Şeýle hem okaň
07.12.2019 | Birža täzelikleri
05.12.2019 | Döwrebap ýyladyşhana açyldy
28.11.2019 | Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
23.11.2019 | Birža täzelikleri
12-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň mejlisinde wise-premýer M.Aýdogdyýew Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda «Türkmen aýna önümleri» täze kärhanasyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi. Bu desga daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyryldy. Ol dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Kärhana gurluşyk aýnalarynyň dürli görnüşlerini hem-de dürli görnüşli çüýşe gaplaryny öndürmäge mümkinçilik berýär. Aýna önümçiligi ulgamynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, türkmen hünärmenleri degişli okuwy geçdiler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap senagat desgalarynyň işe girizilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri, ýerli çig malyň esasynda dürli aýna önümlerini öndürmek ýaly geljegi uly ugurlar ep-esli ösdürilýär. Täze kärhananyň açylmagy ýurdumyzyň içerki bazaryny özümizde öndürilen ýokary hilli önümlere bolan islegleri has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün