Pakistanyň Premýer-ministri: TOPH taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýär | TDH
Syýasat habarlary

Pakistanyň Premýer-ministri: TOPH taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýär

опубликованно 23.02.2018 // 1253 - просмотров
 

Meniň üçin şu gün bu ýerde bolmak uly hormatdyr diýip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edende aýtdy.

Pakistanyň lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara energetika hyzmatdaşlygy meselelerine oýlanyşykly çemeleşýändigi hem-de bu strategiki ulgamda öňe süren oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Pakistanyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, TOPH gaz geçirijisini gurmak pikiri iş ýüzünde amala aşyrylýar, diýmek, sebitiň halklarynyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar dikeldilýär we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler döredilýär.

Jenap Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, Pakistanyň täze energiýa geçirijisine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi. Munuň özi okgunly ykdysady ösüş depgini we degişlilikde, 270 million ilaty bolan ýurduň energiýa serişdelerine artýan islegleri bilen şertlendirilendir.

Pakistanyň hökümetiniň Baştutany şeýle hem elektroenergetika ulgamyndaky taslamalaryň we Merkezi Aziýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etjek halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň ähmiýetini nygtady.

Pakistan mundan beýläk hem bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, Premýer-ministr Şahid Hakan Abbasi aýtdy we TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlary, şeýlde hem Aziýanyň ösüş bankyny gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter