Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasy halkara akkreditasiýa aldy | TDH
Ykdysadyýet

Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasy halkara akkreditasiýa aldy

опубликованно 12.01.2018 // 952 - просмотров
 

Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasy Slowak milli akkreditasiýa gullugy tarapyndan halkara akkreditasiýasyny üstünlikli geçdi hem-de degişli şahadatnamany aldy.

Bu barada Hökümetiň mejlisinde maliýe-ykdysady topluma gözegçilik edýän wise-premýer G. Myradow habar berdi. Şeýle hem “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işi, şol sanda Döwlet etalon merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony häzirki zaman tehnologiýalary we ölçeýji serişdeler bilen enjamlaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen ykdysadyýetiniň hemme pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň ýeke-täk ulgamyny üpjün etmegiň bu Merkeziň baş wezipeleriniň biridigini belledi. Öndürilýän önümleriň we harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň hem-de hyzmatlaryň hiliniň we howpsuzlygynyň barlanylyşynyň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen hil ölçeglerine laýyk gelmelidigi nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter