AHHG-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň esasy wezipeleri kesgitlenildi | TDH
Syýasat habarlary

AHHG-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň esasy wezipeleri kesgitlenildi

опубликованно 02.02.2018 // 1340 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökmetiň meöjlisinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň maslahaty barada aýdylan habary teswirläp, ekologiki we suw-energetiki meseleler boýunça türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.

Mejlisiň barşynda daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, bpeýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekb oýunça mesweleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň, AHHG-ny dörediji döwletleriň baştuanlarynyň maslahatyna taýýarlyk görmegiň , “Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň” täze görnüşini işläp taýýarlamagyň Iş meýilnamasyny tassyklamak hem-de AHHG-nyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi baradaky resminamalara gol çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk metmeginiň esasy wezipeleriniň üstünde durup gçip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak, ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek boýunça yzygyiderli işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter