Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

опубликованно 28.01.2015 // 826 - просмотров
 

Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Premýer-ministri Ahmet Dawudoglunyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Mewlüt Çawuşoglunyň belleýşi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly, doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi we halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolýar.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady hem-de Türkmenistanyň hem Türkiýe bilen döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge uly üns berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykyp, many-mazmun taýdan baýlaşdy . Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklaryň häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak we geljegi nazara almak bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek bilen baglylykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanandygyny, Türkmenistanda milli we sebit ähmiýetli giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan belli türk kompaniýalarynyň netijeli işlerini mysal hökmünde getirdi.

Jenap Mewlüt Çawuşoglu öz nobatynda türk işewürleriniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn belledi hem-de bu ugurda berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Çünki türkmen bazary dünýäniň ähli künjeklerinden maýadarlaryň we kompaniýalaryň köpsanlysyny ýylsaýyn özüne çekýär.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-türk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça däbe öwrülen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy, munuň özi iki doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna hyzmat eder. Ikitaraplaýyn ylym-bilim we medeni gatnaşyklar, şol möhüm ugurlarda toplanan tejribäni alyşmak soňky ýyllarda täze itergä eýe boldy. Olaryň ösdürilmegine ýurtlaryň ikisinde hem uly üns berilýär.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda geçen ýyl gol çekilen “Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” hökümetara ylalaşygy şonuň aýdyň subutnamasy bolup, iki ýurduň bu ulgamda däbe öwrülen hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygyny tassyklaýar. 2015-nji ýylda Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigine nobatdaky gezek güwä geçýär. Bu şanly waka asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň medeni gatnaşyklar ulgamynda Türkmenistanyň ençeme müňýyllyk şöhratly taryhynyň ähmiýetini açyp görkezdi hem-de ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda türkmen döwletiniň gazananlaryny dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine şaýatlyk etdi.

Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň gün tertibine energetika we ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlyk meseleleri hem girizildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we köpugurly sebit we yklymara üstaşyr-ulag düzümini döretmek baradaky başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtaldy. Şol başlangyçlaryň möhümdigini bolsa döwür tassyklady.

Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkiýe BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly üns berýär hem-de türkmen Lideriniň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy, ählumumy durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri türkmen-türk gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter