetika syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şu gün nobatdaky tapgyryna badalga berilýän Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem muny aýdyň görkezýär.

Uzynlygy 1840 kilometre ýetiriljek gaz geçiriji doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu bolsa, sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine, durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna hem-de energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam eder.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu dabaralara taslama gatnaşýan dört ýurduň döwlet hem-de Hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda durýan «Galkynyş» käninden gözbaş aljak TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitde möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahat we durnukly ösüşi berkitmäge hem ýardam eder. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu iri möçberli taslama Aziýanyň Ösüş bankynyň hem işjeň gatnaşýandygyny we hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini aýratyn belledi. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk bildirdi.

Asyryň iri gaz geçirijisiniň ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak hem göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu işleri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi amala aşyrar we ýurdumyzyň serhedinden Owganystanyň üsti bilen Pakistana çenli 814 kilometr aralyga optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çeker. Nesip bolsa, bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen, geljekde Ýewropa we Günorta–Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan möhüm maglumat köprüsi bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň goňşy Owganystan Yslam Respublikasy bilen ulaglar babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem uly ähmiýet berýändigini nygtap, Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň eýýäm ulanmaga berlen Kerki–Ymamnazar–Akina bölegini muňa mysal edip görkezdi.

Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi ýaňy-ýakynda Owganystanyň Turgundy stansiýasyna çenli umumy uzynlygy 13 kilometr bolan demir ýoly hem düýpli abatlady we täzeden gurdy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, stansiýanyň geçirijilik kuwwaty has-da artyp, Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin ähmiýeti ýokarlandy. Owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmaga, daşary ýurt harytlaryny bolsa, gysga we amatly ýol bilen ýurda getirmäge mümkinçilik açyldy.

Netijede, goňşy Owganystanyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine çykmak bilen, Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmegi üçin zerur şertler dörär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu ýol doganlyk ýurdy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen birleşdirip, oňa deňziň üstünden Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä we Ýewropa döwletlerine çykmaga mümkinçilik berer.

Bu özara hyzmatdaşlyk Garaşsyz döwletimiz bilen Owganystanyň arasynda üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Täze taslama iki doganlyk ýurduň ulag düzümlerini giňeltmäge hem-de ýokary derejeli logistiki hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Baştutany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanadyp gelýän Garaşsyz ýurdumyz bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň we kompaniýalaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny nygtady. Hususan-da, günortadaky we günorta-gündogardaky goňşy ýurtlar türkmen elektrik energiýasyna uly isleg bildirýärler.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika babatdaky özara hyzmatdaşlyk hem barha giň gerime eýe bolýar. Owgan halky indi ençeme ýyllardan bäri türkmen elektrik energiýasyndan ýeňillikli şertlerde peýdalanyp gelýär. Biz doganlyk ýurda eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, täze stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlary yzygiderli gurýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Şu gün bolsa, şolaryň ýene-de biriniň, ýagny Türkmenistan–Owganystan - Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyna badalga berler.

Bu bolsa, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň ugrundaky desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta–Gündogar Aziýa döwletlerine eksport etmäge hem mümkinçilik berer. Agzalyp geçilen taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary ýokarda agzalan iri gurluşyklara badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, şeýle möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlap, ýurdumyzda 2018-nji ýylyň Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanandygyny, munuň bolsa onuň şygarynda öz beýanyny tapandygyny belledi. Biziň hemmämiz şu günki gün bu gadymy ýoly dikeltmek boýunça ägirt uly taslamanyň täze öwüşginde iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine syn edip bileris. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň açylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp we pursatdan peýdalanyp, dabara gatnaşyjylary ony ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra dabaraly çärä gatnaşyjylara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani ýüzlendi.

Dostlukly ýurduň Lideri ýygnananlary mübärekläp, sebit ösüşi nukdaýnazaryndan şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýetini belledi. Mohammad Aşraf Ganiniň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde Hindistandan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan başlap, Günorta Aziýa döwletleri ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler. Şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýa Günorta Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpri bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan oýlanyşykly daşary syýasy ugry Owganystan üçin örän möhümdir diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn görnüşde hem-de sebit we köptaraplaýyn derejede netijeli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty sebitde örän möhüm ähmiýete eýedir diýip, jenap Mohammad Aşraf Gani nygtady we ykdysadyýetiň okgunly ösmeginiň, durmuş babatda durnuklylygyň hem-de ägirt uly kuwwatyň bolmagynyň häzirki Türkmenistanyň aýratyn alamatlary bolup durýandygyny nygtady. Häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy uly ähmiýete eýedir diýip, goňşy ýurduň Baştutany nygtady.

Owgan Lideri ýygnananlary şu günki şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň Hökümetiniň syýasatynyň hem-de TOPH gaz geçirijisini gurmak işinde ädilen ädimleriň möhüm ähmiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. OYR-nyň Prezidenti türkmen tarapyna bu taslamany durmuşa geçirmäge saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan bu taslamany mundan beýläk-de goldamak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Häzirki döwürde TOPH diňe bir gaz geçirijisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlary birleşdirýän geçelge bolup hyzmat etmelidir. Bu diňe bir ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, syýasy ähmiýetli taslamadyr. Gaz geçirijisiniň ugrunda elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurulmagy Türkmenistany, Merkezi Aziýany Çabahar porty bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Müňýyllyklaryň dowamynda bu sebitiň halklary parahatçylykda ýaşaýarlar diýip, owgan Lideri sözüni dowam etdi we gadymy döwürlerden başlap, sebitiň siwilizasiýanyň iri merkezi bolandygyny nygtady. Bu ýerde dürli ylymlar, şol sanda matematika ösüpdir. Taryhdan mälim bolşy ýaly, Maryda, Hyratda, Multanda ylymda öçmejek yz galdyran hem-de biziň häzirki gatnaşyklarymyzyň genji-hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetler ýaşapdyr we döredipdir.

Häzirki döwürde sebitiň ýurtlary özygtyýarly döwletler hökmünde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ägirt uly taryhy tejribäni nazara almak bilen, şu günki möhüm waka ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de sebitimizde howpsuzlygy üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir diýip, Mohammad Aşraf Gani nygtady. Şunuň bilen baglylykda, owgan Lideri pakistan we hindistan tarapyna şu dabaralara gatnaşýandygy hem-de TOPH taslamasyny goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy dört ýurduň ählisiniň ykdysady taýdan ösmegi üçin örän wajypdyr. Munuň özi beýleki köp taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berer diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Şu gün biz diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýarys diýip, Owganystanyň Prezidenti aýtdy. Jenap Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly tagallalary, şol sanda Serhetabat-Turgundy demir ýoluny gurmak işindäki tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we häzirki döwürde täze möhüm tapgyra gadam basan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasa söz berildi. Ol ýygnananlary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşmaga çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Meniň üçin şu gün bu ýerde bolmak uly hormatdyr diýip, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Baştutanyna halkara energetika hyzmatdaşlygy meselelerine oýlanyşykly çemeleşýändigi hem-de bu strategiki ulgamda öňe süren oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Pakistanyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, şu günki wakalar örän möhüm ähmiýete eýedir. TOPH gaz geçirijisini gurmak pikiri iş ýüzünde amala aşyrylýar, diýmek, sebitiň halklarynyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar dikeldilýär we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler döredilýär.

Jenap Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, Pakistanyň täze energiýa geçirijisine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi. Munuň özi okgunly ykdysady ösüş depgini we degişlilikde, ýurduň energiýa serişdelerine artýan islegleri bilen şertlendirilendir.

Pakistanyň hökümetiniň Baştutany şeýle hem elektroenergetika ulgamyndaky taslamalaryň we Merkezi Aziýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etjek halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň ähmiýetini nygtady.

Pakistan mundan beýläk hem bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, Premýer-ministr Şahid Hakan Abbasi aýtdy we TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlary, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankyny gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri, öz nobatynda, ýygnananlary mübärekläp, Türkmenistanda bolmaga, aýratyn hem şeýle taryhy pursatlarda bolmaga hemişe şatdygyny belledi. Türkmen we hindi halklarynyň dostlugy we hyzmatdaşlygy müňýyllyklardan gözbaş alýar diýip, jenap Mobaşar Jawed Akbar aýtdy we asyrlaryň dowamynda emele gelen bu gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin möhüm binýat bolup durýandygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Hindistanyň wekili Baýram han Türkmen barada ýatlap geçip, öz baýlygyny paýlaşmaga we asylly işlere ruhlandyrmaga ukyply adamyň belent mertebesini wasp edýän goşgy setirlerini getirdi we olary türkmen Lideri - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Türkmenistanyň eýe bolan baýlyklaryndan peýdalanmaga gönükdirilen häzirki başlangyçlary bilen baglanyşdyrdy. Hindistanyň daşary işler döwlet ministri bu pikiri: “Bilimler wagtyň geçmegi bilen ösýär, rowaçlygy paýlaşsaň, ol köpelýär” diýen meşhur nakyl bilen berkitdi.

Jenap Mobaşar Jawed Akbar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň durmuşa geçirilmeginiň umumy maksadyň nyşany bolup durýandygyny, geljege uly umyt bilen garamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Ýokary wezipeli myhman TOPH-nyň durmuş babatdaky ähmiýetini belläp, transmilli energoköprüsiniň gurulmagynyň sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ep-esli gowulandyrmaga ýardam etjekdigini, onuň mundan beýläk-de okgunly ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady. Çünki, gaz diňe bir energiýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol ösüşdir. TOPH gaz geçirijisi hindi ykdysadyýeti üçin hem möhüm taslama bolup durýar. Ol diňe bir ýurtlary birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde bar bolan beýleki mümkinçilikleri nazara almak bilen, täze şertleri hem döredýär. TOPH – bu taryhyň täze sahypasydyr diýip, jenap Mobaşar Jawed Akbar nygtady.

Dostlukly ýurduň daşary işler döwlet ministri türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, dürli ulgamlarda, aýratyn hem IT tehnologiýalar ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljeginiň uludygyny nygtady. Hindistan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatyny goldaýar. Şol syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa TOPH taslamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna mümkinçilik berdi diýip, ýokary wezipeli myhman belledi.

Çykyşynyň ahyrynda jenap Mobaşar Jawed Akbar türkmen Lideriniň Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde gadymy däp-dessurlaryň gaýtadan dikeldilmegi bolup durýandygy baradaky sözlerini getirdi. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy hem onuň dowamyna öwrüler. Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi bilen hemmeleri gutlap, bu ägirt uly taslama gatnaşýan ýurtlaryň halklaryna ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada hökümetara Ylalaşygyna hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň Hökümeti bilen Ylalaşygyň baş şertlerine gol çekilýär.

Dabaranyň dowamynda teleköpri geçirilip, onuň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulyşyna, şeýle hem Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň açylyşyna ak pata berdi.

Bu ýere ýygnananlar TOPH energiýa geçirijisiniň nobatdaky böleginiň iki polat turbalarynyň seplenilişiniň kebşirlenilişine, elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulyşynyň başlanyşyna uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Bu işler ýöriteleşdirilen tehnikalaryň we enjamlaryň kömegi bilen amala aşyryldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar serhet ýakasyndaky Serhetabat türkmen stansiýasyndan goňşy Owganystanyň Hyrat welaýatyna demir ýol wagonlarynyň düzüminiň ugraýşynyň şaýady boldular. Täze polat ýoly boýunça ilkinji gezek daşalan ýükleriň hatarynda Türkmenistanda öndürilen nebit önümleri, azyk we senagat harytlary, gurluşyk serişdeleri boldy.

Doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýän Türkmenistan täze türkmen-owgan ýolunyň gurulmagyny dolulygyna öz üstüne aldy. 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty şu meselelere bagyşlanyp, şonda tutuş sebit üçin ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy. Eýýäm şol aýyň ahyrynda türkmen demirýolçylary Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly gurmaga girişdiler. Ine, bu gün bolsa ol ulanmaga berildi.

Teleköpri tamamlanandan soň, bu ýere ýygnananlaryň dykgatyna ýörite wideoşekiller hödürlenildi. Onda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýän ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwaty barada gürrüň berildi. Mowzuklaýyn wideoşekiller şeýle hem netijeli döwletara hyzmatdaşlygy artdyrmak, sebiti durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmek, sebitara goşulyşmak işlerini höweslendirmek üçin TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamalarynyň, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýär.

Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministriniň dört ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary, Pakistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy we Hindistanyň daşary işler döwlet ministri Serhetabat etrabyndan Owganystanyň Hyrat şäherine ugradylar, şol ýerde şu günki dabaralar dowam etdi.

Baýramçylyk çäreleri “Möwlana Jelaletdin Balh” kongresler merkezinde geçirildi. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Mohammad Aşraf Gani mähirli mübärekledi.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, binanyň eýwanyna barýarlar we däbe görä, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler.

Dabaranyň öňüsyrasynda hem wekiliýetleriň baştutanlarynyň gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra dabara gatnaşyjylar mejlisler zalyna barýarlar.

Keramatly Gurhandan aýatlar okalýar.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti owgan topragynda geçirilýän dabara gatnaşyjylary hem-de belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, şu gün gadymy Hyrat şäheriniň diňe bir Owganystan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin, geljekki nesiller üçin möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy wakalaryň şaýady bolýandygyny nygtady.

Jenap Mohammad Aşraf Gani TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen biziň ýurtlarymyzyň arasynda baglanyşdyryjy geçelgäniň döredilýändigini belläp, onuň amala aşyrylmagynda owgan ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Owganystanda Türkmenistanyň energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda başyny başlan, tutuş sebite ösüş we rowaçlyk getirýän iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly umyt baglanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystany asuda ýagdaýda dikeltmäge berilýän yzygiderli goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, owgan halkynyň bu işlere ýokary baha berýändigini hem-de doganlyk türkmen halky bilen gadymdan gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklara çuňňur sarpa goýýandygyny belledi.

Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň belleýşi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy hem-de ugurdaş taslamalaryň durmuşa geçirilmegi köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny has-da berkider, oňa täze itergi berer, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna ýardam eder. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen adamlaryň öýüne ýagtylyk we ýylylyk geler.

Owgan Lideri belent mertebeli myhmanlary we ýygnananlaryň ählisini şu şanly wakalar bilen ýene-de bir gezek gutlap we dabara gatnaşandyklary üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň netijeli sebit gatnaşyklaryna, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, owgan kärdeşi Mohammad Aşraf Ganä görkezen myhmansöýerligi hem-de şu dabaraly çäräni ýokary derejede gurandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şu gün biziň ählimiz üçin uly baýram. Biz bu baýramy doganlyk owgan halky, pakistanly we hindistanly dostlarymyz, şeýle hem beýleki ýurtlardan gelen dostlarymyz bilen bilelikde belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu duşuşyk biziň oý-pikirlerimiziň hem-de maksatlarymyzyň birdigini aňladýar. Alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygymyzyň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar. Biz şu hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini görýäris we oňa buýsanmaga haklydyrys.

TOPH gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň arasynda elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna başlanmagy, «Serhetabat–Tungundy» demir ýolunyň gurulmagy bu taslamalara gatnaşyjy ähli döwletleriň olara örän jogapkärli çemeleşendigini, uzakdan görüjiligini hem-de ylalaşygyny, öz borçnamalaryna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Bu taslamalar halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek we giňeltmek, şol işe beýleki ýurtlary, halkara ykdysady birleşmelerini we maliýe guramalaryny, işewür bileleşiklerini çekmek üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.

Bularyň ählisi strategik maksatlarymyzyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini–biziň ýurtlarymyzyň kontinentde we bütin dünýäde ykdysady gatnaşyklara işjeň goşulýandygyny aýdyň görkezýär.

Milli Liderimiz bu günki wakalaryň doganlyk Owganystan üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, şeýle möhüm desgalaryň işe girizilmeginiň Owganystany ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň senagat we durmuş üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Munuň özi doganlyk owgan halkynda öz güýjüne bolan ynamy artdyrar, parahat we ykdysady taýdan gülläp ösýän döwleti döretmekde ylalaşygy hem-de agzybirligi gazanmagyň täsirli şertine öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri üpjünçilik taslamalarynyň, hususan-da, energetika we ulaglar ýaly örän möhüm ugurlarda amala aşyrylmagynyň häzirki döwürde aýratyn uly ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Owganystanyň giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda doly hukukly we işjeň gatnaşyjy hem-de hyzmatdaş bolmagy üçin ähli mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

Türkmenistan şu meselede Owganystan üçin strategik geljegi görýär. Şoňa görä-de, biz hut şu garaýyşdan ugur almak bilen, möhüm taslamalary öňe sürýäris. Bu taslamalaryň üstünde netijeli işleri alyp barýarys we geljekde hem alyp bararys. Ýurdumyz mundan beýläk-de Owganystana hemmetaraplaýyn syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer kömegini berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Merkezi we Günorta Aziýa işjeň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy üçin tebigy giňişlikdir. Hut şu ýerlerden köp asyrlaryň dowamynda Aziýa bilen Ýewropany birleşdiren gadymy söwda ýollary geçipdir. Häzirki döwürde bu sebitleriň döwletleri esasy bölegini energetika we ulag ulgamlary düzýän ählumumy ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Şu ulgamlarda taslamalaryň amala aşyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde ulag hem-de energetika gatnaşyklaryny amatly ýagdaýa getirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Şoňa görä-de, biziň sebitimiz kontinentde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny emele getirmegiň örän möhüm bölegine öwrülýär. Bu bolsa, öz gezeginde täze ykdysady gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň has giň görnüşiniň binýadyny döretmek barada aýtmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ählumumy geoykdysadyýetde düýbünden täzeçe pikirlenmegiň, ony ösdürmegiň strategik geljegini görmegiň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Serhetabat–Turgundy demir ýolunyň taslamalary häzirki döwürde düýpli geosyýasy şerte öwrülýär. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Aziýadaky we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýlara hem özüniň örän uly oňyn täsirini ýetirer. Sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolar. Syýasy gatnaşyklar ulgamyna goşmaça durnuklylyk berip, ençeme möhüm meseleler boýunça kontinentiň ýurtlarynyň garaýyşlaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bularyň ählisi bilelikde halkara syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin oňat esas bolup durýar. Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini üstünlikli ösdürmäge ýardam berip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, özara hem-de köptaraply bähbitleri gazanmagyň saldamly şertine öwrülýär. Şoňa görä-de şu günki wakalaryň biziň döwletlerimiz üçin örän uly ähmiýeti bardyr. Sebäbi, gurluşygyna şu gün badalga berlen energetika hem-de ulag-kommunikasiýa taslamalary Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ykdysadyýetlerini işjeň ösdürmäge ýardam berer diýip, milli Liderimiz nygtady.

Täze ýaşaýyş-durmuş hem-de senagat üpjünçilik ulgamlaryny gurup, goşmaça iş orunlaryny açmaga mümkinçilik döreder. Bularyň ählisi bolsa, sebitde ýaşaýan adamlaryň bähbidine, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, özleriniň we geljekki nesilleriniň ertirki güne ynamly bolmagyna hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz şeýle möhüm we giň gerimli taslamalary bilelikde amala aşyrýandygymyza buýsanyp bileris diýip, milli Liderimiz nygtady we bu taslamalaryň amala aşyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlygyň hem-de hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň alamatyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Goý, bu ýollar bizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine ýetirsin.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaralara gatnaşýan adamlaryň ählisini bu şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Prezident Mohammad Aşraf Ganä, doganlyk owgan halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi dabara gatnaşyjylary we dört ýurduň halklaryny mübärekläp, hemmeleri şu günki şanly waka – TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygynyň başlanmagy bilen gutlap, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde bu energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Pakistan Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär. Şol başlangyçlar netijesinde sebit ähmiýetli giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu diňe bir gaz geçirijisi däl, eýsem, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarydyr. Şol başlangyçlar netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hyzmat eder, millionlarça adamyň durmuşyny düýpli özgerder.

Pakistanyň Hökümetiniň Baştutany bu taslamanyň sebitiň taryhynda täze eýýamyň başlanýandygynyň özboluşly buşlukçysyna öwrüljekdigini nygtap we pursatdan peýdalanyp, owgan halkyna aýratyn gutlaglaryny beýan etdi.

Premýer-ministr Şahid Hakan Abbasi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä myhmansöýerlik hem-de çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, pakistan tarapynyň özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna gyşarnyksyz ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.

Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministrine söz berilýär. Ol dabara gatnaşyjylary TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň başlanmagy, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi hem-de täze polat ýoluň açylmagy bilen gutlap, bu wakalaryň döwletara hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Nygtalyşy ýaly, transmilli gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine oňyn täsir eder. TOPH gaz geçirijisi sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Türkmenistan özüniň tebigy serişdelerini tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalyşýar, bu bolsa asylly işdir diýip, Hindistanyň wekili nygtady.

Hindi tarapy bu giň möçberli taslama uly ähmiýet berip, tebigy gazyň iberilmegine gyzyklanma bildirýär we onuň üçin ygtybarly bazary üpjün edýär. Hindistan sebitiň ähli ýurtlary, aýratyn hem Owganystan üçin örän möhüm bolan beýleki düzümleýin taslamalara hem gyzyklanma bildirýär diýip, jenap Mobaşar Jawed Akbar aýtdy.

Şunda Hindistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döredijilikli we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýändigi we goldanylýandygy bellenildi. Häzirki wagtda türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlary netijesinde sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berildi we biziň wezipämiz bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam bermekden ybaratdyr diýip, belent mertebeli myhman nygtady.

Jenap Mobaşar Jawed Akbar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa TOPH taslamasynyň ilerledilmegine we yzygiderli durmuşa geçirilmegine ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gatnaşýan ýurtlaryň umumy tagallalary bilen bu möhüm ähmiýetli taslamanyň üstünlikli amala aşyryljakdygyna, taraplaryň hoşmeýilli erk-isleginiň we netijeli deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Dabara gatnaşyjylaryň dykgatyna TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyň taslamalaryna, şeýle hem şu gün ulanmaga berlen Serhetabat-Turgundy polat ýoluna bagyşlanan wideoşekiller hödürlenildi. Ýokarda bellenilişi ýaly, bu taslamalaryň ählisi Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna, deňhukukly hyzmatdaş hökmünde ýurduň sebit we halkara hyzmatdaşlygyna çekilmegine ýardam eder.

Soňra Kongres-merkezini gurluşyk meýdançasy bilen baglanyşdyrýan teleköpri boldy. Şol ýerde owgan hünärmenleri transmilli energetika köprüsiniň owgan böleginiň gurluşygyna girişýärler.

Ýörite taýýarlanan meýdançada TOPH gaz geçirijisiniň düzüminiň desgasynyň binýady tutulýar. Şol bir wagtyň özünde buldozerler geljekki gazgeçirijisiniň ugrunda ýer tekizlemek işlerini geçirýärler.

Soňra täze gurlan Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň açylyşy baradaky wideoşekiller görkezilýär. Şu gün şol ýol boýunça ilkinji demir ýol düzümi ýola düşdi.

Dabara tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşi we belent mertebeli myhmanlar bilen mähirli hoşlaşyp hem-de dostlukly ýurtlaryň we halklaryň adyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, dikuçar meýdançasyna bardy we şol ýerden Hyratdan Mary welaýatyna ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde Mejlisiň Başlygynyň, Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hem-de Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyry, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda başy başlanan halkara ähmiýetli taslamalary işjeňleşdirmegiň esasy ugurlary, bu babatda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijisiniň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen mümkinçilikler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu günki şanly wakalar ýurdumyzyň taryhyna möhüm sahypany ýazar. Ýokarda agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açar, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, ony täze sepgitlere çykarmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagy we sebitiň ýurtlarynyň bu taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirmegi Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze desgalarda işlere badalga berilmegi hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasynyň ulanmaga berilmegi biziň Bitarap döwletimiziň sebitdäki döredijilikli başlangyçlarynyň üstünlige eýe bolýandygyny tassyklaýar.

Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary öz wagtynda we netijeli çözmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu taslamalar boýunça meýilleşdirilen işleriň ählisini ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli görülmeginiň wajypdygyny nygtap, iş maslahatyna gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine zähmetde üstünlikler arzuw etdi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şanly wakalara baý bolan bu gün Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna täze aýdyň sahypalary ýazyp, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm tapgyry alamatlandyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş sapary dowam edýär.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter