Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda dokma önümleri öňdeligi eýeledi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda dokma önümleri öňdeligi eýeledi

опубликованно 13.01.2018 // 712 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna jinsi önümleri, nah ýüplük, pagta-süýümi, şeýle hem armatura ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Owganystan, Ermenistan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 136 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 10 million 930 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 11 million29 müň manatlykdan gowrak nebit ýolbitumyny (TNGIZT) we pagta-süýümini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter