Türkmenistan UNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär | TDH
Medeniýet

Türkmenistan UNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär

опубликованно 09.02.2018 // 1287 - просмотров
 

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.

Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi.

2017-nji ýylyň dekabrynda Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke atçylyk sungatyny bu abraýly sanawa girizmek, Köýtendagyň ekoulgamyny we “Bathyz” döwlet goraghanasyny bolsa, UNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň bu guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) 2017-2020-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanandygy bellenildi. Türkmenistanda 2021-nji ýylda UNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýe we sporta jogapkär ministrleriň 7-nji halkara maslahatynyň (MINEPS VII) geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter