Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi

опубликованно 04.02.2015 // 879 - просмотров
 

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine bardy, milli Liderimiz ol ýerde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm meselelerine we geljegine bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda 2015-2016-nji ýyllarda Aşgabat şäherini ösdürmegiň Konsepsiýasyny bilen baglygy meselä seredildi. Onda Aşgabat şäheriniň ähli düzümlerini, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary, binagärlik-gurluşyk işleriniň tapgyrlary, ähli ulgamlary – senagatdan, ulagdan we aragatnaşykdan, maliýe-bank ulgamyndan ylma, sporta we syýahatçylyga çenli öz içine alýan ugurlara maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň çäreleri kesgitlenildi.

Bu toplumlaýyn resminamanyň umumymilli ösüş ulgamy bilen sazlaşykly baglydygy nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, ýokary dünýä ölçeglerini we innowasiýalary nazara almak babatda möhüm ähmiýeti bardyr we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi bazar özgertmeleri gatnaşyklarynda Aşgabatda innowasion we ylmy-önümçilik ulgamyny döretmek, oňaýly medeni, durmuş we ekologiýa gurşawyny kemala getirmek, şeýle hem mümkinçilikleri durmuşa geçirmek, tejribe toplamak üçin has-da möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzyň hökümetiniň agzalarynyň, Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleriniň hem-de orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň käbiriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň ugurlary kesgitlendi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanlygyna ählihalk tarapyndan saýlanan ilkinji günlerinden başlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ählli künjeklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak işiniň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Bu çäreler häzirki döwürde anyk netije berýär. Şeýlelikde, dünýä ýurtlarynyň halklary Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeleri synlaýarlar. Ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolsa, mähriban paýtagtymyz durýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ýokary netije berýändigine her ädimde gabat gelýäris. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi düýpli özgerdi. Ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Döwlet Baştutanymyz diňe bir iri hem-de ähmiýetli gurluşyk taslamalaryny öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Munuň özi binalaryň bezeg işlerinden başlap, olaryň tehniki üpjünçiligine, desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine çenli ähli pursatlary öz içine alýar.

Milli Liderimiz paýtagtymyz boýunça guraýan her bir iş saparynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň gidişi bilen içgin tanyşýar. Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işleriň ähli ulgamlary, onuň her bir tapgyrlary bilen gyzyklanýar. Ýurdumyzyň taslamaçylary, binagärleri, gurluşykçylary döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň ähmiýeti, olaryň ygtybarlylygy, howpsuzlygy hem-de bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly görkezmelerini, tekliplerini baş ýörelge edinýärler.

Paýtagtymyzyň ösmeginde milli Liderimiziň ägirt uly tagallasy bardyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň şähergurluşyk, binagärlik ulgamyna önjeýli goşant goşýar. 2013-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan binagäri” diýen ýokary derejäniň berilmegi milli Liderimiziň bu ugurda netijeli işler alyp barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi.

Köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldular. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiniň we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşi şäheriň ykdysady görkezijilerini, onuň maýa goýum ýagdaýyny we işewürçilik gurşawyny äşgär etdi. Bu bolsa bir tarapdan daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini, beýleki bir tarapdan bolsa ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Iň esasy bolsa, gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hususy kompaniýalaryň gatnaşygyny işjeňleşdirdi. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeler Aşgabatda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapýar.

2013-nji ýylda paýtagtymyzyň çägi has-da giňeldi. Aşgabadyň düzümie Ahal welaýatynyň Ruhabat etraby we Abadan şäheri girizildi. Munuň özi 37 müň gektardan gowrak ýerdir. Şeýlelikde, Aşgabadyň eýleýän çägi iki essä golaý artdy we ol 70 müň gektara golaýlady. Şäheriň çäginiň üýtgemegi, ilatynyň artmagy we beýleki ugurlaryň üýtgemegi bilen şäheri ösdürmegiň täze konsepsiýasynyň zerurlygy ýüze çykdy. Ol aýry-aýry etraplaryň baş meýilnamasynyň we dürli meýilnamalaýyn taslamalaryň esasyny düzdi.

Paýtagtymyzyň çäkleriniň giňeldilmegi diňe bir şäheri işjeň ösdürmek zerurlygy bilen däl-de, eýsem ol paýtagtymyzyň etegindäki etraplaryň dürmuş-ykdysady mümkinçiliklerini güýçlendirmek, olaryň durmuş ösüşini işjeňleşdirmek we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrmak maksady bilen berjaý edildi. Bu çözgüt Aşgabadyň durmuşynda täze sahypany açdy. Çünki munuň özi birnäçe maksatnamalaýyn ulgamlaryň ösüşine gönükdirilendir. Ol, ilkinji nobatda, adamlar üçin amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine, ähli ölçegler boýunça durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň çözülmegine paýtagtymyzyň goşandynyň ýokarlanmagyna, iň esasy bolsa Aşgabadyň möhüm halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmükdäki ähmiýetiniň artmagyna gönükdirilendir.

Milli Liderimiz türkmen paýtagtynyň derejesini we abraýyny ýokarlandyrmak babatda aýdanynda hut şu wezipeleri öňe sürýär. Döwrebap derejede ösen düzümiň netijesinde ak şäherimiz sebitara, halkara we dünýä derejesinde möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu babatda esasy maksat bolsa, ähli gurulýan desgalaryň we binalaryň adamlaryň hyzmatyna gönükdirilmegidir. Ilatymyz, olaryň zähmeti we oňaýly dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmegidir.

Şeýlelikde, mähriban Watanymyzyň paýtagtynyň sazlaşykly ösüşi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady we syýasy şertlerde, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň ýokary derejesinde, halkymyzyň döredijilik we aň-paýhas mümkinçiliklerinde öz beýanyny tapýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň esasy durmuş ýörelgelerini özünde jemleýär.

Şäherimiziň iň owadan, arassa, amatly we adamlar üçin oňaýly şäher hökündäki abraýyny saklamak, onuň gözelligini artdyrmak, paýtagtymyzy çagalarymyň, agtyklarymyzyň we çowluklarymyzyň buýsanjyna öwrülmgini üpjün etmek biziň esasy borjumyzdyr diýip, milli Liderimz belleýär. 2014-nji ýylyň 25-nji maýynda ilkinji gezek mähriban paýtagtymyzyň güni baýramçylyk hökmünde bellenildi. Şol şanly wakanyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sene mynasybetli gurlup ulanylmaga berlen “Ak şäherimAşgabat” binasynyň we durky düpýli täzelenen “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Soňky ýyllarda sebitde iri işewür we medeni merkez hökmündäki derejesini pugtalandyryp, Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty halkara hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde ykrar edildi we döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe boldy. Aşgabat bagtly geljegiň şäheridir, onda gözellik we amatlylyk, öňdebaryjy binagärlik tejribeleri we tehniki ýörelgeler bilen milli binagärlik däpleri sazlaşykly goşulýar.

... Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy we hökümet agzalary bilen bilelikde maslahat geçirilýän ýere tarap pyýadalap ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýolugra soňky ýyllarda paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, onuň keşbiniň çalt depginler bilen özgerýändigini belläp, bu babatda alnyp barylýan işleriň depginini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz şäheriň ähli düzümleriniň, şol sanda ýerasty geçelgeleriniň, ulag ýollaryyň, yşyklandyryş ulgamlarynyň we bnalaryň bezeg aýratynlyklarynyň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny, şäher ilatynyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, paýtagtymyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugta berjaý edilmelidigini belläp, bu ugurda zerur işleri görmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirmek üçin paýtagtymyzyň häkimliginiň täze binasyna geldi.

Aşgabat şäher häkimliginde ilki bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Olarda ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş maksatly desgalar, ulag ýollary, seýilgäh zolaklary, döwrebap sport desgalary, döwrebap söwda merkezleri we beýlekiler bar.

Bu ýerde şäheriň gurluşygy alnyp barylýan desgalarynyň çyzgysy ýerleşdirilen Aşgabady ösdürmegiň Baş meýilnamasy paýtagtymyzda gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, olaryň ýerleşjek ýerileriniň we ýol-ulag ulgamynyň ösüşiniň ugurlary barada düşünje elmaga mümkinçilik berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize Aşgabadyň durmuş-ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylýan işler barada hasabat berdi .

Paýtagtymyzyň geljekki ösüşi barada gürrüň berýän Baş meýilnama bilen tanyşlygyň barşynda mill Liderimiz birnäçe desgalaryň ýerleşýän ýerleri bilen gyzyklandy. Paýtagtymyzyň möhüm merkezleriniň birine öwrüljek Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň barşy bilen baglanyşykly birnäçe meselelere-de deglip geçildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ozalky gurluşyklaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigni bellemek bilen, toplumlaýyn şähergurluşyk ýörelgelerine doly geçilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Paýtagtymyz sazlaşykly we ulgamlaýyn esasda ösdürilmelidir diýip, aýtmak bilen, milli Lideriimz bu babatda birnäç görkezmeler bedi.

Soňra paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow hasabat berdi.

Hasabat bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň öňde durýan wezipelere jogapkärli çemeleşmeleriniň guramaçylyksyzdygyny belläp, işleri talaba laýyk alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häkimlikleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimden berk talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda, ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek, jemagat hojalygynyň we beýleki degişli şäher gulluklarynyň bökdençsiz we sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiziň garamagyna 2015-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary görkezildi. Bu sanaw hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyk edildi. Oňa 60-dan gowrak bölümler we ondanam gowrak taslamalar girýär.

Olaryň hatarynda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde 19 desga bar. Şeýle hem şol sanda 450 orunlyk hormatly myhmanlara niýetlenen myhmanhhana we türgenler üçin myhmanhana hem-de ýaşaýyş jaýy, 45 müň tomaşaçy orunlyk Olimpiýa stadiony, 5 müň tomaşaçy orunlyk ýapyk atletika sahnasy bar.

Şeýle hem Mejlisler merkezi bolan Söwda-senagat edarasynyň jaýyny, 3 müň orunlyk konsert we teatr merkezini dabaraly ýagdaýda açmaga taýýarlanylýar.

“Arkadaş” we “Arçabil” seýilgähleri hem Aşgabadyň gök zolakly toplumlarynyň üstüni ýetirer. 2015-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli birnäçe desgalar bar. Munuň özi durky düýpli täzelelen Halkara lukmançylyk merkezinden we täze binasyndan, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Okuw-ylmy merkezinden, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkeziň binalar toplumyndan ybaratdyr. Şeýle hem tejribe-önümçilik we iýmit merkeziniň, Newrologiýa we Morfologiýa merkezleriniň, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň gurluşygyny 2016-njy ýylyň ikinji ýarymynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda bilim ulgamyna degişli birnäçe desgalar bar. Olar A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň binalar toplumyndan, 3 müň talyba niýetlenen Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň binalar toplumyndan we bilelikdäki
türkmen-türk mekdebinden ybaratdyr.

Şu ýyl Döwlet neşirýat gullygynyň Metbugat öýüniň açylyş dabarasy bolar. Oguzhan köçesiniň ugrunda hem birnäçe desgalar gurlup ulanylmaga berler. Ol ýerde paýtagtymyzy ösdürmegiň
13-nji nobatdakysynyň çäklerinde dürli pudaklaýyn eadaralaryň buýurmalary esasynda onlarça edera edigş binalary we ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Taslamalarda iki görnüşli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň şekilleri görkezilýär. Olaryň bir topary 66, beýleki topary bolsa 44 öýli ýaşaýyş jaýlardyr. Olaryň hemmesiniň birinji gatynda dükanlar ýerleşer. Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düzümine 600 orulyk mekdepleriň ikisi, iki sany çagalar bagy, Saglyk öýi, söwda-dynç alyş merkezi, söwda we hyzmat merkezini özünde jemleýän 200 orunlyk iki sany köp gatly awtoduralga, durmuş hyzmatlary boýunça kärhana girýär.

Soňra 66 we 44 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary görkezildi. Birinji gaty dükanly we binalar paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynda gurlar. Şeýle hem bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň aralygyndaky, Oguzhan we 1971 (G.Ezizow) adyndaky köçeleriň aralygyndaky ulag ýollary döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary görkezilýär.

Şu ýyl Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysyny durmuşa geçirmek başlanýar. Onuň düzümine 280 desgadan ybarat iki gatly kottežler toplumy, 3, 4 we 12 gatly onlarça ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy, seýilgäh, dürli dükanlar girer.

Bu ýerde görkezilýän taslamalarda dürli görnüşli kottež jaýlaryň birnäçesi bar.

Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumy paýtagtymyzyň ägirt uly gurluşyk meýdançasyny emele getirýär. Ol ýerde dokuz gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlary emele geler. Iri toplumda birnäçe mekdep, çagalar baglary, saglyk öýi we beýleki durmuş desgalary gurlar.

Aşgabatlylar üçin Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze oba gurlar. Bu ýerde täze obanyň Baş meýilnamasy görkezilýär. Onda 1536 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, swöda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralara, üç sany seýilgäh we düzümleýin desgalar gurlar.

Mundan başga-da, Köşi ýaşaýyş jaý toplumyny ösdürmegiň meýilnamasy, Çoganlyda kottež jaýlaryň gurluşygynyň taslamalary görkezildi.

Şeýle hem Aşgabadyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriniň Baş meýilnamasy görkezilýär. oL birnäçe köprüleri, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgelerini gurmakdan ybaratdyr. Paýtagtymyzda ulaglaryň sanynyň artýandygyny nazaar alyp, ulag duralgalarynyň sanyny has-da artdyrmak, açyk we köp gatly awoduralgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem birnäçe edara binalaryny, kärhanalary we ýaşaýyş jaý toplumaryny döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamasy görkezildi.

Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe taslamalar hem bu ýerde öz ornuny tapdy. Simli elektrik geçiriji ulgamlary howa ulgamlary bilen çalyşmak boýunça 2015-2016-njy ýyllar üçin maksatnama olaryň hatarynda görkeziýär. Munuň özi şäherde ulanylýan elektrik geçirijileri ýokary geçirijilik ukyby bolan ýerasty ulgamlara geçirilmegine mümkinçilik berer.

Bu ýerde görkezilen taslamalar ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan gurluşyk we abalaýyş işleriniň giň geriminden habar berýär.

Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň diňe bir öz wagtynda gurulmagy däl, eýsem olaryň netijeli ulanylmagy, ýokary derejede hyzmatyň ýola goýulmagy we binalaryň oýlanyşykly dolandyrylmagy bilen baglanyşykly çärelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň gönüden-göni çözgüdine dahylly bolup durýan paýtagtymyzyň we onuň etraplarynyň häkimleriniň işine nägilelik bildirdi. Onuň her bir tapgyrynda öz işini gowy bilýän hünärmenler zerur bolup durýar. Gurluşyk serişdelere, onuň hiline degişli meseleler hem zerurdyr, çünki gurluşygyň gymmmatlamagy ýaşaýyş jaýlaryna bolan bahanyň ýokarlanmagyna getirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurdumyzda ulanylýan gurluşyk harytlary diňe ýokary talaplara we öňdebaryjy ülňülere laýyk gelýän önümler bolmalydyr. Gurulýan desgalaryň binalaryň amatlylygyna, ygtybarlylygyna, gözelligine we olarda adamlar üçin oňaýly şertleriň döredilmegine seretmelidir. Şunlukda, ilatyň öýleri ýa-da jaýlary satyn almaga bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutulmalydyr.

Täze binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda ozal bar bolan jaýlara hem ünsi güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Eger olaryň ýagdaýy gowy bolsa, onda binalar öz wagtynda abatlanmalydyr, olaryň döwrebap binalary bolan şäher gurşawy bilen sazlaşmagy üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz häkimlikleriň jogapkär işgärleriniň ünsüni her bir etrabyň, şäheriň daş-töwereginiň sazlaşykly ösdürilmeginiň zerurdygyna çekdi. Paýtagtymyzyň merkezi özboluşlylygy bilen tapawutlanmaly, ýöne onuň daşynda hem ýollaryň tekizliginden, ýaşaýyş jaýldaryň abadançylygyndan başlap, durmuş ulgamynyň bökdençsizliginiň üpäün edilmegine çenli bolan ähli işlerde tertip bolmalydyr. Şäheriň töwereklerinde ulag gatnawynyň, ekologiýa we arassaçylyk ýagdaýynyň göwnejaý ýola goýulmagy şäheriň umumy ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Çünki şäher bir bitewi gurşaw bolmak bilen, onuň ähli üpjünçiligi sazlaşykly ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem şäher hojalyk düzümini dolandyrmak işinde başga-da birnäçe meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşi boýunça giň möçberli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda bar bolan ähli serişdeleriň netijeli ulanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz Aşgabady ösdürmek boýunça toplanylýan tejribeler ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde hem ulanyp bilner. Hut şonuň üçinem şäher düzümini dolandyrmagyň, hojalyk hyzmatlary ulgamynyň usullaryny kämilleşdirmek, durmuş şertlerini, ekologiýa we gözellik ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ulgama toplumlaýyn çemeleşmeleri ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra häkimlikde geçirilýän duşuşyk mejlisler zalynda dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, soňky ýyllaryň dowamynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini aýtdy. Biz milli ykdysadyýetimizi senagat taýdan ösdürmek we oňa innowasion häsiýet bermek ýoluny saýlap aldyk, bu bolsa, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegine we gülläp ösmegine ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Düýpli özgertmeleri amala aşyrmak arkaly anyk netijeleri gazanýarys, olar belent sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi mähriban Watanymyzyň iň täze taryhynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da ähmiýetlidir diiýp, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Kabul eden iri möçberli maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly öz öňümizde goýlan maksatlara hökman ýeteris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmäge biz köp üns berýäris. Şu maksat bilen, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak üçin milliardlarça möçberde maýa goýum serişdelerini gönükdirýäris diýip bellemek bilen, milli Liderimiz şäheriň binalaryny we desgalaryny gurmak üçin dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryny işe çekýäris, olar paýtagtymyzyň kaşaň we göze gelüwli binagärlik keşbiniň dörermegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şol desgalaryň birnäçesi eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeleýändigini aýtdy.

Diňe geçen ýylyň dowamynda paýtagtymyzda köp sanly binalar gurlup, ulanmaga berildi. Şol sanda «Ak şäherim Aşgabat» ýadygärligi guruldy. «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň durky täzelendi. Gökdepe urşunda we Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolan milli gahrymanlarymyzy hatyralamak we 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimizi ýatlamak maksady bilen, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy we muzeý açyldy. Şeýle hem, sebitde örän iri «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi bina edildi.

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, halkara awtomenzili ulanmaga berildi. Meşhur Ýanardag bedewiniň ýadygärligi, suw çüwdürimleri bolan abadanlaşdyrylan seýilgäh guruldy.

Aşgabat şäherinde binalary we desgalary gurmagyň 12-nji tapgyrynyň çäklerinde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmasy esasynda durmuş we beýleki maksatly desgalar bilen bilelikde, ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlarynyň täze, iri toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Bu ýerde 160 orunlyk 2 sany çagalar bagynyň we her biri 600 orunlyk umumybilim berýän 2 sany mekdebiň gurluşygy tamamlandy.

Geçen ýyl Olimpiýa şäherjiginiň 1-nji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlandy. Şu möhüm ähmiýetli desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny görmek üçin bu ýere ençeme gezek gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji we 3-nji tapgyrlarda göz öňünde tutulan binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň dowam etdirilýändigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň ygtybarly energiýa üpjünçiligini gazanmak, paýtagtymyzda köprüleri we pyýada geçelgeleri gurmak, köçeleriň durkuny täzelemek boýunça işleriň netijeli alnyp barylýandygyny aýtdy.

Halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze halkara howa menzili çalt depginler bilen gurulýar. Bu halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy terminaly eýýäm gurlup, ulanmaga berildi.

Paýtagtymyzda täze gurulýan binalaryň we desgalaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň häzirki ösen talaplara laýyk gelýän binalaryny, döwrebap muzeýleri, hassahanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport desgalaryny, söwda merkezlerini, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly köp sanly binalary we desgalary görkezmek bolar.

Döwlet Baştutanymyz sport äleminde uly wakanyň – 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli bary-ýogy iki ýyl wagtyň galandygyny aýdyp, şu oýunlara taýýarrlyk görmek boýunça döwürde köp işleriň durmuşa geçirmelidigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Aziada-2017-iniň geçiriljek hakykatdan hem «şäheriň içindäki şähere» öwrüljekdigini belläp, Olimpiýa şäherjiginiň ýurdumyzyň paýtagtynyň örän meşhur ýerleriniň birine öwrüljekdigine, Aşgabadyň özboluşly nyşany boljakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlaryna oňat taýýarlyk görmegiň diňe bir häzirki zaman sport desgalaryny we beýleki binalary gurmak bilen çäklenmeýändigini belledi. Milli Liderimiz şäherde talaba laýyk tertip-düzgüniň hem üpjün edilmelidigini aýdyp, häzirki döwürde şäheriň etrap häkimlikleriniň işinde köp sanly kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi hem-de bu kemçilikler şäheriň ilatynda nägilelikleri döredýändigini, olaryň arza-şikaýatlar bilen ýüz tutmagyna sebäp bolýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabadyň etraplarynyň ählisinde köçeleriň ugrunda, seýil baglarda we seýilgählerde bag ekmek, beýleki ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek, abadanlaşdyryş işlerini geçirmegiň örän ýaramaz guralandygyny belledi. Iň bärkisi esasy şaýollar hem bu kemçilikleri düzetmek maksady bilen talaba laýyk abadanlaşdyrylmaýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz esasy ýollaryň ugrunda bezeg işlerini geçirýän hünärmenleriň işlerini netijeli guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda diýen ýaly kiçi etrapçalarda tertip-düzgüniň kadaly ýola goýulmandygyny aýtdy hem-de aýry-aýry jaýlaryň öň taraplarynyň talaba laýyk ýagdaýda saklanmaýandygyny ýollaryň käbir ýerlerinde yşyklandyryş ulgamynyň kadaly işlemeýändigini, aýry-aýry ýollary abadanlaşdyrlmak işleriniň göwnejaý derejede geçirilmeýändigini, şeýle hem paýtagtyň käbir ýerlerinde awtoulaglar üçin duralgalaryň ýokdugyny, jemagat gulluklarynyň işinde, meselem zir-zibilleri wagtly-wagtynda aýyrmak boýunça yzygiderliligiň saklanmaýandygyny, jaýlary elektrik energiýasy we ýylylyk bilen üpjün etmekde hem bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde bökdençlikler köplenç halatlarda elektrik beketleriniň talaba laýyk işlemeýändigi, elektrik energiýasynyň nädogry bölünýändigi, sazlaýjy desgalaryň kadaly işlemeýändigi sebäpli ýüze çykýandygyny aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylaryna bu ugurda bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz paýtagtymzy elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde ýüze çykýan bökdençlikleriň öňüni almagy, eger zerur bolsa, elektrik beketlerinde we beýleki elektrik üpjünçilik desgalarynda abatlaýyş işlerini geçirmegi tabşyrdy hem-de bu tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada bellenen möhletde hasabat bermegi talap etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti häkimlikleriň işindäki bökdençlikler baradaky jikme-jik gürrüňi dowam edip, paýtagtymyzyň etraplarynda ulanyş möhleti geçen, zerur şertler bilen göwnejaý üpjün edilmedik we şoňa görä-de mundan beýläk-de ulanmaga ýaramlylygy pes bolan köne ýaşaýyş jaýlarynyň entek köpdügini aýtdy. Ýöne şeýle jaýlary ýykyp aýyrmak ýa-da olaryň durkuny täzelemek boýunça çäreler görülmeýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şäheriň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu kemçilikleriň ählisi üçin olaryň şahsy jogapkärçilik çekýändigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz bu olaryň gysga wagtyň içinde çözmeli meseleler boýunça aýratyn talap bildiriljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady V Aziýa oýunlaryna hemmetaraplaýyn doly taýýar etmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek aýdyp, şäheriň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlary we durmuş maksatly beýleki desgalary toplumlaýyn abatlamagy, şu möhletler boýunça göz öňünde tutulan ähli binalaryň bellenilen möhletlerde gurulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ulaglaryň köplügi sebäpli, ýol hereketinde döreýän bökdençlikleri aradan aýyrmak maksady bilen, oýlanyşykly, bütinleý täze ulag we inženerçilik üpjünçilik ulgamlaryny döretmeli diýip aýtdy. Ýerasty geçelgeleri we köprüleri gurmak boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmeli. Bularyň ählisi V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe şäheriň has köp gatnawly köçelerinde kadaly ýol hereketini guramaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz bu işleriň ählisi Aşgabat şäherini 2015–2016-njy ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna girizildi diýip aýtdy.

Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ylmy taýdan esaslandyrylan kadalary işläp taýýarlamakdan we şäheri ösdürmekde işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr. Konsepsiýada göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň paýtagtyny dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmäge, Aşgabady halkara syýasy, ykdysady, ylmy we medeni merkezleriň hataryna goşmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, Aşgabat şäherini 2015–2016-njy ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny, umuman, makullaýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Konsepsiýany ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly paýtagtymyzyň ilatyny Konsepsiýa bilen doly we hemmetaraplaýyn tanyşdyrmagy we soňra Konsepsiýany tassyklamak üçin Ministrler Kabinetiniň garamagyna ýakyn wagtda hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek bilen baglylykda, paýtagtymyzyň etraplarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi:

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýyla çenli ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, ýagny ulag-kommunikasiýa, inženerçilik we jemagat hojalygy, aragatnaşyk we energetika ulgamlaryny doly täzelemeli;

V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ak mermere beslenen paýtagtymyzy keşbi doly täzelenen we gözel görke beslenen görnüşde görmeklerini gazanmak üçin ähli çäreleri görmeli. Biziň gözel paýtagtymyz öz ajaýyp keşbi bilen bütin dünýä meşhur bolmalydyr! Şu maksatlardan ugur alyp, birnäçe işleri amala aşyrmaly:

1) Paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň esasy görkezijilerini iň ösen döwletleriň derejesine ýetirmeli;

2) Şäheriň ilatynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaly we ýokary derejä çykarmaly;

3) Paýtagtymyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň hilini iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ulanmak arkaly yzygiderli ýokarlandyrmaly;

4) Şäheriň ykdysadyýetiniň önümçilik pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberini anyk maksatlara gönükdirip, yzygiderli artdyrmaly;

5). Paýtagtymyzyň ykdysadyýetiniň köp ugurly bolmagyny mundan beýläk-de saklap galmaly. Şäherde ulag we aragatnaşyk, ylym we hyzmatlar ulgamlarynyň, söwda we senagat pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmegini gazanmaly. Şonuň bilen birlikde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli;

6) Paýtagtymyzy sebitiň möhüm ähmiýetli syýahatçylyk merkezine öwürmek maksady bilen, zerur üpjünçilik ulgamlaryny döretmeli;

7) Şäheriň ýokary tehniki derejede enjamlaşdyrylan inžener-ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegi dowam etmeli. Şu maksat bilen, Aşgabat şäheriniň ulag ulgamlaryny eziz Diýarymyzyň beýleki sebitleri we daşary ýurtlar bilen özara baglanyşykly ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda täze ýollary gurmak we bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmegiň möçberlerini artdyrmaly.

8) Şonuň bilen birlikde, paýtagtymyzy ösürmek boýunça meýilnamalar durmuşa geçirilende ekologiýa meselelerini hem göz öňünde tutmaly. Paýtagtymyzyň tebigy aýratynlyklaryny we bar bolan ösümliklerini aýawly saklamak meselesine oýlanyşykly çemeleşmeli. Bag we beýleki ösümlikler ekilen zolaklaryň durkuny täzelemek meselesine hem seretmeli;

9) Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň, Köşüde ähli amatlyklary bolan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmeli. Çoganly şäherçesinde we Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň «Täze zaman» obasynda bir we iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny yzygiderli alyp barmaly;

10) Aşgabat şäherinde binalary we desgalary gurmagyň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde Oguzhan köçesiniň ugrunda gurluşyk işlerini dowam etmeli. Şu ýyl biz 13-nji tapgyrdaky binalary we desgalary medeni-durmuş maksatly we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin niýetlenen desgalar bilen bilelikde gurup, ulanmaga bermelidiris. Bu tapgyryň çäklerinde umumybilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk öýüni, üç derejeli awtoulag duralgaly söwda-dynç alyş merkezini, awtomobil ýollaryny hem şu ýyl ulanmaga bermelidiris;

11) Desgalary gurmagyň 14-nji tapgyrynyň taslamasyna laýyklykda, Oguzhan köçesi bilen Bitarap Türkmenistan şaýolunyň aralygynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna başlamaly. 14-nji tapgyryň çäklerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin niýetlenen binalaryň, şeýle hem çagalar bagynyň we awtomobil ýolunyň gurluşygyna hem girişmeli we bu desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamaly;

12) Göz öňünde tutulyşy ýaly, 15-nji tapgyrda gurluşyk işlerini Seýdi we Mollanepes köçelerinden başlap, Tähran köçesine çenli dowam etmeli. Bu tapgyrda desgalaryň ýerleşjek ýeriniň tebigy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bu ýerde 12 gatly ýaşaýyş jaýlaryny gursak, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin;

13) Paýtagtymyzyň günorta tarapyndaky baýyrlyk ýerlerde, «Aşgabat» köpugurly stadionyna ýanaşyk ýerleşýän ýerlerde bir we iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny, şeýle hem ähli amatlyklary bolan üç we dört gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy paýtagtymyzyň ýolbaşçylaryna tabşyrýaryn. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde häzirki zaman seýilgäh zolaklaryny we üç sany tennis meýdançasyny hem göz öňünde tutmaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmagy geljekde hem dowam ederis, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, söwda -dynç alyş merkezleriniň, awtomobil duralgalarynyň, häzirki zaman ulag ýollarynyň, suw çüwdürimleriniň we seýilgäh toplumlarynyň gurluşygyny yzygiderli alyp bararys diýip aýtdy.

Milli Liderimiz bu işleri alyp barmakda guramaçylygy we jogapkärçiligi ýokarlandyrmak, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň özara sazlaşykly hereket etmeklerini gazanmak maksady bilen, iş toparlaryny döretmegi tabşyrdy. Bu iş toparlaryna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň pudaklara gözegçilik edýän Orunbasarlary baştutanlyk ederler.

Bu iş toparlarynyň düzümine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekillerini girizmeli. Iş toparlary V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere her hepdede seredip durmaly. Döwlet Baştutanymyz bu işleri amala aşyrmak üçin jogapkär edilip bellenen adamlar öňde goýlan ähli wezipeleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli diýip belledi.

Aşgabat şäherini 2015–2016-njy ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berer. Paýtagtymyzyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça oňyn düzüm özgertmeleri amala aşyrylar. Ösen ylmy-önümçilik hem-de üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegi netijesinde, paýtagtymyzyň maýa goýumlary babatda özüne çekijilik ähmiýeti ýokarlanar.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda häzirki zaman sport desgalaryny gurmak boýunça köp işleriň durmuşa geçirilendigini, bu ugurda mundan beýläk-de giň gerimli işleriň amala aşyryljakdygyny aýtdy. Täze sport desgalary diňe bir V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin oňat binýat bolmak bilen çäklenmän, eýsem türgenlerimize we işjeň dynç almagy halaýan adamlaryň ählisine sport bilen meşgullanmak, saglygyny berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäherniň häkiminiň we onuň orunbasarlarynyň alyp barýan işleri, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejesiniň saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Maslahatyň barşynda paýtagtymyzyň Arçabil, Bagtyýarlyk, Köpetdag, Berkarar, Abadan, Ruhabat etraplarynyň häkimleri ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamalar hakynda hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň. gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek, işleri bellenilen möhletde tamamlamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, paýtagtymyzyň şäher hojalygynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, etraplaryň çäklerini tertipleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Arçabil we Çandybil etraplaryny birleşdirmek, onuň netijesinde Arçabil etrap häkimligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda täze etrabyň döredilýändigini yglan edýär.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna paýtagtymyzy ösdürmegiň Baş meýilnamasynda täze etrabyň çäklerini we onuň eýeleýän meýdanyny görkezýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz täze döredilen Arçabil etrabynyň häkimi wezipesine Ç.Baýmyradowy, Arçabil etrabynyň häkiminiň jemagat hojalygy boýunça orunbasary wezipesine A.Rejepalyýewi, Arçabil etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine S.Orazowany, Arçabil etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bolsa J.Ýusupowy bellemek hakyndaky resminamalara gol çekýär.

Täze döredilen häkimligiň ýolbaşçylary özlerine bildirilen ynama tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Maslahatyň ahyrynda milli Liderimiz Aşgabadyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijiligini we ösüşini aýdyň alamatlandyrýan ajaýyp şähere öwrülmelidigini belledi. Hut şonuň üçinem ýurdumyzyň baş şäheriniň ösüşi durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň ösüş depginini nazara almak bilen okgunly häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter