Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk

опубликованно 29.01.2015 // 851 - просмотров
 

Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Elmar Mamedýarowyň we Mewlýut Çawuşoglunyň ýolbaşçylygynda iki dostlukly ýurduň wekiliýetleri Aşgabada geldiler.

Özara düşünişmek hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň gün tertibine taraplaryň özara bähbitlerine, şeýle hem sebit we ählumumy derejede abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Gepleşiklere gatnaşyjylar soňky ýyllarda täze derejä çykan, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň—BMG-niň, ÝHHG-nyň, YHG-nyň we beýlekileriň çäklerinde giňeldilýän döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini nygtap, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, uzakmöhletleýin esasda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.

Şunda häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk meselelerine netijeli çemeleşmeleri kemala getirmek üçin mümkinçilikleri döredýän ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde däp bolan hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň Bodrum şäherinde türki ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet baştutanlarynyň IV Sammitiniň geçirilendigini we onuň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň bolandygyny ýatladmalydyrys. Şol duşuşyk geljegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hil taýdan täze itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle duşuşyklary geçirmek däbiniň biziň ýurdumyzda başlanandygyny aýtmalydyrys. 2008-nji ýylyň noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde üç döwletiň baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, döredijidikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryny deňlik, özara hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda gurap, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän bu ugra berk eýermek bilen, ýurdumyz daşary ýurty hyzmatdaşlarymyzyň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şol ýurtlaryň hatarynda doganlyk Türkiýe we Azerbaýjan hem bar. Türkmen halkyny şol döwletleriň halklary bilen köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy-medeni däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar.

Şu günki duşuşygyň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlar şol ugurlaryň hatarynda görkezildi. Gepleşiklere gatnaşyjylar Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ntijeli syýasy gepleşiklere ygrarlydyklaryny nygtap, üç ýuduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny bellediler.

Gepleşikleriň barşynda uly kuwwata eýe bolan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ulgamda öňe süren halkara başlangyçlarynyň, şol sanda ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde enegiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň möhümdigi we uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Ulag ulgamy hem özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Munuň özi üç ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň ulaglaryň ähli görnüşleriniň degişli düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň möçberli işleri alyp barýandygy, şunuň bilen birlikde halkara ähmiýetli iri taslamalaryň başyny başlaýandygy bellenildi. Şol taslamalar bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gazagystan-Türkmenistan –Eýran transmilli demir ýolunyň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýylyň dekabrynda bu demir ýoluň dabaraly açylyşy boldy. Şu babatda duşuşyga gatnaşyjylar Owganystan-Türkmenistan –Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini döretmek baradaky taslama üns berdiler. Bu geçelge häzirkizaman sebit we halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegi bolup biler. Şeýle hem üç ýurduň beýleki geljegi uly düzümleýin taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Nygtalyşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulagiynda ählumumy hyzmatdaşlygy kemala getirmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýä jemgyýetçiliginiň ählumumy goldawyna we makullamagyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçen ýylyň dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň giň geljegi bilen birlikde üç ýurduň arasyndaky däp bolan gumanitar-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň we ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi. Bu gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Üç doganlyk halkyň baý medeni we ruhy mirasy, mizemez dostluk gatnaşyklary häzirki taryhy eýýamda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky netijeli hyzmmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu babatda TÜRKSOÝ-yň 2015-nji ýylda Mary şäherini türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde yglan edendigini bellemelidiris. Ýaňy-ýakynda Maryda bu şanly waka gabatlanylyp, resmi dabaralar geçirildi. Şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara lanyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň dostluk gatnaşyklaryna hem-de umumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy, taraplaryň mundan beýläk hem bu netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Taraplar sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça üstaraplaýyn görnüşdäki şeýle duşuşyklary hemişelik esasda geçirmek tejribesini dowam etmegiň möhümdigini bellediler we indiki duşuşygy Türkiýe Respublikasynda geçirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem 2015-nji ýylda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygyny Türkmenistanda geçirmegiň we oňa taýýarlyk görmegiň ähmiýeti bellenildi.

Gepleşikler tamamlanandan soň, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn geçirilen ikinji duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi. Şeýle hem 2015-2017-nji ýyllarda türkmen-azerbaýjan-türk hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi.

Soňra Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşyçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijelerini teswirlediler we olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny bellediler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter