Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

опубликованно 29.01.2015 // 884 - просмотров
 

Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mämedýarowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny gowşurdy, ol milli Liderimize rowaçlyk we Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine hem-de doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli döwlet işinde üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz nobatynda, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagtyýar durmuş we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistan Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şol halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmäge umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar.

Goňşy ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, türkmen tarapynyň öňe sürýän ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan edip, Azerbaýjanyň mundan beýläk hem Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksadynda Türkmenistan bilen bilelikde tagallalary etjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň Aşgabatda geçirilýän üçtaraplaýyn duşuşygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu duşuşykda ara alyp maslahatlaşmak üçin meseleleriň ençemesi, şol sanda goňşy ýurtlaryň geografiki we geostrategiki babatda amatly ýerleşýändigini hem-de olaryň bar bolan energetiki serişdelerini nazara almak bilen, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we döwrebap ulag-üstaşyr düzümini döretmek ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleler girizildi.

Umumy pikire görä, Prezidentleriň derejesinde üçtaraplaýyn görnüşde geçiriljek duşuşyk tutuş sebitiň ösmegine saldamly goşant bolar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu duşuşyk şu ýyl Türkmenistanda geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň daşary işler ministri döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan belent derejesini hem-de özara bähbitleri, bar bolan kuwwaty we iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň umumylygyny nazara almak bilen, bu gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Däp bolşy ýaly, bu ulgamlarda özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymdan bäri umumy taryhyň we däp-dessurlary bilen baglaşan iki doganlyk halkyň ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän ysnyşykly gumanitar we medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygy aýratyn bellenildi.

Umumy pikire görä, ýokary we hökümetara derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli guralýan syýasy geňeşmeler we iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary, şeýle hem geçirilýän giň möçberli medeni çärelere taraplaryň işjeň gatnaşmagy deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Pursatdan peýdalanyp, myhman ak mermerli Aşgabadyň özgerýän keşbine haýran galýandygyny aýtdy. Paýtagtymyzyň okgunly ösmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda belent sepgitlere ýeten we halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri köpden gelýän doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna we ähli türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlara barýan ýolda täze uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Mamedaga ogly Sultanzade gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter