Mary we Lebap welaýatlaryndaky halkara çäreleri baý medeni maksatnama bezär | TDH
Medeniýet

Mary we Lebap welaýatlaryndaky halkara çäreleri baý medeni maksatnama bezär

опубликованно 16.02.2018 // 862 - просмотров
 

23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada Hökümetiň mejlisinde B. Abdyýewa habar berdi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlarynyň çykyşlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy aýdyň beýan ediler. Döredijilik toparlary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini, baýramçylyk dessurlaryny, milli tagamy taýýarlamagyň aýratynlyklaryny, el işlerini, milli sport çärelerini we ýazky meýdan işlerini beýan ederler. Sergi toplumlarynda milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkeziler. Şeýle hem Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýän, şeýle hem jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter