Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy | TDH
Syýasat habarlary

Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

опубликованно 22.01.2015 // 918 - просмотров
 

Mary, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistana döwlet saparynyň jemleýji güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Mary welaýatynyň dolandyryş merkezine baryp gördi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi. Olaryň üstünlikli geçmegi iki goňşy döwletleriň we halklaryň asyrlarboýy berkidilen, mizemez dostluk däplerine ygrarlydygyny özara bähbitli hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge taraplaryň taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olar türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitmäge hyzmat eder. Şeýle hem ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we özara maýa goýumlary üçin zerur bolan şertleri döretmek hakynda pikir alşyldy.

Biziň ýurdumyza ilkinji gezek sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani parahatçylyk we jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk işine, türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky dostlukly, doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly goşandy, şeýle hem ykdysadyýet, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren uly hyzmatlary üçin Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Hormatly professory diýen ada eýe boldy.

Şu gün, Türkmenistana döwlet saparynyň ikinji güni OYR-niň Prezidenti Mary welaýatynyň dolandyryş merkezi — baý we gadymy taryhy bolan Mary şäherine bardy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Marynyň howa menzilinde Owganystanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Owgan Liderine däbe görä, duz-çörek hödür edildi, gül desseleri gowşuryldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň medeni we ylmy ojaklarynyň birine öwrülen Mary şäheriniň gadymy taryhy we häzirki ösüşi köpsanly alymlary, syýahatçylary we zyýaratçylary özüne çekýär. 2012-nji ýylda Mary şäheri üstüne ýüklenen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýen hormatly wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi, şu ýyl bolsa ol türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna tarap ugur aldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan täsin ýadygärlikleriň bu toplumy açyk asmanyň astyndaky ägirt uly muzeý bolup, dünýäniň ähli künjeklerinden köpsanly syýahatçylaryň gelýän ýerine, şol bir wagtyň özünde milli we dünýä taryhynda hem-de medeniýetinde ylmy barlaglar we täze açyşlar üçin barlaghana öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Owganystanyň Baştutany hünäri boýunça antropolog, antropologiýa ylymlarynyň doktory bolup, gadymy türkmen topragynda geçirilýän arheologik barlaglaryna uly gyzyklanma bildirýär.

«Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmeginiň barşynda Prezident Mohammad Aşraf Gani ähmiýetli binagärlik ýadygärlikleriniň birnäçesi bilen tanyşdy. Şolaryň biri Uly Gyzgala galasy bolup, ol VII — IX asyrlaryň ýadygärligi we goraghananyň özeni bolup durýar. Bu binagärlik sungaty öz «gofrirlenen» diwarlary bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Olar irki orta asyrlarda köşkleri bina eden türkmen binagärleriniň belent sungatynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Muhammet ibn-Zeýdiň kümmeti hem goraghananyň uly gyzyklanma döredýän ýadygärlikleriniň biri bolup, ol Muhammet Hanapýanyň kümmeti hökmünde bellidir. Kümmetiň ýüzünde bişen kerpiçden arap dilinde ýazylan ýazgy bolup, ol kümmetiň 1112—1113-nji ýyllarda halyf Alynyň bäşinji neberesinden bolan Muhammet ibn-Zeýdiň guburynyň üstünde bina edilendigini aňladýar.

Ilkibaşda kümmet çig kerpiçden uly bolmadyk mazar görnüşinde bolup, binanyň daş ýüzi bişen kerpiç bilen örtülipdi we üstünde gümmez oturdylypdy. Soňra üsti gümmezli kümmetde birnäçe gezek abatlaýyş işleri geçirilip, onuň ýanynda metjit guruldy. Häzir bu ajaýyp binagärlik toplumy orta asyr binagärliginiň iň gowy nusgalarynyň biri hökmünde ykrar edildi.

Gadymy Merwiň binagärligi bilen tanyşlyk Beýik Seljuklar döwletiniň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň kümmetine baryp görmek bilen tamamlandy. Bu kümmet Merwiň binagärlik ýadygärligi we XII asyryň türkmen binagärliginiň merjeni hasaplanýar. Kümmet dine uýýanlaryň müňlerçesiniň zyýarat edýän ýeri bolup, daşary ýurtly jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýär.

Owganystanyň Prezidenti goraghananyň işgärlerine we tutuş adamzadyň baýlygy hasaplanýan Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak we tanyşdyrmak ýaly asylly iş bilen meşgullanýan adamlara işlerinde üstünlikler arzuw edip, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginden ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňýanynda dabaraly ýagdaýda açylan we şäheriň gözellikleriniň biri hasaplanýan Marynyň welaýat kitaphanasyna baryp gördi. Bu belent bina 3 million kitaby saklamaga niýetlenip, her gün 600 okyjyny kabul etmäge ukyplydyr. Bu ýerde Internet-zal, kitap muzeýi bar. Kitaphananyň açylýan gümmeziniň astynda obserwatoriýa ýerleşýär. Şeýlelikde, döwrebap kitaphana Gadymy Merw obserwatoriýasynyň özboluşly mirasdüşeri bolup, bu ýerde dünýä belli alymlaryň onlarçasy, şol sanda meşhur astronom we matematik Omar Haýýam asman jisimlerini öwrendiler.

Soňra kitaphananyň mejlisler zalynda Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistanda bilim alýan owgan talyplary bilen duşuşygy boldy. Häzirki wagtda gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň esasynda Türkmenistanyň dürli okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýan talyplaryň 75-si okaýar. Şeýlelikde, gumanitar ulgamda üstünlikli dowam edýän türkmen-owgan hyzmatdaşlygy aýdyň tassyklanmasyna eýe bolýar.

Duşuşygyň barşynda Owganystanyň Baştutany oňa gatnaşyjylary düýn geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri bilen tanyşdyryp, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlykda ikitaraplaýyn gatnaşyklara möhüm ähmiýetiň berilýändigini belledi.

Ýurduň ylym we blim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň aýratyn ähmiýetini belläp, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň ýaşlarynyň dostlukly Türkmenistanda alýan bilimleriniň olara öz ýurduny öňdäki orunlara çykarmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine mümkinçilik berer diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Baştutany umumy taryhy we ruhy kökleri bilen birleşen türkmen we owgan halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde talyp ýaşlarynyň ornuny belledi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýaş watandaşlaryna rowaçlyk we okuwda uly üstünlikleri arzuw edip, talyplara ýadygärlik sowgatlaryny — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» kitabyny gowşurdy.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Prezidentiň awtoulag kerweni Mary şäheriniň howa menziline tarap ugur aldy. Şol ýerden Owganystanyň Baştutany Watanyna ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter