Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine Parklend şäherinde bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine Parklend şäherinde bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi

опубликованно 16.02.2018 // 1168 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Florida ştatynyň Parklend şäherindäki mekdepde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan döwlet Baştutanymyz gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter