2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklanyldy | TDH
Türkmenistan — Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi

2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklanyldy

опубликованно 03.02.2018 // 2709 - просмотров
 

Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Öňler Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurdumyzyň ähmiýetli taryhy-medeni ýerlerinde ýylyň dowamynda ylmy maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, arheologiki gymmatlyklaryň sergisiniň, folklor toparlaryň bäsleşikleriniň geçirilmegi, şeýle hem sahna eserleriniň, dessanlary ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly ýygyndylarynyň, degişli neşirýat önümleriniň hem-de ýadygärlik sowgatlaryň taýýarlanylmagy maksat edinilýär. Çäreleriň tapgyry UNESKO-nyň abraýly medeni mirasynyň sanawyna girizilen aýdym aýtmagyň we tans etmegiň milli sungaty bolan küştdepdä bagyşlanylar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamyndaky işleri işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri gözlemegiň zerurdygyny belledi. Döwletiň we jemgyýetiň mundan beýläkki ösüşi köp babatda döredijilik ulgamynyň işgärleriniň goşandyna baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

2018-nji ýylyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek babatda olaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyny mundan beýläk-de öwrenmekde we bütin dünýäde wagyz etmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu çäreleriň her biriniň uly terbiýeçilik ähmiýetine we düşünjäňi artdyrýan häsiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter