“Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady | TDH
Sport

“Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady

опубликованно 23.01.2018 // 1191 - просмотров
 

Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna hem-de ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary “AFK-nyň Kubogy - 2018” ýaryşynda 23-nji ýanwarda Bişkekde ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdi.Biziň toparymyz Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” topary bilen duşuşdy.

Biziň futbolçylarymyz oýny ynamly başlap, eminiň jürlewgi ýaňlanandan soň köp wagt geçmänkä, pökgini bäsdeşleriniň derwezesine geçirmegi başardylar. Süleýman Muhadow bu duşuşykda ilkinji pökgini geçirdi. Oýnuň netijeli başlanmagy ýeňşi has-da berkitmäge höweslendirmeli ýaly bolsa-da, duşuşygyň 19-njy minutynda gyrgyz topary hasaby 1:1-edeňledi.

Oýnuň ikinji ýarymynda “Ahalyň” futbolçylary bäsdeşleriň derwezesine yzygiderli hüjüm etdiler. Oýnuň 75-nji minutynda Myrat Annaýew dürs urgy bilen öz toparyny öňe çykardy, şondan 11 minut geçenden soňra bolsa, ol ýene-de bir pökgini, üçünji pökgini geçirdi.

Baş tälimçi Röwşen Meredowyň tälim berýän oýunçylarynyň myhmançylykda gazanan bu üstünligi 30-njy ýanwarda Balkanabatda geçiriljek jogap duşuşygynda türkmen futbolçularynyň ýeňiş gazanjakdygyna ynam döredýär. Biziň toparymyza ýaryşlaryň indiki tapgyryna çykmak üçin öz ýerinde hatda az hasap bilen utulmak hem ýeterlikdir.“Ahal”-“Dordoý” toparlarynyň ýeňijisi Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň esasy tapgyryna çykmak üçin ýene bir saýlama tapgyryň synagyndan geçmeli bolar.

Türkmenistanyň çempiony, Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary bolsa eýýäm toparlaýyn ýayşlara gatnaşmaga hukuk gazandy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter