Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 26.01.2015 // 724 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy ýanwar /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, käbir edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşy seljerildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän agrotehniki işler, şeýle hem mallary ýokary derejede gyşlatmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem pile taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler hakynda habar berildi. Bulardan başga-da, welaýatyň häkimi Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depgini barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki işleri, welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri, ýaz - meýdan işlerine taýýarlyk görmek, mallary dok we ýyly gyşlatmak bilen bagly işleri guramaçyklykly geçirmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. 2015-nji ýyl üçin bellenilen wezipeleriň, aýratyn-da, pile taýýarlamak boýunça öňde durýan meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda welaýatyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmayň möhümdigini belläp, milli Liderimiz bu wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan desgalaryň gurluşygynyň barşyny, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş edaralarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini we elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz T.Kuliýewi Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatda işleriň barşy, ekin meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, welaýatyň hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak maksadynda görülýän çäreler, şeýle hem pile taýýarlamak boýunça nobatdaky möwsüm bilen bagly geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Häkim öz hasabatynda ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki durmuş we medeni maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň işleýşi, şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan" gelip çykýan wezipelere laýyklykda, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňi bilen welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy, gaz bilen üpjünçiligini, ýyladyş ulgamlarynyň işleýşini hemişe gözegçilikde saklamak barada birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda işleriň alnyp barlyşyna, güýzlük bugdaýa agrotehniki kada laýyk derejede ideg edilmegine, şeýle hem ýaz ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegine gözegçilik etmek barada görkezme berdi.

Şu ýyl welaýatda pile öndürmek boýunça tabşyrygyň geçen ýylky derejesinde galdyrylýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz pile öndürmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşilmelidigini aýratyn tabşyrdy.

Welaýatda, hususan-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda T.Ürgenjowy Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew iş maslahatynyň barşynda sebitiň oba senagat toplumynda işleriň ýagdaýy, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, agrotehniki işleriň barşy, şeýle hem mallary dok we ýyly gyşlatmak, maldarçylyk hojalyklarynda ätiýaçlyk üçin goşmaça ot-iým üpjünçiligini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Şeýle hem welaýatyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny ýylylyk we elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün etmek maksadynda iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm meselesidigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň ýyladyş ulgamlarynyň göwnejaý işledilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz gowaça we beýleki ekinleriň ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, gök we bakja ekinleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Oba senagat toplumyny ösdürmek boýunça wezipeleri çözmek bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz maldarçylyk hojalyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem pile öndürmek boýunça meýilnamany amala aşyrmak üçin welaýatyň borçnamasyna ünsi çekdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek maksadynda alnyp barylýan işler barada aýratyn durup geçdi. Mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça görülýän goşmaça çäreler, ýaz ekişine taýýarlyk görmek boýunça amala aşyrylýan işler hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda senagat düzümini berkitmek, şol sanda oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy üçin degişli şertleri üpüjn etmegiň möhümdigini aýdyp, geljekki hasyl üçin ýazky ekiş möwsümini guramaçyklykly geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny belledi we pile taýýarlamak boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda bina edilýän desgalaryň, şol sanda möhüm durmuş ähmiýete eýe bolan binalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, 2015-nji ýyl üçin işleriň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylyýan işler, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalardaky amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.

Mundan başga-da, häkim Mary şäheriniň şu ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere görlen taýýarlyk, degişli taslamalary, şeýle hem welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän söwda-dynç alyş merkeziniň, döwrebap awtomenziliň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýaty ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek babatda maksatlaýyn görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, suwarymly ýerlerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, ekiş möwsümine taýýarlyk işlerine degişli pudaklaýyn düzümleriň işiniň takyk utgaşdyrylmagyny häkimden talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz häzirki günlerde welaýatyň ähli künjeklerinde elektrik energiýasynyň, gazyň, şeýle hem ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny bellemek bilen, pile taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara, çyzgylara birnäçe bellikleri aýdyp, olara düýpli düzedişleri girizdi we bu desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda şäheri has-da abadanlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şäher häkimliginiň Aşgabatda gurulýan desgalaryň öz möhletinde tamamlanmagyna we olarda ýokary hil derejesiniň berjaý edilmegine, onuň inženerçilik-tehniki desgalarynyň ulanyş ýagdaýyna we paýtagtymyzyň jemagat hojalyk düzüminiň umumy ýagdaýyna jogap berýändigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki binalaryň ýyladyş ulgamynyň, elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda göni aragatnaşyga bir wagtda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Ereşowy we A.Ýazmyradowy çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda bolan söhbetdeşligiň barşynda welaýatlaryň häkimleriniň şu ýyl pile taýýarlamak boýunça bellenilen meýilnamalara üstünlikli hötde gelmek üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy barada aýdanlaryny nazara alyp hem-de öňde goýlan wezipäniň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirip, degişli Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Döwlet balyk hojalygy komitetine degişli balyk önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygy boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Balkan welaýatynyň çäginde balyk önümçiligi toplumynyň gurluşygy boýunça taslamalary, onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. Şeýle hem ol bu toplumyň ekologiýa howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň degişli düzümler bilen ylalaşylandygy barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we balyk hojalygynyň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanşyp, olary umuman, oňlady hem-de taslamalary amala aşyrmak bilen bagly bolan ähli meseleleriň üstünde düýpli işlemegi tabşyrdy.

Wise-premýer A.Ýazmyradow öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda häzirki döwürde ýerine ýetirilýän meýdan işleri, ekiş möwsümine taýýarlyk çäreleri we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Aziada – 2017-niň ýaryşlaryna atçylyk sportunyň (konkuryň) girizilmegi mynasybetli Halkara atçylyk-sport toplumynda bu ýaryşlary geçirmek üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän ulgamyň döredilendigini aýtmak bilen, şunuň ýaly düzümi Aşgabatdaky atçylyk-sport topldumynda hem döretmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda atçylyk sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini, bu babatda halkara çärelerine giň gerim berlendigini nygtap, Türkmenistanyň atçylyk sportunyň dünýä derejesine çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Aziada-2017-niň maksatnamasyna sportuň milli görnüşleriniň girizilmegi türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, olary, umuman, oňlady we olara birnäçe bellikleri aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga şol bir wagtda wise-premýer B.Artykowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi çagyrdy, olar öz gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Şol sanda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda gurulmagy göz öňünde tutulýan Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumyny gurmakda taslamalar boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem medeni-durmuş maksatly beýleki desgalarda geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbini döretmek, onuň dünýäniň iň bir gözel şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrmak meseleleriniň üstünde durup geçdi. Ak mermerli türkmen paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, täze gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilmelidir.

Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň hödür edilen taslamalaryny we çyzgylaryny, umuman makullap, Türkmenistanyň Prezidenti olara degişli düzedişleri girizdi we wise-premýerlere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygy üçin örän zerur bolan hünärleriň birnäçesi boýunça ýokary taýýarlykly işgärleriň
taýýarlanmagy göz öňünde tutulýan täze ýokary okuw mekdebiniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwrüň döredijilik ruhuna kybap gelmelidigini we netijeli bolmalydygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz munuň üçin ähli ýolbaşçylaryň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna goranmak ministri B.Gündogdyýewi çagyrdy. Ol milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 23 ýyllygyny we 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň gününi baýram etmäge görlen taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Watan goragçylaryny şanly sene bilen gutlap, Belent Serkerdebaşymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga uly goşant goşýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna we şahsy düzümine iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, merdana Watan goragçylary harby kasama wepaly bolup, mukaddes we belent borç bolan harby gullugy ak ýürekden berjaý edýärler. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny ygtybarly goraýarlar.

“Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek syýasatyny alyp barýar. Özbaşdak döwlet hökmünde Ýaragly Güýçleriniň goranmak kuwwatyny yzygiderli berkidýäris” diýip, milli Liderimiz belledi.

Kabul edilen goranmak häsiýetli Harby doktrina laýyklykda ýurdumyzda harby özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady iň kämil tehnikalar bilen yzygiderli berkidilýär. Bu tehnikalardan we enjamlardan oňat baş çykarýan, Watana wepaly, ýokary derejeli harby hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Milli goşunymyzyň şahsy düzümini merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, mertlik we edermenlik ruhunda, asylly däplerine laýyklykda terbiýelemek boýunça zerur işler amala aşyrylýar.
Edermen harby gullukçylarymyzyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.

“Biz Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasy bolan Ýaragly Güýçlerimiz, gaýduwsyz harby gullukçylarymyz barada hemişe alada ederis” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ministr pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy ertir ýurdumyzda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize özleri hakynda edýän atalyk aladasy we ägirt uly goldawy üçin harby gullukçylaryň adyndan çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 23 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow olara berk jan saglyk, rowaçlyk, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny we asudalygyny, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny goramak işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna we bagtyýarlygyna gönükdirilen işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter