Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

опубликованно 10.02.2015 // 878 - просмотров
 

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Liderine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň mähirli salamany we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Rifat Hisarjyklyoglu öz ýurdunyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Türkiýede milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda doganlyk türkmen halkynyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleriniň ruhubelentlik bilen kabul edilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan etdi we Türkmenistanyň hem türkiýeli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge meýillidigini nygtady. Munuň üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belläp, şu gün Aşgabatda açylýan däp bolan işewürler forumynyň bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Gatnaşyklaryň köpýyllyk üstünlikli tejribesi bolsa şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, dürli ulgamlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda yzygiderli geçirilýän pudaklaýyn sergilerine we işewürler maslahatlaryna möhüm orun degişlidir. Bu çäreler Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň telekeçiler düzümleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň mart aýynda Türkiýe Respublikasyna boljak saparynyň çäklerinde göz öňünde tutulýan nobatdaky maýa goýum maslahaty hem şu maksatlara gönükdirilendir

Jenap Rifat Hisarjyklyoglu ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilen türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny nygtap, döwlet Baştutanymyza türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Aşgabatda geçirilýän şu sergä gatnaşýanlaryň düzümi hem Türkiýäniň kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna we taslamalary durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu sergide Türkiýäniň önüm öndürijileriniň eksport harytlarynyň dürli görnüşleri görkezilýär.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, özara bähbitlere kybap gelýän uzakmöhletleýin we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan netijeli ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter