Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

опубликованно 12.02.2018 // 1405 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe AN-148 ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter