Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

опубликованно 02.02.2015 // 767 - просмотров
 

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2015-nji ýylyň birinji aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hem gatnaşdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary milli Liderimize ýanwar aýynda özleriniň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek, şeýle hem ozal berlen jogapkärli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen mejlisde milli parlamentiň baştutany A.Nurberdiýewanyň habary diňlenildi. Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda öňe süren tekliplerine laýyklykda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň garşysyna hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, bu işe gatnaşanlaryň jenaýat işi üçin görülýän çäreleriň üýtgedilmegi boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem milli parlamentiň baştutany bu ugurda degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň üstünde işlemek boýunça ýerine ýetirilen işler barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda demokratik çäreleri has-da berkitmek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň garşysyna alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek maksady bilen, kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň ýurdumyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, jemgyýetimiziň ruhy we ahlak esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary we halk köpçüligi bilen ýygjam aragatnaşygy saklamagynyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe Belent Serkerdebaşymyza 2015-nji ýylyň ilkinji aýynda harby ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, ýurdumyzda asudalygy we abadançylygy saklamak maksady bilen ministrlik tarapyndan durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy, milletimiziň sazlaşykly agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmagyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki arzyly maksatlara ýetmek ugrunda bedew bady bilen öňe barýan halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň hökmany şerti bolup durýandygyny belläp, Milli howpsuzlyk ministrligine ýurdumyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin şertleri döretmekde berilýän ornuň möhümdigini aýratyn nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow çykyş edip, geçen aýda goňşy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan ýurdumyzyň suwdaky we
gury ýerdäki araçäkleriniň ygtybarlylygynyň we bozulmazlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz harby we raýatlyk borçlaryny dürs ýerine ýetirýän ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň edermen goragçylarynyň paýyna düşýän borjuň möhümdigi barada aýdyp, geljekde-de serhet goşunlarynda düzgün-tertibiň göwnejaý saklanmagyna, serhetçileriň we gullugyň işgärleriniň hünär we söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Öz gezeginde Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň gerimli harby özgertmeleri yzygiderli we göwnejaý amala aşyrmak boýunça ozal berlen jogapkärli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, hünärine ökde harby gullukçylary taýýarlamak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek şol özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goşunlaryň ähli düzümlerini tehniki taýdan üpjün etmegiň we harby taýýarlygy ýokary derejede saklamagyň hasabyna milli goşuny kämilleşdirmek arkaly döwletimiziň goranyşa ukyplylygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatdaky wezipelere ünsi çekip, Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hem-de türkmen halky tarapyndan ileri tutulýan ynsanperwerligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýörelgelerine elmydama ygrarly boljakdygyny hem-de ýurdumyzyň diňe goranyş, parahatçylyk söýüjilikli häsiýete eýe bolan Harby doktrinasynyň hut şulara esaslanýandygyny belledi.

Döwletimiziň geljekde-de milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, Watan goragçylarynyň gullugy we durmuşyny üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegine içgin üns berjekdigi bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň ýanwarynda Içeri işler ministrliginiň we onuň tabynlygyndaky düzümleriň işiniň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ministrligiň ýangyna garşy göreş gullugynyň işi, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýtdy. Mundan başga-da ministr ýurdumyzyň ähli ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpäün etmek, awtoulaglaryň we pyýada ýolagçylaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada durup geçdi.

Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzda durnuklylygy, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmekde içeri işler edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, IIM-niň işgärleriniň işine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew ýurdumyzda kanunyň birkemsiz berjaý edilmegine gözegçilik etmek hem-de milli kanunçylygyň bozulmagyna degişli islendik ýagdaýlary düýp-teýkary bilen aradan aýyrmak boýunça prokuratura edaralarynyň geçen aýda alyp baran işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hukuk goraýjy edaralaryň işiniň jemgyýetimiziň we döwletimiziň abadançylygynyň hem-de bagtyýarlygynyň ileri tutulmagyny ugur edinýän ýurdumyzyň içeri syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam bermelidigini ýene-de bir gezek belläp, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň işine berk gözegçilik etmegi hem-de garalýan her bir işe örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, ony ählumumy ykrara edilen halkara jlçeglerine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna kybap getirmek boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan köpugurly işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depgin bilen ösdürmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalary we maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýetli işleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belläp, öňde goýlan wezipeleriň her bir ýolbaşçydan, her bir işgärden hünär ussatlygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmagy, tabşyrylan işe jogapkärli çemeleşmegi talap edýändigini aýtdy. Şunda Beýik Serkerdebaşymyz işgärleriň saýlanyp alynmagyna we ýerli-ýerinde goýulmagyna, ýaş hünärmenler bilen işe jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigi hem-de ýaş hünärmenleriň adyllygy amala aşyrýan kazylaryň belent adyna mahsus bolan talaplara doly kybap gelmelidigini aýratyn nygtady.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň geçen aýyň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň täze belent sepgitlerine ýetmegi üçin milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek we berkitmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, ony seljermegiň, täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän hem-de bellenilen giň gerimli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin hukuk babatda oňaýly ýagdaýyň döredilmegini üpjün edýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň örän wajypdygyna ünsi çekdi hem-de ministre degişli görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük güllugynyň başlygy A.Hojamgulyýew geçen aýda gümrük işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirili barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçýän ýüklere gümrük gözegçiligini göwnejaý amala aşyrmak barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz şeýle hem gümrük düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, gullugyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça tassyklanan maksatnamalaryň çäklerinde geçen aýda durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat
berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaramaz endikleriň adamlaryň saglygyna we abadançylygyna oňaýsyz täsirini ýetirýändigi barada giň gerimli düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi hem-de häzirki wagtda ählumumy derejede giňden ýaýran we durmuşda örän howply ýagdaýa garşy has netijeli we täsirli çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Harby we hukuk goraýjy düzümler, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, hususan-da, ýaşlar guramasy bilen içgin hyzmatdaşlyk etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de milli ruhy-ahlak gymmatlyklary giňden wagyz etmek ilkinji nobatdaky çäreleriň hatarynda görkezildi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi, şol işleriň netijeleri soňky ýyllarda Türkmenistana gelýän daşary ýurtlaryň raýatlarynyň sanynyň artýandygyny aýdyň görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýagdaýyň ýurdumyz, onuň baý taryhy we gazanan üstünliklerine babatda bildirilýän gyzyklanma bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna kanagatlanma bildirip, gullugyň işiniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň at-abraýynyň has-da beýgelmegine ýardam berýändigini hem-de döwlet ösüşinde ilkinji nobatdaky wezipelere doly kybap gelýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy hem-de halkymyzyň abadançylygy we bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter