Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 12.01.2015 // 693 - просмотров
 

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda Milli oba maksatnamasyny amala aşyrmagyň nobatdaky wezipelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy, Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde beýan edilen görkezmeler bilen baglylykda görülýän çäreler, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýyl üçin bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz kärendeçilere ýerleri bölüp bermek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, bu meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini hem-de ýerleriň hak eýelerine gowuşmagy ugrunda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýerlerde milli oba maksatnamasyny amala aşyrmaga guramaçylykly çemeleşmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, etrap häkimleriniň oba hojalyk işlerine, ekinlere ideg edilişine, maldarçylyk hojalyklarynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz etrap häkimlerinden edilýän talaby güýçlendirmek, olaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime sebit düzümlerinde welaýatyň pudaklarynyň öňünde goýlan wezipeleriň ýollaryny işläp düzmäge bagyşlanan maslahatlary guramagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz G.Baýgeldiýewi Babadaýhan etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakyndaky Permana we Babadaýhan etrabynyň häkiminiň orunbasary R.Ýazberdiýewi şol etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň 9-njy ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde ähli ulgamlar boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde gurulýan desgalar, olarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýratyn bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda hem ýerleri kärendeçilere bermegiň usulyny kämilleşdirmek, kärendeçileriň bölünip berlen ýerlere eýeçilik gözi bilen garamagyny üpjün etmek we oba hojalyk önüm öndürijilerine goldaw bermek bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň dolandyryş düzümleriniň işini gaýtadan guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyryp, etraplaryň häkimleriniň özlerine ynanylan ýerlerde ähli oba hojalyk işleriniň netijeli bolmagyna, şol sanda maldarçylyk hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz M.Annamyradowy işde goýberen kemçilikleri üçin Gumdag şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmak hakynda Permana we bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Gumdag şäheriniň häkiminiň orunbasary A.Hojamowyň üstüne ýüklemek hakyndaky Karara gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň häkimine sebitleriň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksadynda işleriň meýilnamalaryny düzmäge bagyşlanan ýygnaklary geçirmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çykyş etdi. Ol welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça alnyp barylýan işler, Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ekin ekmek üçin kärendeçilere ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Ýeri yhlasly işleýän, bol hasyl almagy başarýan kärendeçilere bermeli, bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini etrap häkimlerinden berk talap etmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz etrap häkimleriniň ekin meýdanlaryna aýlanmagynyň, ekinlere ideg edilişini öz gözleri bilen görmeginiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýerlerde göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda öňe sürülen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin K.Arazdurdyýewi Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Karara, A.Jumageldiýewi Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakynda Permana we Akdepe etrabynyň häkimi wezipesine B.Gylyjowy bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanlary bilen işde goýberen kemçilikleri üçin O.Muhaýew Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi wezipesinden boşadyldy, bu wezipä R.Orazdurdyýew bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine H.Nepesow bellenildi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek maksadynda alnyp barylýan işler barada aýratyn durup geçdi. Sebitiň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda geçirilýän işleriň netijeliligini üpjün etmek boýunça çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde işleýän kärendeçilere yzygiderli goldaw berilmelidigini, ýerleriň kärende usulynda ulanmak üçin bölünip berlişi bilen baglanyşykly jogapkärçiligiň etrap häkimleriniň üstüne ýüklenmelidigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz etraplarda alnyp barylýan işler üçin häkimlerden edilýän talaby güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, olaryň ekin meýdanlarynda, kärendeçileriň arasynda köpräk bolmagyny, ähli ýerlerde daýhan hojalyklarynda we maldarçylyk toplumlarynda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegini ýola goýmagy häkimden talap etdi. Döwlet Baştutanymyz şu günki iş maslahatynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek maksady bilen, ýörite ýygnaklary geçirilmegi tabşyrdy.

Umuman, welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny, etraplarda ähli babatda iş düzgün-nyzamynyň, ykrar edilen kadalarynyň berk berjaý edilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin A.Begliýewi Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak we bu wezipä T.Akyýewi bellemek we ony Garabekewül etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin B.Gapurowy Birata etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, bu wezipä Ç.Astanowy belläp, ony Birata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak, şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin D.Bäşimowy Atamyrat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, A.Garlyýewi Atamyrat etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakynda resminamalara gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen işde goýberen kemçilikleri üçin D.Aşirow Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy, döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary B.Ibragimowyň üstüne ýüklenildi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda işlenip taýýarlanylan iş meýilnamasy, ony ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýaty ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň baş talabydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, suwarymly ýerlerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, kärendeçileriň zähmeti, olaryň iş şertleri hem-de ýerleriň kärende usulyna berilmegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde etrap häkimleriniň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Etrap häkimleriniň ýerlerde köpräk bolup, olaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreleriň hiline, olaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegini ýola goýmagy tabşyrmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýerlerde alnyp barylýan işlere gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini nygtady. Ýerleriň hak eýesine gowuşmagy, kärendeçileriň bol hasyl almagy bilen baglanyşykly meseleleriň ünsden düşürilmeli däldigini aýtdy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin T.Myratlyýewi Murgap etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, bu wezipä Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýän E.Esenowy bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz Mary welaýatynyň häkimine ähli welaýatlarda bolşy ýaly, şu günki wideoşekilli iş maslahatynda öňe sürlen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça taýýarlanylýan iş meýilnamasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan şäherde abadançylygy we arassaçylygy üpjün etmek boýunça giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimize paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan işleriň taslamalaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabatda abadançylygyň, arassaçylygyň üpjün edilmeginiň, gurulýan desgalaryň öz möhletinde tamamlanmagynyň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň baş talap bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz şäheriň etrap häkimleriniň il içinde ýygy-ýygydan bolup, alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamalydygyny, gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermelidigini belledi.

Şäheriň etraplarynda alnyp barylýan işler üçin häkimlerden edilýän talaby güýçlendirmek barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz olaryň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, etrap häkimlerini wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň täze tertibini girizmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejede bolmagyny üpjün etmek paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimlerinden edilýän esasy talap bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerinde, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini, olaryň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa ähli etraplaryň häkimleriniň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmalydygyny aýratyn bellemek bilen, bu babatda wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylaryň hemmesine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter