Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 29.06.2015 // 840 - просмотров
 

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin köp işleri amala aşyrýan tejribeli we öňdengörüji syýasatçy hökmünde öz Watanyňyzda we daşary ýurtlarda uly abraý gazandyňyz.

Siz biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýarsyňyz. Men aramyzdaky netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Möhüm halkara meselelerini çözmekde rus-türkmen aragatnaşyklaryny, özara arkalaşykly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işlerimiziň dowam etjekdigine umyt edýärin.

Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we döwlet işiňizde täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin.

***

Almazbek Atambaýew,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynaysbetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Häzir Türkmenistan Siziň ýolbaşçylygyňyzda halkara giňişliginde döwletiň abraýyny berkitmek bilen durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýar.

Biz ýola goýlan dostlukly gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berýäris we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siz bilen ýakyn wagtda Bişkekde duşuşmaga umyt etmek bilen, Size berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin.

***

Giorgiý Margwelaşwili,
Gruziýanyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Şu ýakymly parsatdan peýdalanyp, Siziň döwlet işiňiziň öz halkyňa wepaly gulluk etmegiň mysaly bolup hyzmat edýändigini bellemek isleýärin. Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda döwlet edaralary hemmetaraplaýyn kämilleşdirilýär, Türkmenistanyň halkynyň durnuklylygy we abadançylygy barha pugtalanýar.

Biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek işine goşant şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rusgat ediň. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda has netijeli häsiýete eýe boldy. Gruziýanyň we Türkmenistanyň eýe bolan uly mümkinçilikleriniň geljekde has netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Tbiliside boljak duşuşygymyza sabyrsyzlyk bilen garaşyp, özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, häzirki döwrüň wehimleriniň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna, döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenjekdigine ynanýaryn.

Jenap Prezident, Sizi gruzin halkynyň adyndan we öz adymdan ýene bir gezek gutlaýaryn hem-de berk jan saglyk, bagt we Türkmenistanyň bähbidine täze üstünlikler arzuw edýärin.

***

Petr Poroşenko,
Ukrainanyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň.

Size berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin.

Ýurdy ösdürmegiň toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi—bular gülläp ösýän Türkmenistanyň Siziň ýolbaşçylygyňyzda gazanan uly üstünligi bolup, dünýä bileleşigi tarapyndan doly ykrar edildi. .

Ukrainada Siziň döwletlerimiziň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara esaslanan ukrain-türkmen hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna berýän ünsüňize ýokary baha berilýär.

Ukrainanyň we Türkmenistanyň arasyndaky syýasy gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaglygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn. Şol ugurlar biziň halklarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine özara gyzyklanma döredýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter