Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

опубликованно 20.01.2015 // 855 - просмотров
 

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Allan Mastardy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň salamyny ýetirdi, ol iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem okgunly ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostluk gatnaşyklaryny we köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz jenap Allan Mastardy Türkmenistandaky diplomatik wekilhananyň baştutany wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikler arzuw etdi. Häzirki döwrüň wajyp meselelerine, şol sanda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakynlygyny nazara almak bilen, bu gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Baştutany we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili işewür hyzmatdaşlygyň okgunly ösmegini üpjün edýän özara gyzyklanmanyň bardygyny kanagatlanmak bilen belläp, «Türkmenistan —ABŞ» işewürler geňeşiniň hem-de iki ýurduň döwlet we işewürler toparlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga ýardam edýän, yzygiderli geçirilýän sergiler we işewürler duşuşyklarynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriljek türkmen-amerikan işewürler maslahaty bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bu forum hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan has doly peýdalanmaga, täze netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga hem-de däp bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň meşhur kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda esasy ulgamlaryň ählisinde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda, bilim ulgamynda we beýleki ugurlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki möhüm taslamalar amerikan işewürleriniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Nygtalyşy ýaly, şeýle netijeli gatnaşyklar köp babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasat ugrunyň aýdyň netijesidir. Ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bu syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Ilçi öz ýurdunyň işewür toparlarynyň türkmen Lideriniň başyny başlan täze taslamalaryna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamda, hususan-da, ylym, medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi islendik ýurduň okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ABŞ-nyň ilçisi jenap Allan Mastard iki ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän netijeli türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter