Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüş görkezýär | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüş görkezýär

опубликованно 02.02.2018 // 964 - просмотров
 

2018-nji ýylyň ýanwar aýyna bagyşlanylan Hökümetiň mejlisinde wise-premýer G.Myradowyň habar berşi ýaly, geçen degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň ösüşiniň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 3,8 göterim artdy. Tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde durnukly saklandy.

Şu ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň çykdajy böleginiň 81,3 göteriminiň durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda tölenildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň 60-synyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 31-niň, 352 müň inedördil metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Şunuň bilen baglylyk döwlet Baştutanymyz mili ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmek, ähli pudaklarda durnukly ösüş depginlerini saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň möhümdigini belledi. Bu maksatlar bilen bar bolan ähli mümkinçilikleri herekete girizmek, şeýle hem makroykdysady ýagdaýy yzygiderli seljermek we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, geljek üçin uzakmöhletleýin meýilnamalary hasaba alyp, ony çaklamak hem-de ylmy esasda seljermek möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter