Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 22.01.2015 // 834 - просмотров
 

Aşgabat, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda häzirki döwür üçin möhüm çäreleriň meýilnamalaryna, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ilkinji derejeli wezipelerine hem-de döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol 2013—2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyna laýyklykda Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şol tabşyryklar netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglydyr.

Wise-premýer Sloweniýa Respublikasynyň Lýublýana şäherinde geçiriljek Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň birinji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, energetika, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, dokma senagatynda, syýahatçylyk we sport, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri bar.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň gün tertibi barada hem habar berdi. Onuň çäklerinde 2015—2017-nji ýyllarda bilelikde işlemegiň meýilnamasyna, energetika we üstaşyr -ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň meselelerine garalar. Şeýle hem Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen döredijilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, şeýle hem sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen döwletara derejesinde hem-de abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek üçin mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, wise-premýere, meýilleşdirilen halkara ähmiýetli çäreleriň ählisine, şol sanda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň birinji mejlisine hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna talabalaýyk taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gender deňligi barada durup geçip, adam, onuň hukuklary we azatlyklary hakyndaky aladanyň ýurdumyzy demokratik taýdan ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we şertnamalarynyň köpsanlysyna goşuldy. Ýurdumyz abraýly dünýä guramalarynyň, şol sanda BMG-niň tassyklanan resminamalaryna laýyklykda öz borçnamalaryna berk eýerip, milli kanunçylyga we tejribä umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny we düzgünlerini, şol sanda erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmäge degişli kadalary yzygiderli girizýär.

Döwlet Baştutanymyz degişli karara gol çekip, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasyny» tassyklady we bu resminamany ýerine ýetirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem 30-njy ýanwarda Litwa Respublikasynyň Wilnýus şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň 1-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzüminiň kesgitlenilendigini habar berdi.

Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag-logistika, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, telekeçilik, ynsanperwerlik we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we onuň gerimini giňeltmek barada meselelere serediler.

Wise-premýer şeýle hem içerki önüm öndürijileri ykdysady taýdan goldamak maksady bilen, käbir harytlar boýunça gümrük paçlarynyň sanawlaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli geçirmekde, daşary ýurtlar bilen ähli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlarynyň ähmiýetini belläp, wise-premýere Wilnýus şäherinde geçiriljek ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň birinji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam etjek möhüm meseleleriň ara alyp maslahatlaşylmagyny üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu toparyň Türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň önüm öndürijilerini ykdysady taýdan goldamagyň, eksport edilýän, şeýle-de importuň ýerini tutýan önümçiligi höweslendirmegiň we amatly şertleri döretmegiň, şeýlelikde ýurdumyza gelip gowuşýan erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň möçberlerini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, döwlet Baştutanymyzyň birnäçe kanunlary we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak babatda aýdanlaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Şol kanunlar we kadalaýyn-hukuk namalary türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşine degişli iri maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem ileri tutulýan ugurlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertleriniň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilmelidir.

Şunuň bilen birlikde, deputatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri seljerýändikleri, ýerlerde bolup, ozal kabul edilen kanunçylyk namalaryny we umuman, döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan daşary we içeri syýasaty düşündirmek işlerini işjeň geçirýändikleri, öz saýlawçylary bilen duşuşyp, olaryň isleg-arzuwlaryny, durmuş we iş şertlerini öwrenýändikleri bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we meýilnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap bolmagynyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze hukuk usullarynyň düýpli işlenilmeginiň, milli kanun çykaryjylyk işine halkara hukugynyň ýörelgelerini we kadalaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew öz hasabatynda Aşgabat şäherini, hususan-da, şäheriň ulag we jemagat hojalygy düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler, şol sanda Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasy tarapyndan bina edilýän zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň gurluşygynyň barşy hakynda habar berdi. Häzir işleriň birinji tapgyry doly tamamlanyp, zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň ýene-de bäş müňe golaý metrini, 4 sany lagym kabul ediji guýulary, 8 sany şöhle — zeýkeş guýulary, zeýkeş-aragatnaşyk ötügini dolandyrmak üçin edara binasyny we beýlekileri gurmak göz öňünde tutýan ikinji tapgyry amala aşyrmaga girişildi.

Soňra wise-premýer türkmen paýtagtynda ilatyň artýan islegini nazara almak bilen, awtoduralgalary gurmagyň meýilnamalary hakynda hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzire çenli paýtagtymyzda köp gatly awtoduralgalaryň 8-si gurlup, olaryň ýene-de 7-siniň gurluşyk işleri dowam edýär. Bulardan başga-da, ýaşaýyş jaý toplumlarynda, söwda merkezlerinde we beýleki köpçülik ýerlerinde açyk görnüşli ??? awtoduralgalaryň birnäçesi hereket edýär.

Ahal welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleri bilen bilelikde awtoduralgalary gurmak, şol sanda paýtagtymyzyň gür ilatly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň çäklerinde köp gatly awtoduralgalary gurmak boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin döwrebap awtoduralgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak üçin potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň jemagat, ýol-ulag we hojalyk düzümlerini ösdürmegiň — toplumlaýyn we örän jogapkärçilikli iş bolup durýar diýip belledi. Olaryň hemmesi paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Şol işler bolsa şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýokary amatlylyk ölçeglerine laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz degişli ugurda işleri guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag gatnawlarynyň artmagy bilen baglylykda, wise-premýere paýtagtymyzda täze awtoduralgalary yzygiderli gurmak boýunça görkezmeleri berip, awtoduralgalaryň ýerleşjek ýerlerini, aýratyn-da, şäher ilatynyň we sürüjileriň amatlylygy üçin ýaşaýyş jaý toplumlarynda gurulmagyny düýpli öwrenmegi talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreleriň toplumy ýerine ýetirilýär — ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we haşal otlara garşy göreş alnyp barylýar.

Gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda ylmy-barlag institutlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň esasy hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirilýär. Olarda suw we ýer serişdelerini aýawly peýdalanmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga ýardam berýän döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary iş ýüzünde ornaşdyrmaga degişli meselelere garalýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer ýurdumyzda öndürilýän gök we bakja önümleriniň möçberlerini artdyrmak, kärendeçiler bilen degişli şertnamalary baglaşmak maksady bilen görülýän çäreler, şeýle hem bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar aýdyldy.

Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyny guramak bilen bagly habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyna ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň we umuman, oba hojalyk pudagyny üstünlikli ösdürmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda işleri takyk utgaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şäherleri we obalary abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga büremäge degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan bag ekmek maksatnamasy Watanymyzy gülleýän mekana öwürmäge, daşky gurşawy goramak ugrunda wezipeleri çözmäge, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda suwdan peýdalanmak we ekologiýa meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek hakynda karara gol çekip, biziň döwletimiz bu meselä örän uly üns berýär diýip belledi.
Şu babatda yklymyň iň uly çölüniň merkezinde — Garagumda güýçli depginler bilen alnyp barylýan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy nusga alarlykdyr. Onuň gurulmagy diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagy üçin döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän anyk çäreleriň birine öwrüldi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzda nebitiň gorlaryny ýüze çykarmak, nebiti gözlemek we tapmak boýunça geologiýa- gözleg işlerini has-da güýçlendirmek, şeýle hem uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny synplaşdyrmaklygyň halkara derejesine geçmek boýunça ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda ulanylýan bu ulgam ýerastynyň öwrenilmegine esaslanýar we nebitgaz senagatynda geçirilýän geologiýa-gözleg, buraw we beýleki işleriň barşynda alnan ähli maglumatlary özünde jemleýär. Ol uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny takyk kesgitlemäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, olaryň senagat taýdan işlenip taýýarlanylmagyna ykdysady bahany geçirmäge ýardam berýär. Bu ulgam ýurdumyzdaky ýataklaryň birnäçesiniň gorlaryna auditor barlagy hem-de sertifikatiýalaşdyrmak işleri geçirilende ulanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň olara milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny belledi. Ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy ýurdumyzda açylan we geljegi uly bolan uglewodorodlaryň ägirt uly gorlaryna esaslanýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan bu gün öz energetika syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, onuň dünýäniň iri bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarydyr.

Milli Liderimiz şu babatda uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gorlaryny synplaşdyrmagyň halkara ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwaty barada takyk maglumatlary almaga we degişlilikde, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň halkara energetika ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ugurlarynda işleriň ýagdaýy hem-de fewral aýynda geçiriljek medeni çärelere, durmuş-medeni maksatly binalary açyp, ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni we ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, çäreleriň uly meýilnamasy — konsertler, baýramçylyk duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar, sport ýaryşlary taýýarlanyldy. Olar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň medeniýet we sport merkezlerinde, okuw mekdeplerinde geçiriler. Watanymyzyň mukaddes Tugunyň hormatyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyndaky Döwlet konserti, Garaşsyz Türkmenistanyň iň uly baýdagy parlaýan belent sütüniň ýanyndaky meýdançada baýramçylyk konserti bolar. Dabaralar owadan feýerwerkler bilen tamamlanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamyny innowasion taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň, işlemegiň döwrüň ruhuna we tehniki ösüşlere laýyk gelýän täze görnüşlerini we usullaryny tapmagyň, ýurdumyzda bolup geçýän hemme ägirt uly özgerişliklere döredijilik taýdan akyl ýetirmegiň hem-de Türkmenistanyň gazananlaryny giňden wagyz etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet tugunyň güni we fewral aýynda bellenilýän seneler mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasyny hödürledi. Bu meýilnama döwlet Baştutanymyzyň beren degişli maslahatlary we görkezmeleri nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy.

Habar berlişi ýaly, iýul aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda wekilçilikli maslahaty, şeýle hem «Saglyk — 2015» atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu mynasybetli daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan üstünliklerine degişli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça türkmen diliniň düşündirişli we orfografik sözlüklerini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, munuň üçin dilçi alymlaryň — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň esasy hünärmenlerinden ybarat işçi topary döredildi. Olar 50 müňe golaý sözleri, täze adalgalary we söz düzümlerini öz içine alýan türkmen diliniň düşündirişli sözlügini işläp taýýarladylar. Täze sözlük çap edilmezden öň materialyň dolulygyna we möhümligine baha bermek babatda ýörite toparyň syn ýazmagy üçin hödürlener.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasyny tassyklap, olaryň baý many-mazmuna eýe bolmagyny üpjün etmegiň, göz öňünde tutulan ylmy forumlaryň işine halkara bilermenlerini we daşary ýurtly hünärmenleri, köpçülikleýin çärelere ilat köpçüligini işjeň çekmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz türkmen diliniň düşündirişli sözlügini döretmegiň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyryp, leksikografiki neşir hökmünde onuň ähmiýetini nygtady we onuň üstünde mundan beýläk-de netijeli işlemegiň wajypdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler S.Toýlyýewe hem-de A.Ýazmyradowa ýüzlenip ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan wezipeleri belledi we bu işe alymlary hem çekmegi maslahat berdi.

Ýurdumyzyň ilaty üçin näçe mukdarda azyk önümleriniň gerekdigini kesgitlemek, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak bilen bagly meseläni öwrenmek, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işler geçirilende ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini giňden peýdalanmak oba senagat önümçiliginiň öňdebaryjy usullaryny ulanmak möhümdir.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar, çünki ol ykdysady, durmuş, demokratiki we ekologiýa şertleriniň, ýurdumyzyň we dünýä bazarynyň ösüşiniň ugurlarynyň
giň meselelerini öz içine alýar. Şoňa görä-de, bu meseleleri toplumlaýyn öwrenmek ylmy çemeleşmäni talap edýär.Ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalarynyň taýýarlanmagyny guramak möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Mundan başga-da, azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga niýetlenen ylmy maksatnamalary hem işläp taýýarlamak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine ýurdumyzda geçirilýän ylmy maslahatlarda seretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, 2015-nji ýylda ýurdumyzda pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Ýüpekçilik pudagynyň çig mal binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky «Türkmenýüpek» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daýhan birleşiklerinde pile taýýarlamak boýunça işlerde welaýat we etrap häkimlikleri zerur bolan kömegi üpjün edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek, şol sanda pudagyň kärhanalaryny ýeterlik möçberde çig mal bilen üpjün etmek boýunça guramaçylyk işlerini geçirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamasy boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer ilata edilýän ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Täze dörediljek institutyň ýerleşjek ýeri çyzgylar arkaly görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda döwletimiziň goldaw bermeginde häzir hereket edýän gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga we täze kuwwatlyklary işe girizmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda kuwwaty 254 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak hakyndaky karara gol çekip, pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlaryň we serişdeleriň ulanylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, şol sanda jemagat hyzmatlarynyň hilini we suw üpjünçiligini gowulandyrmagyň möhümdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, türkmenistanlylaryň oňat ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendigini, öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem «Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasy hakyndaky Düzgünnama hem-de biržada hökmany bellige alynmaga degişli şertnamalaryň görnüşleriniň Sanawy barada hasabat berip, degişli resminamalaryň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Soňra wise-premýer 21-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen türkmen-amerikan işewürler maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Forumyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga we söwda-ykdysady gatnaşyklary, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygy innowasion ugurda ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Soňra 28—30-njy ýanwarda türkmen paýtagtynda ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň gatnaşmagynda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Habar berlişi ýaly, 28—29-njy ýanwarda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň 3-nji mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, nebitgaz pudagynda maýa goýumlaryny gönükdirmek, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakyndaky» karara gol çekip, görlen çäreleriň biržanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda haryt bazaryny has-da ösdürmäge, eksportuň möçberlerini artdyrmaga, onuň geografiýasyny giňeltmäge, ýurdumyzyň bazarynda sagdyn bäsdeşlik ýagdaýyny döretmäge gönükdirilendigini nygtady.

Ýurdumyzyň söwda-ykdysady toplumynyň edaralarynyň işinde döwrebap guramaçylyk usullaryndan netijeli ulanmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek Mebel we öý harytlarynyň halkara sergisi hem halkara işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisiniň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda geljekki ädimleri aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirip, bu işewürler maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bagylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazar almak bilen, haryt dolanyşygynyň möçberlerini has-da artdyrmak, bilelikdäki işiň gerimini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, şol sanda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, degişli enjamlary satyn almak we gurnamak boýunça geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde howa ulagy kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz häzir Türkmenistanda telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini belläp, onuň işini has-da kämilleşdirmegiň we talap edilýän ýokary hili gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu gün Internetiň we aragatnaşygyň döwrebap tehnologiýalarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy üçin ähli şertler döredilýändigini, telekommunikasiýalary çalt ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. «Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň aragatnaşyk enjamlaryny satyn almagy we gurnamagy hakyndaky» karara gol çekip, milli Liderimiz wise-premýere bellenilen işleriň amala aşyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen raýat awiasiýasynyň dolandyryş ulgamyna döwrebap iş usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, degişli karara gol çekdi, resminama laýyklykda «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň düzüminde Aşgabat şäheriniň halkara aeroporty, «Hökümet awiasiýasy» kärhanasy we Jemagat-hojalyk kärhanasy dörediler. Munuň özi howa gatnawlar ulgamynyň işini has-da gowulandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem şol resminama laýyklykda, «Türkmenistan» Howa ulaglary kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, onuň binýadynda paýdarlar jemgyýetini döretmek bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri çözmekde, türkmen halkynyň parahat we bagtyýar durmuşy ugrundaky işlerde hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter