Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

опубликованно 11.02.2015 // 916 - просмотров
 

Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmak ýaly üýtgewsiz ýörelgesine eýermek bilen, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen Saglyk ýoluny geçdi.

Sportuň ençeme görnüşleri bilen meşgullanýan döwlet Baştutanymyz öz şahsy göreldesi bilen, watandaşlarymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirip, milleti sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi milli maksada öwrüldi. Ol türkmen jemgyýetini jebisleşdirip, “tutuş dünýä” bilen bilelikde ýaramaz endiklere garşy göreşmäge we türkmenistanlylaryň, ozaly bilen ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýär.

Milli Liderimiz bu belent maksadyň döwletimiz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygy barada aýtmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, umumyhalk sport we bedenterbiýe medeniýetiniň öz-özünden döremeýändigine örän oňat düşünýär. Şonuň üçin jemgyýetiň wezipesi adamlarda çagalykdan başlap, sport bilen meşgullanmak endigini döretmek, netijede bolsa saglygy, ruhubelentligi, erk-islegi berkitmek örän möhüm bolup durýar. Milletiň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesini amala aşyrmak boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegidir.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 2011-2020-nji ýylar üçin milli maksatnamasyny” amala aşyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda her ýyl sport-sagaldyş desgalarynyň onlarçasy bina edilýär. Döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy netijesinde sport mekdepleri we umumy bilim berýän çagalar edaralary gurulýar.

Bulardan başga-da, Türkmenistanda dürli sport çäreleri — ýaryşlar, birinjilikler, çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, her ýyl “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” diýen şygar astynda geçirilýän ýaryşlar däbe öwrüldi.

Halkara Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen hyzmatdaşlykda sportuň ençeme görnüşleri, şol sanda Türkmenistan üçin täze bolan awtomobil, hokkeý, figuralaýyn typmak, suwdaky görnüşleri ösdürilýär.

Şu aýda ýaş türkmen türgenleri Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen halkara ýetginjekler ýaryşynda ýurdumyz üçin sportuň görnüşinde — şort-trekde Türkmenistan üçin ilkinji medallary gazandylar.

Türkmenistanda halkara derejesindäki iri ýaryşlary geçirmek sporty ösdürmek babatda türkmen döwletiniň hyzmatlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Munuň şeýledigini Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda çözgüdi hem tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, dünýäniň 62 ýurdundan türgenleri birleşdirjek abraýly Oýunlary kabul etmek hukugyna eýe boldy.

Sportuň 21 görnüşinde, şol sanda konkur we göreş boýunça medallar ugrunda bäsleşiljek bu iri sport ýaryşlarynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde halkara abraýyny artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmek, onuň hataryna ýaşlaryň köpsanlysyny çekmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurulýan Merkezi Aziýada iri Olimpiýa şäherjiginde geçiriler, ol desgalaryň 30-dan gowragyny öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz sport çärelerine, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurulýan sport desgalarynyň açylyş dabaralaryna yzygiderli gatnaşyp, sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň türkmen jemgyýetinde kada öwrülmegi üçin ähli şertleri döretmegiň, şol sanda wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň möhümdigini belleýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty wagyz etmekde şahsy göreldesi, ägirt uly tagallalary köpçülikleýin sport-bedenterbiýe hereketiniň hataryny artdyrýan türkmenistanlylaryň müňlerçesini ruhlandyrýar.

Köpetdagyň eteginde gurlan Saglyk ýoly sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar. Bu pyýada geçilýän ýol aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine, iri sport we medeni çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Tebigatyň bu gözel künjeginde türkmen baharynyň ýakynlaşanlygy aýratyn duýulýar, dag eteginiň ýaşyl begresi onuň buşlukçysy bolup durýar. Ýene biraz wagtdan bu ýerler göwnüňi göterýän dürli reňkli we ysly gülleriň we otlaryň mekanyna öwrüler.

Dag üstünden Aşgabadyň gözel görnüşi açylýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi ir säherde has-da ajaýyp görünýär. Onuň belent ymaratlary we özboluşly binalary, köpsanly çüwdürimleri gündogar ertekisini ýadyňa salýar, onda şäherimiz ak mermerden ýasalan ajaýyp gül kimin daş-töwerege gözellik çaýýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň tutuş dowamynda ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bag ekmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda tebigaty, biologik köpdürlüligi we tebigy ýerleri goramak, şol sanda “Howanyň üýtgemegi baradaky milli strategiýany” we “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde aýawly saklamak babatda giň gerimli işler geçirilýär. Milli Liderimiz ýol ugrunda öz egindeşleri bilen söhbetdeşlikde sportuň we ekologiýanyň özara baglydygyny, ozaly bilen, adamlaryň saglygyna oňaýly täsir etmegi bilen baglydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigatyň bu künjeginde seýilgäh zolaklaryny we dynç alyş ýerlerini gurmaga, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin dynç almaga amatly şertleri döretmäge aýratyn üns bermegiň gerekdigini aýdyp, bu ýerde bag oturtmak işleriniň ýerli tebigy-howa şertlerini nazara almak bilen geçirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Saglyk ýolunyň hemişe bolşy ýaly, köp kilometrlik bölegini geçip, onuň käbir ýerlerini ylgamak bilen dowam etdi.

Döwlet Baýdagy dikilen Saglyk ýolunyň iň ýokarky meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy serhetçi serkerdeler we esgerler garşylap, döwlet Baştutanymyza dag ýolunyň ýagdaýy hakynda hasabat berdiler.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, harbylaryň durmuşy we gullugy bilen gyzyklandy hem-de eziz Watanymyzyň öz gerçek ogullaryna tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýtdy. Olar öz ata-babalarynyň şöhratly däplerini dowam edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda hüşgärlik bilen durup, harby we watançylyk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýärler.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, hünärine ussat işgärleri, hemmetaraplaýyn ösen esgerleri taýýarlamagyň we terbiýelemegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleri nygtap, esgerleri harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek, olary beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmak şolaryň möhüm bölegi bolup durýar diýip belledi.

Saglyk ýolunyň meýdançalarynyň birinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň bu düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hakynda habarlaryny diňledi.

Milli Liderimiz harby lybaslary döwrebaplaşdyrmak boýunça hödürlenen eskizleri, şeýle hem beýleki shemalary synlap, döwletimiziň bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hakynda hemişe alada etjekdigini aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoluny geçip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde welosipedli şol ýerden uzakda bolmadyk stadiona tarap ugrady.

Hut hormatly Prezidentimiziň şahy göreldesi netijesinde welosiped sporty uly meşhurlyga eýe bolup, şäher ilaty hereket şatlygyny we gujur-gaýraty duýmak üçin ekologik taýdan arassa iki tekerli ulagy özleşdirýärler.

Stadionyň ýanynda milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz öz egindeşlerine ýüzlenip, ýokary üstünlikler sportuny we bedenterbiýe-- köpçülikleýin hereketini wagyz etmek we ösdürmek, oňa ilatyň ähli gatlaklaryny, aýratyn-da ýaşlary giňden çekmek bilen bagy bolan meseleleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milletiň saglygy, belent ynsanperwer we ahlak gymmatlyklaryna ygrarly bolan beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli terbiýelemek döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleri bolupdy we şeýle bolmagynda galar.

Soňra milli Liderimiz hökümet agzalaryna iki topara bölünip, futbol oýnamagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz ýaryşa tomaşa edip, welosipedli futbol meýdançasynyň daşyndan aýlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşlerine birnäçe anyk görkezmeleri berip, hemmelere berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat we işde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter