Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

опубликованно 05.02.2015 // 799 - просмотров
 

Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, sebitleýin ösüş we Ýewropa Bileleşigi gaznasy ministri Branko Grçiçi kabul etdi. Ol Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine hem-de bilelikdäki işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip Aşgabada geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de horwatiýaly hyzmatdaşlaryň okgunly ösýän, döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady. Şunda Branko Grçiç Horwatiýada ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, soňky ýyllarda türkmen-horwat gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde ösdürilýändigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Horwatiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygy üçin hemişe açykdygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklar üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady ulgamda türkmen-horwat hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu günler Aşgabatda geçirilýän ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň, şeýle hem türkmen-horwat işewürler maslahatynyň gün tertibine üns berildi. Bellenilişi ýaly, yzygiderli guralýan şeýle işewür duşuşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny işläp taýýarlamaga we täze bilelikdäki taslamalara girişmäge oňyn täsir edýär. Munuň özi bolsa taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, gurluşyk, senagat pudaklarynyň birnäçesi, şol sanda maşyngurluşyk, gämigurluşyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýanyň Pula şäheriniň “ULJANIK” gämi gurluşyk zawodynda ýolagçylary gatnatmak, ýük awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamak üçin niýetlenen “RO-PAX” derejeli “Berkarar” gämisi guruldy. Geçen ýylyň dekabrynda bu döwrebap gämi Türkmenbaşy şäherine getirildi. Ony garşylamak dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Zoran Milanowiç gatnaşdylar. Şu ýylyň başynda bolsa täze gämi iş gatnawlaryny amala aşyryp başlady.

Myhman Horwatiýanyň işewür toparlarynyň giň möçberli düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylýan we maýa goýum işi üçin amatly şertleriň döredilen ýurdy bolan Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, horwat kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandyklaryny tassyklady. Şunda hormatly Prezidentimiziň şu ýyl Horwatiýa Respublikasyna boljak saparynyň türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine hem üns berip, ylym, bilim we medeniýet, sport ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Syýahatçylyk ulgamynda hem özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisinde hem bu ulgamy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna 20 ýyl dolýandygyny belläp, horwatiýaly hyzmatdaşlary bu şanly sene mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, sebitleýin ösüş we Ýewropa Bileleşigi gaznasy ministri Branko Grçiç özara bähbitlere hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly türkmen-horwat hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dražen Hrastiç gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter