Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

опубликованно 23.01.2018 // 1514 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenen Jin Ki Huny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat watg tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Koreýa Pespublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt we rowaçlyk baradaky arzuwyny ýetirdi. Jenap Jin Ki Hun öz ýurdunyň Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan, deňhukuklylyk hem-de uzakmöhletlilik ýörelgelerine esaslanýan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, soňky ýyllarda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygyny belledi.

Milli Liderimiz koreýaly kärdeşine mähirli salamyny beýan edip, ilçini jogapkärli wezipe bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Doly ygtyýarly wekil ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, gurluşyk, energetika we ulag ýaly ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Bu ulgamlarda Türkmenistan möhüm başlangyçlar, hususan-da, ýük daşamak üçin has amatly ugurlary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Diplomat koreýaly işewürleriň dünýäniň ähli künjeklerinden geljekki maýadarlary we kompaniýalary özüne barha çekýän geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurda goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki türkmen-koreý hökümetara toparynyň işine hem-de ikitaraplaýyn işewürler maslahatlaryna möhüm orun degişlidir. Olar netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam etmelidir.

Medeni-ynsanperwer ulgamy özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu ulgamda iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde medeni we ylym-bilim babatdaky gatnaşyklary höweslendirmäge hem-de çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda koreý diliniň okadylmagy, bilim maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy hem-de Koreýa Respublikasynyň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň aýdyň mysallary hökmünde görkezildi. Şeýle hem syýahatçylyk we sport, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Ilçi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Jenap Jin Ki Hun öz tarapyndan umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter