Lebap welaýatynda Halkara howa menzili ulanmaga tabşyrylar we de “Amul–Hazar 2018” awtorallisine bedalda beriler | TDH
Amul — Hazar 2018

Lebap welaýatynda Halkara howa menzili ulanmaga tabşyrylar we de “Amul–Hazar 2018” awtorallisine bedalda beriler

опубликованно 16.02.2018 // 2033 - просмотров
 

26-njy fewralda Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşy bolar we “Amul–Hazar 2018” awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berler. Türkmenistanyň hökümet mejlisinde bu çärelere taýýarlyk görülişiniň barşyna garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy fewralda Lebap welaýatynda boljak çäreleriň ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýetli özgerişliklere öwrüljekdigini belledi.

Türkmenabatda Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi ulag gatnawlaryny görnetin giňeltmäge, tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Gündogar sebitimiziň mundan beýläk-de depginli ösmegini şertlendirer, bu bolsa senagatyň ösmegini üpjün etmäge hem-de Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny hem-de onuň bilen baglanyşykly bolan milli taryhy-medeni gymmatlygy giňden wagyz etmäge bagyşlanylan işleriň ähmiýetini nygtady. Özünde sagdynlyk we medeni çäreleri birleşdirýän işler jemgyýetde işjeň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna, ülkäniň öwrenilmegini höweslendirmäge, Watanymyzyň taryhyna gyzyklanmanyň artmagyna täsir eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini, sportuň, şol sanda köpçülikleýin sportuň ösüşini goldamak boýunça syýasaty oňat netijelerini berýär. Halkara ýaryşlarynda türgenlerimiziň yzygiderli gazanýan medallary we baýraklary bu aýdylanlaryň subutnamasydyr. V Aziýa oýunlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Şonda türkmen türgenleri umumytoparlaýyn birinji orny eýelediler. Ýakyn günlerde badalga beriljek welosport we ýeňil atletika boýunça ýaryşlar, halkara awtoralli, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň durmuşynyň ähmiýetli wakalaryna öwrüler. Olaryň ählisi ýurdumyzda sportuň şu görnüşleriniň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter