Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 02.02.2015 // 788 - просмотров
 

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetrilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol welaýatda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitde 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerine düşen ygalyň mukdary, maýsalaryň häzirki ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Gürrüňi dowam etmek bilen, möhüm möwsüm bolan gowaça ekişiniň golaýlap gelýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz gowaça ekmek üçin bellenilen meýdanlarda sürüm işleriniň depginini güýçlendirmegiň wajypdygyna häkimiň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesi bilen bagly meselä geçip, möwsüme traktorlaryň 90 göteriminiň, ýük awtoulaglarynyň bolsa 44 göteriminiň taýýar edilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz beýleki oba hoajlyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleriniň hem şunuň ýalydygyny aýdyp, pagta ýygyjy we däne orujy kombaýnlary abatlamak hem-de dikeltmek boýunça işleri talabalaýyk guramagyň zerurdygyny nygtady. Ýagdaýy düzetmek boýunça zerur çäreleriniň görülmelidigini aýdyp, milli Liderimiz häkimden bu işlere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, D.Hojaýewi Baharly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezpesine bellemek hakyndaky degişli Karara gol çekdi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, geçen aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ak ekine ideg etmek we ýaz ekişi möwsümine taýýarlyk görmek boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz şu ýylyň ygally gelendigini, şoňa görä-de, oba hojalyk işlerini alyp barmakda howa ýagdaýyny nazara almagyň zerurdygyny belläp, maýsalaryň häzirki ýagdaýy we şu ýyl welaýat boýunça döwlet harmanyna tabşyrylmagy meýilleşdirilýän gallanyň mukdary bilen aýratyn gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän ekiş möwsümine guramaçylykly girişmegiň zerurdygyna ünsi çekip, kartoşka ekmek üçin bellenilen ýerleriň taýýarlyk derejesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we munuň ýokary hasyl almagyň möhüm şertidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welýatda oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamakda birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýdyp, tehnikalary abatlamak we olary dikeltmek bilen baglanyşykly wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda H.Orjykowy Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, Balkan welaýatynyň häkimi Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi toparyndan gurluşygy alnyp barylýan täze Söwda merkeziniň we gurulmagy meýilleşdirilýän awtomobil menziliniň işlenip taýýarlanylan taslamalaryny we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştuanymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, olary umuman, oňlady we desgalaryň gurluşygynda alnyp barylmagy meýilleşdirilýän ähli işleriň barşyna we ýokary hil derejesiniň üpjün edilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýylyň ilkinji aýynyň ykdysady we durmuş görkezijileri, ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýa agrotehniki kada laýyklykda ideg işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň barşynda oba hojalyk tehnikasyny abatlamak bilen baglanyşykly işler barada habar berildi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, demirgazyk welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň künjeklerine düşen ygalyň mukdary bilen gyzyklanyp, meýdan işleriniň ýagdaýyny, maýsalaryň göwnejaý boý almagy üçin degişli zerur çäreleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň golaýlap gelýändigini bellemek bilen, möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygny tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatyň ähli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýynyň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna häkimiň ünsüni çekip, binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmalygyny we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini aýratyn belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew gündogar sebitde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyny we ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler hakynda aýtdy. Häkim welaýatyň ähli etraplarynda ýaz ekişine guramaçylykly girişmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Lebap welaýatynyň çäklerine düşen ygalyň mukdary bilen gyzyklanyp, maýsalaryň göwnejaý boý almagy bilen baglanyşykly agrotehniki çärelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak we oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle-de welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak işleriniň depginini ýokarlandyrmak, tehnikalary abatlamak we dikeltmek bilen baglanyşykly işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtap, häzire çenli traktorlaryň 83 göteriminiň, ýük awtoulaglarynyň 70 göteriminiň möwsüme taýýar edilendigini, beýleki ekiş tehnikalarynyň hem taýýarlygynyň derejesiniň şunuň ýalydygyny belledi we bu işleri gyssagly düzetmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, täze iş orunlaryny döretmek, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek, şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň örän möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň senagat düzümini has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydyny belläp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk çäreleri, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy we durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda häkim welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitde dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda amala aşyrylýan işler barada hem durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýata düşen ygalyň möçberi bilen gyzyklanyp, maýsalaryň degişli derejede boý almagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň depginini birjik-de peseltmeli däldigini belldei. Şeýle hem milli Liderimiz ýaz ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belläp, onuň depginini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň zerur dökün, suw we ýokary hilli tohum bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklamak, gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň ýokary depginini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ekişine taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, ekiş möwsümine welaýatda häzire çenli traktorlaryň 86 göteriminiň, ýük awtoulaglarynyň 76 göreriminiň möwsüme taýýar edilendigini belledi we pagta ýygyjy we däne orujy kombaýnlaryň hemmesiniň öz wagtynda abatlanylmagyny üpjün etmek barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatda ilatyň durmuş derejsiniň ýokarlandyrylmagynyň möhüm mesele bolmalydygyny, olary üstünlikli çözmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigine, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň talabydygyna ünsi çekmek bilen, öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegi üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter